Press reliz

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi maýyplygy bolan ýaşlaryň adam hukuklary barada mümkinçiliklerini artdyrýar

16 oktýabr 2022

  • BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky konwensiýasy boýunça maýyplygy bolan ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin üç günlük okuw geçirdi. Çärä Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny öňe sürýän we goraýan ýaş liderler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Üç gün dowam eden okuwyň dowamynda gatnaşyjylar BMG-niň Adam hukuklary babatynda ülňüleri we adam hukuklaryny goramagyň halkara mehanizmleri barada bilimlerini artdyrdylar. Ýaş liderler BMG-niň maýyplygy bolan adamlary jemgyýetiň durmuşuna gatnaşmagyny üpjün etmek strategiýasynyň maksatlary, şeýle hem deňlik, diskriminasiýa ýol bermezlik boýunça halkara ülňüleri, Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky konwensiýasynyň düzgünleri we bu konwensiýany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda wagyz-nesihat we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagy ýaly meseleler bilen tanyşdylar.

“Maýyplygy bolan ýaşlar, maýyplyk meselesi barada habardarlygy ýokarlandyrmakda we inklýuziw, hem-de açyk jemgyýetleri öňe sürmekde möhüm orna eýedir" – diýip, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölüminiň ýaşlar meseleleri boýunça utgaşdyryjysy Ýulia Wotslawa aýtdy.

BMG-niň Adam Hukuklary baradaky müdirligi Türkmenistanyň Hökümetine we maýyplygy bolan adamlara Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky konwensiýasyny durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardyr. BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi ozal Gyrgyzystan Respublikasynda we Özbegistanda mümkinçilikleri artdyrmak boýunça şuňa meňzeş çäreleri amala aşyrdy.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz