Zenanlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak inçekeseliň wagtynda anyklanmagyna ýardam berýär
Aknur öz ýoldaşy, üç çagasy we gaýyn atasy bilen Aşgabat şäherinden günbatarda iki sagat uzaklykda ýerleşen Bäherden obasynda ýaşaýar
Onuň gaýyn atasy kesellände, olar bu kesele ýönekeý sowuklamadyr öýtdi. Şeýle-de bola, üç hepdeden soň hiç hili gowulaşma bolmady. Öz iş ýerinden Aknur Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, Zenanlar birleşiginiň wekilleri we hassahananyň inçekesel boýunça hünärmeni tarapyndan guralan maglumat beriş ýygnagyna gatnaşdy. Ýygnagyň dowamynda Aknur inçekeseliň nämedigi we bu keseliň alamatlary barada öwrendi. Ol özüniň gaýyn atasynyň bu keselden ejir çekýändiginden gorkup, ýygnakdan soň inçekesel boýunça hünärmeniň ýanyna gelip, ondan kömek sorady.
Inçekesel boýunça hünärmen zolak boýunça nobatçylyk eden inçekesel boýunça lukmany çagyrdy we Aknuryň gaýyn atasy inçekesele barlanmak üçin barlaghana iberildi. Şonda Aknuryň gaýyn atasynyň 2015-nji ýylda inçekesele garşy bejergi alandygy ýüze çykaryldy, emma bu barada diňe onuň lukmany we aýaly bilýärdi. Haçan-da adam ýene-de kesellände we üsgürip başlanda, onuň hassahana gidesi gelmeýärdi. Aknur barlaghana derňewleriniň we lukmançylyk barlagynyň geçirilmegini gazandy, netijede onuň gaýyn atasynda ýene-de inçekesel anyklandy.
2018-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi zenanlara gönükdirilen okuwlaryň üsti bilen ilatyň inçekesel we beýleki ýokanç keseller barada habarlylygyny galdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek ugrunda maglumat beriş kampaniýasyny geçirmek boýunça bilelikdäki iş meýilnamasyna gol çekdiler. Okuwlar özleriniň we öz maşgalalarynyň saglygy we abadançylygy ugrunda has köp bilmäge isleg bildirýän erkekler üçin hem açykdy.
Şeýle maglumat beriş ýygnaklarynda saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri adamlar bilen inçekesel we onuň alamatlary barada gürrüň edýär we maslahatlary berýän inçekesel boýunça hünärmenleriň elýeter bolmagyny üpjün edýär, ýüze çykan soraglary belleýär we, Aknuryňky ýaly ýagdaýlarda, mümkin bolan näsaglary lukmanlara ýollaýar
“Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň Türkmenistanda BMG-niň Ösüş gaznasynyň üsti bilen durmuşa geçirilýän Bütindünýä gaznasynyň grantynyň çäginde köpýyllyk tejribesi bar. BMG-niň Ösüş gaznasynyň we Bütindünýä gaznasynyň taslamalarynyň çäginde işlemek biziň guramamyz üçin mümkinçilikleri giňeltdi, şeýlelik bilen, häzir biziň özümiziň inçekeseliň öňüni almak boýunça maksatnamany işläp düzmäge we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýeten netijelerimizi giňeltmäge ukybymyz bar” diýip, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň wekili belledi. Inçekesel meselesiniň tutuş jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy bilen çözüp bolýandygy barada ylalaşyldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen bilelikde biz tutuş ýurduň içinde dokma we ýüplük senagatynda işleýän 3345 sany zenanyň gatnaşmagynda 21 sany ýygnagy geçirdik.”
Türkmenistanyň Hökümeti jemgyýetçilik saglygyny öňde goýýar we inçekeseli ýok etmäge aýratyn üns berýär. Anyklaýşyň we bejerginiň häzirki zaman usullary arkaly, inçekeseliň derejesi (kesellilik we ölüm derejesi) soňky 10 ýylyň içinde uly derejede peseldi.
Tiz anyklaýyş ýurduň her welaýatynda elýeter bolup, mugt lukmançylyk bejergisi hem ähli adamlar üçin elýeterdir. Ýörite şepagat uýalary we lukmanlar her näsagyň içýän dermanlaryna gözegçilik edýär we her näsagyň bejergisiniň ýagdaýy barada ýygy-ýygydan maslahatlary geçirýär. Ýetilen sepgitleriň durnuklylygyny hem-de adamlaryň keseliň irki alamatlaryndan habarlylygyny üpjün etmek we olaryň lukmanlara ýüz tutmaklary üçin, köpçülikleýin bilim beriş ýaly öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmek möhüm. Çünki, bu ýagdaýda keseli irki tapgyrlarda ýüze çykaryp we ony bejerip bolýar.
“Köplenç, adamlar öz saglygyny barlamak we keselini ýüze çykarmak üçin lukmany çagyrmaýar. Gynansak-da, adamlar, käwagt, her ýyllyk lukmançylyk barlaglaryna hem barmaýar. Köp adamlar üçin wagtyň çäkliligi, öý işleri we beýleki ýumuşlar öz saglygyna üns bermek zerurlygyndan ýokary çykýar. Netijede, adamlar lukmanyň görkezmesi bolmazdan dermanlary içýär we inçekesel ýaly käbir howply keselleriň alamatlaryny ret edýär” diýip, inçekesel boýunça hünärmen Amansoltan Gurbanowna belledi. “Hut şonuň üçin, biziň geçirýän maglumat beriş ýygnaklarymyz Aknuryň ýagdaýy ýaly, adamlara özüniň, öz maşgala agzalarynyň ýa-da goňşularynyň saglygy bilen meseläniň bardygyna göz ýetirmäge we ýokary derejede hünärli we tiz lukmançylyk maslahatyny almaga ýardam berýär”.
2019-njy ýylyň ortasynda başlanan maglumat beriş ýygnaklarynyň netijesinde, 114 sany adam özüniň umumy saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri boýunça professional maslahatlara ýollanyldy, 60 sany adam bolsa inçekesel boýunça barlaghana derňewinden geçmäge ugradyldy.
***
BMG-niň Ösüş maksatnamasy 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda AIDS-e, inçekesele we malariýa garşy göreşmek boýunça Bütindünýä gaznasynyň grantyny alyp barýar. Grant inçekeseliň ähli görnüşleriniň irki tapgyrlarda we ýokary derejede anyklanylmagyny, inçekeseliň ähli görnüşleriniň ýokary derejede bejerilmegini hem-de inçekesel boýunça maksatnama ýokary derejede gözegçilik edilmegini we oňa bahanyň berilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Bütindünýä gaznasyndan “milletara grantyny” durmuşa geçirýär, şondan soň Türkmenistanyň Hökümeti inçekesele garşy göreşmek boýunça doly derejede döwlet tarapyndan maliýeleşdirilen milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün eder.