Press reliz

USAID we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, inçekesele gözegçilik etmek boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlaýar

09 iýun 2023

2023-nji ýylyň 15-nji maýyndan 9-njy iýunyna çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID), Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sanitariýa we epidemiologiýa hünärmenleriniň ukybyny ýokarlandyrmak üçin inçekesel ýokanjynyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek boýunça birnäçe tälim okuwlaryny geçirdiler.

“Merkezi Aziýada derman serişdelerine garşy durnukly inçekeseliň (DD-inçekesel) öňüni almak, ony ýüze çykarmak we bejermek” taslamasynyň çäginde gatnaşyjylar täze görkezmeler bilen tanyşdylar, inçekeseliň ýaýramagy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we inçekesel ýokaşmagyna gözegçilik etmegiň iýerarhiýasy şol sanda administratiw, inženerçilik we respirator/dem alyş babatynda gorag çäreleri barada pikir alyşdylar. Okuw inçekesele garşy gözegçilik meýilnamasyny işläp düzmek bilen tamamlandy.

Bu tagallalar inçekesel ýokanjy babatynda tassyklanan Milli gollanmalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. USAID-iň Global inçekesel (TB) strategiýasynda we BSGG-niň inçekeseli ýok etmek strategiýasynda göz öňünde tutulşy ýaly Türkmenistan bu görkezmeleri durmuşa geçirmek arkaly  inçekeseliň ýokaşmagyny azaltmak bilen inçekeseliň keselçiligini we ölümçiligini azaltmagy maksat edinýär.

USAID – dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi bolup durýar.  Merkezi Aziýada USAID-iň alyp arýan işleri barada has giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterlidir https://www.usaid.gov/central-asia-regional.

Altynaý Işangulyýewa

BSGG
BMG-niň meýletinçisi, Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz