Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy ýaşlary parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ugrunda işjeň bolmaga çagyrdy

31 oktýabr 2023

Aşgabat, 30-njy oktýabr, 2023 ý. -  BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko “Halklaryň dostlugy – ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili” atly Ýaşlaryň halkara maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnaldy. 

Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, BMG-niň Türkmenistandaky dürli agentlikleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. 

Maslahatyň maksady ýaşlaryň halklaryň arasyndaky dostlugy we düşünişmegi pugtalandyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň arasyndaky dialogyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, ýaşlaryň parahatçylygy üpjün etmek we töwekgelçilikleriň öňüni almakdaky orny, şeýle-de halkara ösüş ulgamynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler ýaly temalary ara alyp maslahatlaşdylar.  

Jenap Şlapaçenko öz çykyşynda halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda ýaşlaryň möhüm orun eýeleýändigini, sebäbi olaryň täze medeni we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny özleşdirmäge, başga ýurtlardan we medeniýetlerden adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge höwesdediklerini belledi. Mundan başga-da, jenap Şlapaçenko Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileriniň halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda we ýaşlar üçin ýagty geljegi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändiklerini aýtdy. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Ýaş ilçileriň goşandynyň örän möhümdigini jenap Şlapaçenko aýratyn belläp geçdi. 

Maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň global meseleleri çözmäge gatnaşmaklarynyň zerurdygyny bellediler we olary parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işlere işjeň gatnaşmaga çagyrdylar. Maslahat konstruktiw we dostlukly ýagdaýda geçirilip, oňa gatnaşyjylar halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk has hem artjakdygyna ynam bildirdiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz