Press reliz

Türkmenistanda sebit derejesinde BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty geçirildi

12 noýabr 2023

2 gün dowam eden TAMUN maslahatyna Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100-den gowrak ýaşlar gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanda BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty (TAMUN) geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi (UNOCT), BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş gullugy (UNODC), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA), BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy (UNRCO), BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasy (OHCHR) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy bilen bilelikde gurnamagynda geçiriler. Çäre Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan bütindünýä başlangyjyň çäginde gurnaldy. 

Dürli ýaşlar guramalary çäräniň gurnalmagyna uly goşant goşdular. Taşkentdäki Westminister halkara uniwersitetiniň ýaş bilermenleri maslahaty gurnamaga ýardam berdiler we maslahata gatnaşyjylary BMG usulyndaky maslahatyň düzgünleri we geçiriliş tertibi bilen tanyşdyrdylar. “Merkezi Aziýada neşe serişdelerinden azat, sagdyn, howpsuz we ygtybarly jemgyýet üçin hereket edýän ýaşlar guramalarynyň we ýaş ýolbaşçylarynyň sebitleýin torunyň” wekilleri hem çärä gatnaşdylar we maslahatyň neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almak bilen bagly meseleler boýunça sessiýasynda çykyş etdiler. Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri we UNRCCA-yň Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymlary hem çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşdular. 

2 gün dowam eden TAMUN maslahatyna Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Olar BMG-niň 4 komitetiniň işini simulirlediler (simulýasiýa etdiler): 

     1. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň işi: ýaşlaryň ekstremizmiň onlaýn propagandasynyň öňüni almakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmak; 

     2. BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň işi: adam söwdasy we onda ulanylýan tehnologiýalar; 

     3. BMG-niň Adam hukuklary baradaky komitetiniň işi: 

     4. BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň işi: Merkezi Aziýada serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almak. 

Maslahatyň dowamynda geçirilen tematiki sessiýalar we plenar gürrüňdeşlikler bolsa maslahata gatnaşyjylar üçin BMG-niň halkara bilermenleri bilen gürrüňdeş bolmak we pikir alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. 

Jemläp aýdylanda, TAMUN maslahaty Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin BMG-niň we halkara gatnaşyklary ulgamynyň işi bilen içgin tanyşmak, şeýle hem pikir döretmek, diplomatiýa we toparlaýyn iş usullaryny özleşdirmek üçin mümkinçilik döretdi. Maslahat BMG-niň ýokarda görkezilen agentlikleriniň we USAID-yň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada global meseleleri çözmek hem-de parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak boýunça alyp barýan işlerine möhüm goşant goşdy. 

BMG usulyndaky maslahat (Model United Nations ýa-da Model UN) synpdan daşary gurnalýan çäre bolup, oňa gatnaşýan ýaşlar BMG-niň agza ýurtlarynyň wekilleriniň keşplerini ýerine ýetirýärler we BMG-niň dürli mejlislerini simulýasiýa edýärler. Degişli bilimler bolan ýokary synp okuwçylary ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen gurnalýan bu maslahat, BMG-niň agza ýurtlaryndan ýaşlary özüne çekýär we dürli simulýasiýalar arkaly ýaşlara häzirki global meselelere we BMG-niň alyp barýan işleriniň möhümdigini düşündirmäge gönükdirilen. 

Bu başlangyç Türkmenistanda 2022-nji ýylda işe girizilip, onuň maksady UNODC-nyň Türkmenistanda okuw materiallaryny ýaýratmak baradaky başlangyjyny we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň UNOCCT, UNRCCA, OHCHR agentlikleriniň we USAID-yň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy bilen bilelikde alyp barýan başlangyçlaryny öňe sürmekden ybarat.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNOCT
United Nations Office of Counter-Terrorism
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz