Press reliz

BMG-Habitat-yň wekiliniň Türkmenistana nobatdaky sapary

14 dekabr 2023

2023-nji ýylyň 10-14-nji dekabrynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Global Çözgütleri Deparatamentiniň Programmalar Bölüminiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleri boýunça maslahatçysy hanym Katýa Şafer Türkmenistanda saparda boldy. Ol “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Halkara Foruma we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin geldi.

Saparyň dowamynda hanym Şafer Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde birnäçe duşuşuklar geçirdi, şeýle-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we döwlet edaralary bilen Tegelek stol görnüşinde geçirilen ýygnagyna gatnaşdy. Duşuşyklarda “Şäherlerde has gowy gelejege tarap: Türkmenistanda öz içine alyjy, ygtybarly, berk we durnukly şäherlere we jemgyýetlere tarap” atly Konsepsiýa boýunça gürrüňdeşlikler we maslahatlar geçirildi.

Taraplar geljek ýylda şäher taslamalary düzmekdäki durnukly tejribeleri öňe sürmek we BMG-Habitat-yň Türkmenistanda edarasyny açmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar. Duşuşyklara BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko hanym Şafer bilen bilelikde gatnaşdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz