Press reliz

Türkmen ýaşlary 2023-nji ýylda gazanan üsütnliklerini görkezdiler

28 dekabr 2023

27-nji dekbar, Aşgabat – Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda ähmiýetli waka -  türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini görkezýän Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçirildi.

Çärä BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Narine Saakýan, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we ýurtdaky diplomatik korpusyň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Forumyň we köpugurly serginiň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň 2023-nji ýylda bilim, ylym, sport, medeniýet, senagat, oba hojalygy we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünlikleri görkezildi. Bu üstünlikler ýaşlaryň ýurduň ösüşine goşýan goşandyny we olaryň ýurduň abraýyny saklamak hem-de ýokarlandyrmakda möhüm orn eýeleýändiklerini görkezdi. Çäre terjribe we pikir alyşmak platforma öwrüldi, şeýle hem ýaşlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmeklerine itergi boldy.

Öz çykyşynda hanym Saakýan ýaşlary goldamagyň we olaryň durnukly ösüşe goşýan goşandynyň möhümdigi barada aýtdy. Onuň bu çärä gatnaşmagy BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýaşlar babatynda başlangyçlary öňe sürmek we goldamakda möhüm orun eýeleýändigini görkezdi. 

Şeýle hem çäräniň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana ýaşlar syýasatynda, ulag ulgamynda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklaryna eýe boldy. Hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Hökümetine şu sylaglary gowşurdy:

  • Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň adyndan Hoşallyk haty;
  • «Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlandyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänama;
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Gauting Supramilli Referens barlaghanasy tarapyndan Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasynyň molekulýar barlaglarynyň hiline daşarky baha beriş işleriniň üstünlikli geçirilendigini tassyklaýan üç sany güwänama;
  • «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnama;
  • «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnama;

Ýaşlar maslahaty we sergisi türkmen ýaşlarynyň geljek üçin mümkinçiliklerini görkezýän ähmiteli waka boldy, şeýle-de ýurduň dürli ugurlarda ýokary standartlara ýetmek isleýändigini görkezdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz