Press reliz

BSGG Türkmenistanda orta mekdep okuwçylary üçin immunizasiýa boýunça saglyk okuwlaryny geçirýär

16 ýanwar 2024

2024-nji ýylyň 16-nji ýanwary. Aşgabat, Türkmenistan – 2023-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ofisi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde umumy bilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň arasynda öňüni alyş sanjymlarynyň, sagdyn iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň ähmiýeti barada düşündiriş sapaklary arkaly wagyz-nesihat çärelerini geçirdi. Iki aýyň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan taýýarlanan 20 maşgala lukmanlary we immunologlary, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky 30 orta mekdeplerde 1800-den köp okuwçyar bilen ýokanç kesellerden goranmagyň usullary we sagdyn durmuş endikleri boýunça sapaklar geçirdiler.

Bu sapaklar COVID-19 ýokanjy sebäpli dörän ýagdaýa garşy göreşmek çäreleri boýunça Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin BSGG-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamasynyň (CACCR) çäginde Türkmenistanyň Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Köneürgenç, Mary, Baýramaly, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde gurnaldy. 

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde okaýan çagalar elleri dogry ýuwmakdan başlap, immun ulgamy, sanjymlar we ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm mowzuklar barada öwrendiler. Bu sapaklaryň dowamynda mekdep okuwçylary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan orta mekdep okuwçylary üçin immunitet we sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky bilimleri güýçlendirmek üçin işlenip düzülen “Immun patrul” sanly modul düşünjesi bilen tanyşdylar.

Interaktiw sapaklara gatnaşan mekdep okuwçylary BSGG-dan ýadygärlik sowgatlar aldylar.

Mekdeplerde geçýän okuw sapaklarynyň daşyndan bu goşmaça wagyz-nesihat çäreler okuwçylaryň ýokanç keseller we olaryň saglyga ýetirýän täsirleriniň baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem çagalara, olaryň maşgalalaryna we dostlaryna, öňüni alyş çäreleri görmäge we sagdyn durmuş ýörelgelerine sagdyn garaýyşlary döretmäge, sanjymlaryň netijeliligine we howpsuzlygyna bolan ynamy güýçlendirmäge üçin döredildi.

2024-nji ýylda BSGG Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin direktory #Youth4Health (Ýaşlar saglygyň tarapdarlary) ýörite başlangyjynyň çäginde, Türkmenistanyň ýaşlaryny saglyk we abadançylyk meselelerine çekmegi dowam etdirer.

Altynaý Işangulyýewa

BSGG
BMG-niň meýletinçisi, Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz