Bütindünýä çagalar gününde Türkmenistanyň çagalary milli ýygyndy toparyň futbol oýnuna gatnaşýar
21 noýabr 2019
- Futbol boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda şu hepdäniň başynda Aşgabatda geçirilen seçip alyş oýnunda Bütindünýä çagalar gününi we Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň şanly 30 ýyllygyny bellemek üçin, çagalar oýunçylaryň ýany bilen çykdy.
Ýigrimi iki sany gyz we oglan, şol sanda mümkinçiligi çäkli çagalar oýna gatnaşan futbol oýunçylaryny we 26 müň futbol muşdagyny garşy aldy. Bütindünýä çagalar güni bilen baglanyşykda, ýörite gutlag aýdyldy we bu waka mynasybetli ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň ähli çagalary üçin muzdsuz esasda gutlag bannerleri hem ýerleşdirildi.
«Men ilkinji gezek stadiona geldim. Men köp şadyýan adamy gördüm we olar bilen bile begendim» diýip, Daunyň sindromyndan ejir çekýän 8 ýaşly Mähek Aýazowa aýtdy.
«Men futbol oýunçysy bilen birinji durdum. Ol meni elimden saklap durdy. Meniň hem ol ýaly türgen bolasym gelýär» diýip, 6 ýaşly Wlad Abaseýew aýtdy.
ÝUNISEF bu pikiri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirdi. Bu başlangyç çaganyň hukuklaryny goramak maksady bilen sportuň birleşdiriji güýjüni bellemäge gönükdirilendi. Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen 2019-njy ýylyň Aziýa konfederasiýasynyň Grassruts festiwalynyň dowamynda çagalar üçin futbol festiwalyny gurady. Bu festiwala Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 6-12 ýaş aralygynda 300-e golaý çaga, şol sanda mümkinçiligi çäkli çagalar gatnaşdy.
«Biz çagalary sportuň üsti bilen kämilleşdirmekde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga örän şat we geljekde federasiýa bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösjekdigine umyt edýäris» diýip, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weýgan aýtdy.