"Raýatlyk bilen men özümi talaba laýyk duýaryn"
Türkmenistandan Anna, öz çagalaryna täsir edýänçä, resminamalarynyň ýoklugy barada alada etmedi.
Mariko Holl (Mariko Hall), BMGBIÝK-yň daşarky gatnaşyklar boýunça hünärmeni, we Baljan Oşakbaýewa (Balzhan Oshakbayeva), hukuk goragy boýunça hünärmen.
Anna, durmuşynyň köp böleginde, özüni Russiýanyň raýaty hasap edýärdi. Anna 1990-njy ýyllaryň başynda, haçan-da ol 5 ýaşynda wagty, Aşgabada geldi. Raýatlygy baradaky soraglara, ol hemişe men Russiýanyň raýaty bolup durýaryn diýip, jogap berýärdi.
We diňe birnäçe ýyl mundan ozal, haçan-da olar ejesi bilen Russiýanyň ilçihanasyny zyýarat edenlerinde, onda Russiýanyň raýatlygynyň ýokdugyna şaýatlyk edýän resminamalar ýüze çykdy. Anna, onuň diňe Russiýanyň raýaty däl-de, eýsem dünýäniň hiç bir ýurdunyň raýaty däldigini – onuň apatrid bolup durýandygyny, birden aňdy.
"Haçan-da meniň raýatlygymyň ýokdugy barada öwrenenimde, men şeýle bir aljyradym,” – diýýär Anna.
Dürli nesiller üçin raýatlygyň bolmazlygynyň netijeleri
Haçan-da Anna ýaňy garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistana geleninde, entek çaga wagty ony çagalar bagyna ýerleşdirdilerm soňra bolsa Aşgabatda başlangyç we orta mekdebini tamamlady. Ol türkmen dilini öwrendi we täze öýde öwrenişdi, ýöne şol bir wagtyň özünde, özüni Russiýanyň raýaty diýip hasaplaýardy.
Haçan-da uly ýaşly bolup, ol dogluş hakynda şahadatnamasyny ýitirende, şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň ýoklugy sebäpli meselelere duçar bolanda hem, bu ýagdaý onda üýtgeşik bir ynjalyksyzlyk döretmedi. Anna resmi däl ýagdaýda işleýärdi, ilki bilen 25 ýaşy dolýança çenli ofisiant bolup, soňra bolsa dürli işler, mysal üçin arassaçylyk işleri bilen meşgullanýardy.
“Raýatlyk hakynda resminamalaryň ýoklugy sebäpli, mende meseleler döreýärdi, emma men muňa düýpli ähmiýet bermeýärdim”, - diýýär Anna. “Men, diňe mende çagalarym bolanda, muňa ähmiýet berip başladym”.
Haçanda Annanyň iki çagasy dogulanda, olary bellige alyp bilmediler, sebäbi onuň şahsyýetini we raýatlygyny tassyklaýan resminamalar onda ýokdy. Şol sebäpden onuň iki çagasy hem raýatlyksyz galdylar.
Türkmenistanda raýtlygyň bolmazlygy
Apatrid – bu hiç bir ýurt tarapyndan raýat hökmünde seredilmeýän adamdyr. 2023-nji ýylyň ortasy ýagdaýy boýunça Türkmenistanda 3 351 sany apatrid ýaşaýardy. Olaryň aglabasy – öňki Sowet Soýuzynyň öňki raýatlary ýa-da olaryň Türkmenistanyň raýatlygyny entek almadyk ýa-da barlygyny tassyklamadyk nesilleri bolup durýarlar. Galanlar apatrid bolup doguldylar ýa-da halkara migrasiýa sebäpli ýa-da beýleki ýurduň raýaty bilen baglaşylan nika sebäpli, raýatlyk hakynda kanunçylygyndaky boşluklar üçin şeýle boldular.
Türkmenistanda resmi taýdan tassyklanan statusly apatridlar, şeýle hem hiç hili resminamalar bolmadyk apatridlar – “kesgitsiz raýatlygy bolan şahslar” diýilip atlandyrylýan şahslar ýaşaýarlar.
Raýatlygyň barlgynyň subutnamalary ýa-da hiç hili resmi hukuk statusy bolmazdan, kesgitsiz raýatlygy bolan şahslar, bilim we lukmançylyk kömegi, zähmet üpjünçiligi we göçme erkinligi ýaly, binýatlyk hukuklaryndan peýdalnmak synanşyklarynda, köplenç kynçylyklara duçar bolýarlar. Olarda nikanyň baglaşylmagyny ýa-da, Anna bilen bolan ýagdaýda ýaly çaganyň dogulyşyny bellige almak mümkinçiligi bolman biler.
Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilen apatridlere, hökümet raýatlygy bolmadyk şahsyň şahadatnamasyny berýär. Şeýle resminamanyň barlygy, apatridlere kanuny taýdan ýurduň çäginde bolmaga, kanunalaýyk işlemäge, döwlet hyzmatlaryndan, şol sanda saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda şeýle-de, resmi taýdan zähmet üpjünçiligi, durmuş kömek pullary almak (göwrelilik we çaga dogurmak kömek pullary, çaga üçin kömek pullary, pensiýa tölegleri ýaly), muzdsuz lukmançylyk hyzmaty we çagalar üçin bilim mümkinçilikleri üçin, hemişelik ýaşaýan ýere eýeçilik hukugynyň tassyklanmagyny, her bir uly adamdan we öý hojalykdan talap edýän, sowet döwründen miras galan “hasaba alyş” (propiska) ulgamy hereket edýär. Emma, Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk şahslar hasaba alyşy alyp bilmeýärler.
“Men bu ýagdaýdan ýadadym”, - diýýär Anna. “Men ýöne resmi tölegli, resmi, abyraýly iş isleýärin”.
Annanyň çagalary Türkmenistanda dogulandyklary sebäpli, netijede olar mamalarynyň SSSR-iň möhleti geçen pasporty esasynda raýat hökmünde ykrar edildiler. Muňa garamazdan, ejesinde hasaba alyşyň ýoklugy sebäpli, 16 ýaşly Dmitriý, goşunda hökmany harby gullugy geçip bilmeýär, pasportyny alyp bilmeýär we ýokary okuw mekdebine girip bilmeýär.
2024-nji ýylyň ahyryna çenli raýatsyzlygy ýok etmek
Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça #Ibelong atly 10 ýyllyk bütindünýä çäresiniň başladlymagynyň pursadyndan başlap, Türkmenistan BMG BIÝK-yň goldaw bermegi bilen, 13 000 gowrak adamlaryň raýatlygyny resminamalaýyn tassyklap, raýatsyzlygy azaltmakda we öňüni almakda ägirt üstünlikleri gazandy. Türkmenistan, raýatsyzlyk hakynda BMG-yň eýýäm iki konwensiýasyna goşulan, Merkezi Aziýada ýeketäk ýurt bolup durýar.
2020-nji ýylda Türkmenistanda “Raýatlyk ýagdaýynyň namalar hakynda” kanun kabul edildi, oňa laýyklykda ýurtda doglan ähli çagalar, eger-de olaryň ene-atasynyň şahadatnamalary ýok bolsa hem, dogulanlarynda bellige alynyp bilýärler. 2021-nji ýylda Türkmenistanda Apatridiň statusyny kesgitlemegiň amallaryny geçirmegiň Tertibi kabul edildi.
Kanunçylykdaky bu kämilleşdirmeler, apatrid statusyny resmi taýdan tassyklatmaga Anna mümkinçilk berdiler. Raýatlygy bolmadyk şahsyň şahadatnamasy bar bolup, Anna Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin arzany berip bildi, we ony – Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek boýunça çäreleriň milli meýilnamasyna laýyklykda – ol şu ýylyň ahyryna çenli almalydyr.
“Raýatlyk bilen men özümi talaba laýyk duýaryn” – diýýär Anna. “Men özümi talaba laýyk adam we jemgyýetiň agzasy hökmünde duýaryn”.