Maryda geçirilen Ýaşlar maslahaty howanyň üýtmegi boýunça meselelere innowasion çözgütler hödürledi
09 sentýabr 2024
Türkmenistan, Mary, 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabry – Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP29) 29-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldamagynda gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi.
Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda geçirilen maslahat döwrüň daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine goşant goşmaga mümkinçilik döredýän Mary welaýatynyň dürli künjeginden gelen ýaşlar üçin möhüm waka boldy.
Maslahata ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça maksatnamasynyň müdiri hanym Karolina Milow, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, şeýle hem BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň, ÝB-niň, GIZ-iň wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasyndan soň, doktor Karolina Milow Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça maksatnamasy bilen tanyşdyrdywe Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ilçihananyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmakdaky goşandy barada çykyş etdi.
DÖM-iň ýaş ilçileri geçenki Ýaşlar maslahatlarynyň netijeleri barada çykyş edip, çäräniň mazmunyny we esasy nukdaýnazaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdiler.
Ikinji sessiýada maslahata gatnaşyjylar iş toparlaryna bölünip, olaryň her biri daşky gurşaw meseleleriniň dürli taraplaryny we mümkin bolan çözgütleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda energetika kärhanalarynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, arassa energiýa çeşmelerine geçmek, energiýany tygşytlamak we durnukly ýaşaýyş durmuşy barada halka habar bermek strategiýalarynyň işlenip düzülmegi, akylly setleriň ornaşdyrylmagy we energiýany gowulandyrmak üçin ösen tehnologiýalar, şeýle hem Türkmenistanda gün we ýel energiýasynyň ösüşini öwrenmek ýaly mowzuklar ara alyp maslahatlaşyldy.
Hünärmenler we iş toparynyň utgaşdyryjylary gatnaşyjylara maslahatyň maksatlaryny we garaşylýan netijeleri barada gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Sessiýalaryň mowzuklaryna esaslanyp, her topar Milli Ýaşlar Beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipler taýýarladylar.
Maslahatyň ahyrynda her bir iş topary öz tekliplerini hödürlediler, bu teklipler Milli Ýaşlar Beýannamasynyň Ýol kartasyna goşular.
Ýaşlar maslahaty bilen bir hatarda, Mary şäherindäki Algoritm okuw merkezinde 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky orta mekdepleriň we bilim merkezleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi boýunça Milli çagalar maslahaty geçirildi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň hünärmenleri “Howanyň üýtgemegi we Türkmenistanyň çagalary” atly mowzukda çykyş etdiler, şol sanda global ýylylyk, teplisanyň täsiri, energiýany tygşytlamak we daşky gurşawy goramak baradaky çagalar üçin maglumatlary paýlaşdylar, çagalaryň howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak üçin edip biljek hereketlerini oýun görnüşinde düşündirdiler.
Mary şäherinde geçilen Ýaşlar maslahaty ýaşlaryň global daşky gurşaw meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýandygyny we gyzyklanmasyny görkezdi.