Press reliz

BMG BÝK raýatsyzlygyň çözülmegi bilen Türkmenistany gutlaýar

08 noýabr 2024

Aşgabatdaky sebitara maslahatda gatnaşyjy ýurtlar Türkmenistanyň göreldesine eýermäge çagyryldy

Surat: © UN RCO Turkmenistan

2024-nji ýylyň 8-nji noýabry, Aşgabat – 10 ýurtdan wekiller şu gün Aşgabat şäherinde, Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykylmagyna hem-de bu maksada ýetilmeginde sebitiň netijelerini dabaralandyrylmagyna bagyşlanan Ministrleriň maslahatynda ýygnanyşdylar.

“Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy” atly Aşgabatda geçirilýän ministrleriň maslahaty, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň, şeýle hem BMG-niň agentlikleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarlygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi tarapyndan gurnaldy.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Merkezi Aziýa raýatsyzlykmeselelerini çözmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýerleri eýeleýär. Gyrgyzystan Respublikasy we Türkmenistan bolsa, raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözen dünýäde ýeketäk ýurtlar bolup durýarlar.

Maslahatda Türkmenistanyň Hökümetiniň  wekili bu maksada ýetmek boýunça ýurduň tagallalary babatda jikme-jik gürrüň berdi hem-de bütin dünýäde adamlaryň raýatlygynyň bolmagyny üpjün etmek üçin beýlekileri goşulmaa çagyrdy. Hususan-da, Türkmenistan tarapyndan dogluşlaryň ähliumumy bellige alynmagyny üpjün etmek üçin raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunyň we “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň” kabul edilendigi, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahsyň statusyny kesgitlemegiň jikme-jik amalyň döredilendigi babatda bellenildi.

Galan 1146 sany raýatlygy bolmadyk şahslara pasportlary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi, bu bolsa ýurtdaky raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözmegiň amalyny tamamlamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň bütin dünýäde raýatsyzlygyň öňüni almak we raýatlygy bolmadyk şahslary goramak üçin esasy resminamalar bolup durýanwe 1954-nji ýylyň “Apatridleriň statusy hakynda” Konwensiýa hem-de 1961-nji ýylyň “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýa goşulmagy onuň aýratynlygy bolup durýar.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Hukuk goragyň jähtleri boýunça jogapkärçilik çekýän BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunçaÝokary Komissarynyň kömekçisi, hanym Ruwendrini Menikdiwela gazanylan üstünlik bilen, Türkmenistany gutlady. “Biz, raýatsyzlygyň ähli bilinýän ýagdaýlaryny çözmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna we durnukly ösüş amalyndan gyrada galmazlygyň üpjün edilmeginde onuň üýtgewsiz meýilliligine ýokary derejede baha berýäris” – diýip belledi. “Soňky onýyllykda sebitiň döwletleri düýpli ösüş gazandylar, we dünýädäki raýatsyzlygyň her bir üçünji ýagdaýy Merkezi Aziýada çözüldi. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlaryny çözen, dünýäde birinji kiçi sebit bolup biljegi çak edilýär”.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Bütin dünýäde milýonlarça adamlara doly derejede öz hukuklaryndan peýdalanyp bilýän we jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýän raýatlykdan ýüz öwrüldi. Sebäbi diňe döwletler raýatlygy berip bilýärler ýa-da raýatlygy tassyklap bilýärler, raýatsyzlygyň öňüni almakda we ony azaltmakda hökümetleriň hyzmatdaşlygynyň çözüji ähmiýeti bardyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünlikleri geljekki nesiller üçin uly orny eýelejek bitewi jemgyýetler üçin çözgütleriň toplumy bolup durýar. Her bir nobatdaky nesil raýatlygy bolmadyk şahsyň statusynda dogulmagynyň ýerine, eýýäm raýatlygy berilenlerden miras hökmünde raýatlygy alarlar, bu bolsa müňlerçe adamlar üçin täze mümkinçilikleri döredýär we jemgyýete ornaşmaklaryny gowulandyrýar.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Häzirki wagta çenli Merkezi Aziýada 30 000 gowrak adam raýatlygy bolmadyk şahslar bolup galýarlar, bu bolsa hemişelik ylalaşylan tagallalaryň we işe meýilliligiň zerurlygyna şaýatlyk edýär. Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk şahslaryň aglabasy garaşsyz döwletleriň raýatlygyny heniz almadyk ýa-da ony tassyklatmadyk Sowet Soýuzynyň öňki raýatlarydyr ýa-da olaryň nesilleridir.

Raýatsyzlyga garşy göreş boýunça tagallalar we borçnamalar #IBelong (#MenDegişli) kampaniýasynyň anyk üstünliklerine we ösüş depginine esaslanyp, 14-nji oktýabrda BMG BÝK tarapyndan başladylan, Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça bütindünýä birleşiginiň çäklerinde dowam etdiriler.

Türkmenistan täze Birleşige goşulan Merkezi Aziýada birinji ýurt bolup, bu meselede hem halkara liderligini görkezdi.

Video Url

Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Bütindünýä birleşigi

BMG BÝK 2014-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykylmagyna, raýatsyzlygy aradan aýyrmak maksady bilen  meýilliligi, hereketleri we raýdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen 10 ýyllyk #IBelong kampaniýasyny başlatdy. Soňky 10 ýylda bu kampaniýa döwletleriň, raýat jemgyýetiniň guramalarynyň, BMG-niň agentlikleriniň, akademiki edaralaryň, şeýle hem sebit guramalarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalaryň bilelikdäki tagallalary saýasynda raýatsyzlygyň öňüni almakda we ony azaltmakda düýpli ösüş depginini gazandy. 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda #IBelong kampaniýasynyň tamamlanmagy bilen BMG BÝK Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça bütindünýä birleşigini başlatdy.

Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Bütindünýä birleşigi – dürli gyzyklanýan taraplary birleşdirýän, täze köptaraplaýyn binýatdyr. Onuň ýörelgesi “her bir adamyň kemsitmeden raýatlyga hukugy bolan raýatsyzlykdan azat dünýäni” döretmekden ybaratdyr. Birleşik raýatsyzlygyň soňuna çykmak we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklaryny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin döwletleri, raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalary, BMG-niň agentliklerini, raýat jemgyýetiniň guramalaryny hem-de sebit hökümetara we parlamentara guramalary birleşdirýär. Bu birleşik okuw, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk üçin binýat hökmünde gulluk eder. Şeýle-de, raýatsyzlygyň soňuna çykmak we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklaryny goramak üçin zerur bolan syýasy meýilliligi pugtalandyryp, kanunçylykda, syýasatda we tejribede nogsanlyklary ýüze çykaryp we olara täsir edip, üýtgetmeleri girizmäge höweslendirer we çaltlandyrar.

Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky hünärmenlere ýüz tutup bilersiňiz:

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz