Press reliz

BMG Turkmenistan zenan liderler bilen diplomatiýa boýunça maslahat geçirdi

06 mart 2025

Aşgabat, Türkmenistan – 2025-nji ýylyň 5-nji marty – Halkara zenanlar güni mynasybetli BMG-niň Türkmenistandaky edarasy BMG-niň binasynda “Häzirki zaman diplomatiýasy: zenan liderler bilen dialog” atly maslahat geçirdi. Çärä diplomatiýa ulgamyndaky zenan ýolbaşçylar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, zenan telekeçiler we ýaşlar gatnaşyp, zenanlaryň diplomatiýada, parahatçylygy döretmekde we ýolbaşçylykdaky orny barada gürleşdiler.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Maslahaty BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko alyp bardy. Maslahatyň dowamynda diplomatiýa ýolunda karýera mümkinçilikleri, ýolbaşçylykdaky kynçylyklary ýeňip geçmek we zenanlaryň parahatçylyk döredijilikdäki orny ýaly esasy temalar gozgalyp geçildi.

Maslahata gatnaşan wekilleriniň hatarynda jenap Jalpa Ratna, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili; hanym Beata Peksа, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi; hanym Madhumita Hazarika Bhagat, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi; hanym Çynar Rustamowa, Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary; we hanym Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory bardy.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Maslahatda çykyş edenler öz tejribeleri, ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary we gazanan üstünlikleri bilen paýlaşyp, ýaş zenanlary halkara gatnaşyklar we diplomatiýa ugurlarynda karýera gurmaga höweslendirdiler. Bu çäre ýolbaşçylykda gender deňliginiň ähmiýetini belläp, has açyk, durnukly we parahat geljek gurmak üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny nygtady.

“Diplomatiýada zenanlar halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm rol oýnaýarlar. Bu dialog täze nesil zenan ýolbaşçylary höweslendirmek üçin platforma bolup hyzmat edýär” diýip, jenap Şlapaçenko açylyş sözünde belledi.

Dünýäde ýolbaşçylyk we karar kabul etmekde gender deňligini gazanmak ugrunda tagallalar dowam edýärkä, bu maslahat diplomatiýada zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň möhümdigini ýene bir gezek ýüze çykardy. Zenanlaryň seslerini güýçlendirip, halkara gatnaşyklarda mümkinçilikleri döredip, BMG-niň Türkmenistandaky edarasy zenan ýolbaşçylary goldamaga we adalatly, deň hukukly dünýäni gurmaga goşant goşmaga ygrarly bolmagynda galýar.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz