Press reliz

Täze ýylyň çagalary: Täze ýylda Türkmenistanda 361-den gowrak çaga doglar - UNICEF

01 ýanwar 2020

UNICEF-iň baha bermegine görä, täze ýylyň birinji gününde Türkmenistanda 361-e golaý çaga doglar. Türkmenistanda doguljak çagalar Täze ýyl gününde doguljak 392 078 çagadan 0,09 göterimi tutar[1].

“Täze ýylyň we täze onýyllygyň başy diňe geljek üçin däl, eýsem bizden soň ýaşajaklaryň geljegi barada umytlarymyz we arzuwlarymyz babatda pikirlenmek üçin mümkinçilik bolup durýar” diýip, UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta Fore aýtdy. “Her ýanwar aýynda senenamanyň üýtgemegi bilen, biz durmuşa başlan her bir çaga mümkinçilik berlen ýagdaýda, olaryň potensialy barada özümize ýatladýarys.”

Çaklama görä, Ýuwaş ummanyndaky Fiji adalarynda 2020-nji ýylyň ilkinji çagasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolsa soňky çagasy doglar. Bütin dünýäde bu dogluşlaryň ýarysyna golaýynyň sekiz sany ýurtda boljakdygy barada çaklama edilýär:

  1. Hindistan  — 67385
  2. Hytaý — 46299
  3. Nigeriýa — 26039
  4. Päkistan — 16787
  5. Indoneziýa — 13020
  6. Amerikanyň Birleşen Ştatlary — 10452
  7. Kongo Demokratik Respublikasy — 10247
  8. Efiopiýa — 8493

Her ýanwar aýynda UNICEF Täze ýyl gününde doglan çagalary belleýär, şol gün bütin dünýäde çagalaryň dogulmagy üçin amatly gün bolup durýar.

Şeýle-de bolsa, millionlarça täze doglan çagalar üçin olaryň doglan güni şadyýan bolmaýar. 2018-nji ýylda 2,5 million täze doglan çaga öz ýaşaýşynyň ilkinji aýynda ýogaldy; olaryň üçden bir bölegine golaýy bolsa ýaşaýşynyň birinji gününde aradan çykdy. Şol çagalaryň arasynda köpüsi wagtyndan öň dogluş, dogulan wagtynda ýüze çykan kynçylyklar we ýokanç keseller (musal üçin, sepsis) ýaly öňüni alyp boljak sebäplerden ýogaldy. Üstesine-de, her ýyl 2,5 milliondan gowrak çaga öli dogulýar.

Soňky otuz ýylyň dowamynda dünýäde çagalaryň halas edilmegi boýunça uly öňegidişliklere ýetildi, onuň netijesinde bolsa bäş ýaşyna ýetmänkä ýogalýan çagalaryň sany ýarysyna golaý azaldy. Emma, ýaňy doglan çagalar babatda şeýle öňegidişlik pes derejede. 2018-nji ýylda ýaşaýşyň ilkinji aýynda ýogalýan çagalar bäş ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky ölümleriň 47 göterimine deň boldy, 1990-njy ýylda bolsa bu görkeziji 40 göterim bolupdy.

UNICEF-iň “Every Child Alive” (“Her çaga diri” kampaniýasy  göwrelilik we doguş dowamynda gaýra üzülmeleriň öňüni almak we olary bejermek ugrunda talabalaýyk saglygy goraýyş işgärleriniň degişli taýýarlygy, şeýle-de her bir ene we her bir täze doglan çaga üçin alada bildirmek ugrunda zerur bolan dermanlar bilen üpjün etmek üçin dessine maýa goýum goýmaga çagyrýar.

“Eneleriň we täze doglan çagalaryň uly sanyna taýýarlyk geçen we enjamlar bilen üpjün edilen akuşerler we şepagat uýalary tarapyndan alada edilmeýär, onuň netijeleri bolsa weýran edijilikli häsiýete eýe” diýip, Fore belledi. “Biz millionlarça çagalaryň hünärli hünärmenlerde doglan bolsa, birinji günden soň hem, bu onýyllygyň dowamynda hem-de şondan köp hem ýaşamagyny üpjün edip bileris.”

###

 Redaktorlar üçin bellik

1910 sany döwlet boýunça takmyny baha berilmedik doly maglumat üçin, şu ýere basyň.

Maglumat üçin UNICEF “World Data Lab” bilen işledi. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-nde doglan çagalar barada ortaça san BMG-niň Maglumatyň bütindünýä Ilat sanynyň (2019 ý.) soňky gözden geçirişinde täzelendi. Bu maglumata esaslanyp, BMG-niň Maglumatyň bütindünýä Ilat sany boýunça barlaghanasynyň algoritm taslamalary ýurt boýunça her günde dogluşlaryň sany barada takmyny maglumat berýär.

Bu makalanyň suratlaryny ýüklemek üçin, şu ýere giriň.

UNICEF barada

UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris. ÝUNISEF we onuň çagalar üçin işi barada has köp maglumat üçin şu sahypa giriň: www.unicef.org.

UNICEF-e Twitter-de we Facebook-da ýazylyň.

Has köp maglumat üçin, aşakdaky şahs bilen habarlaşyň:

Sabrina Sidhu, UNICEF Nýu Ýork, +1 917 476 1537, ssidhu@unicef.org

[1] BSSG-niň Ýewropada Saglyk barada maglumat portalyna esaslanan soňky maglumata laýyklykda (https://gateway.euro.who.int/en/hfa-explorer/#KM0zyUgXUQ), Türkmenistanda günde dogluşlaryň sany 415 hökmünde bellenýär. Bütindünýä hasabatyndaky maglumatda bolsa bu sandan pes san getirilýär, çüni maglumatyň çeşmesi we hasaplamalar tapawutlanýar.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz