Press reliz

UNICEF: 25 ýylyň dowamynda deň bolmadyk özgerişler: bilim pudagynda gazanylan üstünliklere garamazdan, dünýä heniz hem gyzlar üçin zalym we ýokary derejeli diskriminasiýaly bolmagyna galýar

08 mart 2020

  • Pekin şäherinde zenanlaryň ýagdaýy barada taryhy maslahat geçirilenden 25 ýyl soň, zenanlara we gyzlara garşy zalymlyk diňe bir giňden ýaýran bolman, eýsem kabul ederlikli bolmagyna galýar

Öňki döwürlere garanda, şu gün has köp gyzlar mekdebe gatnaýar we okamagyny dowam edýär, emma bilim pudagynda gazanylan öňegidişliklere garamazdan, dünýä jemgyýetçiligi gyzlar üçin has deňhukukly we zalym däl ýaşaýyş şertlerini döretmekde uly öňegidişlikleri gazanyp bilmedi. Bu barada şu gün UNICEF-iň Halkara meýilnamasynyň we “BMG-Zenanlar” birleşiginiň hasabatynda aýdyldy.

Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýanyň 64-nji ýygnagynyň öňüsyrasynda çykarylan hasabata laýyklykda, soňky 20 ýylyň içinde mekdebe gatnamaýan gyzlaryň sany 79 milliona çenli peseldi. Hakykatda, diňe soňky on ýylyň içinde orta mekdepde okamaga mümkinçiligi bar bolan gyzlaryň sany oglanlaryň sanyndan ýokary geçdi.

Şeýle-de bolsa, gyzlara we zenanlara garşy zalymlyk ýaýran hadysa bolmagynda galýar. 2016-njy ýylda adam söwdasy bilen baglanyşykly ýüze çykarylan ýagdaýlaryň 70 göterimi zenanlaryň we gyzlaryň hasabyna geldi, bu ýagdaýlar, esasan, jynsy ekspluatasiýa bilen bagly. 15-19 ýaşly gyzlaryň 20-den biri, ýa-da 13 milliona golaý gyz öz ýaşaýşynyň dowamynda jynsy zorluga sezewar boldy – bu bolsa gyzlaryň we zenanlaryň ejir çekýän zorlugynyň iň zalym görnüşi bolup durýar.

“Ýigrimi bäş ýyl mundan ozal dünýä liderleri zenanlaryň we gyzlaryň öňünde borçlary öz üstüne aldy, emma bu borçlary olar diňe bölekleýin ýerine ýetirdi. Hökümetler köp gyzlara mekdebe gatnamaga mümkinçilik bermekde syýasy goldawy berdi, emma olaryň gyzlaryň diňe bir öz ýaşaýşyny özleri çözmek üçin däl-de, howpsuz we mertebeli gurşawda ýaşamak üçin zerur bolan başarnyklary we goldawy bermäge güýji ýetmedi” diýip, UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta Fore aýtdy. “Bilimiň elýeterliligini üpjün etmek – bu entek ýeterlik däl: biz adamlaryň özlerini alyp barşyny we olaryň gyzlara garaýşyny üýtgetmeli. Ähli gyzlar zorlukdan goralanda, öz hukuklaryny amala aşyrmaga erkinligi alanda we durmuşda deň hukuklardan peýdalanyp bilende hakyky deňlige ýetip bolar”.

«A New Era for Girls: Taking stock on 25 years of progress» (“Gyzlar üçin täze eýýam: 25 ýylyň içinde ýetilen sepgitleriň jemini jemlemek”) hasabaty «Generation Equality» (“Deň mümkinçilikleriň nesli”) atly kampaniýanyň çäginde çykarylyp, ol zenanlaryň we gyzlaryň hukuklaryny berkitmäge gönükdirilen Pekin jarnamasynyň we hereketleriň taryhy meýilnamasy bolan Hereket ediş platformasynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan.

“Hökümetleriň Pekin jarnamasynyň çäklerinde öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmekde jogapkärçilik çekmeklerini gazanmak iňňän möhümdir. Bu hasabat 25 ýylyň içinde gyzlaryň dünýäsiniň toplumlaýyn suratyny görkezýär” diýip, Halkara meýilnamasynyň baş ýerine ýetiriji hünärmeni Ann-Birgitt Albrektsen aýtdy. “Ýetginjek gyzlar özleriniň ýaşy we jynsy bilen baglanyşykly üznüksiz diskriminasiýadan ejir çekýär, şol bir wagtda olar heniz hem öz jemgyýetleriniň durmuşyna we çözgütleri kabul ediş prosesine çekilmeýär, olaryň bähbitleri döwlet syýasaty işlenilip düzülende hasaba alynmaýar. Ýetginjek gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi jemgyýet üçin üç derejeli peýda getirer: şu gün ýaşaýan gyzlar üçin, olaryň geljekde boljak zenanlary üçin we, şeýle-de, olaryň geljekki çagalary üçin, ýagny indiki nesliň wekilleri üçin. Eger biz bu zada göz ýetirip bilmesek we dünýäde heniz hem köp gyzlaryň duçar bolýan diskriminasiýanyň soňuny goýup bilmesek, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde gender deňligi boýunça beýan edilýän maksatlara ýetmäge mümkinçiliklerimiz az bolar.”

“1995-nji ýylda Pekin şäherinde “Gyz” meselelerine ilkinji gezek aýratyn üns berlen wagtdan bäri, biz gyzlaryň öz hukuklaryny goraýandyklary we bizi bu herekete çagyrýandyklary barada has ýygy-ýygydan eşidýäris. Emma, dünýä jemgyýeti heniz hem olaryň dünýäni jogapkär ýagdaýda dolandyrmak, zorlukdan azat bolan ýaşaýşy üpjün etmek babatda garaýyşlaryny we ykdysady garaşsyzlyga bolan umytlaryny kanagatlandyryp bilmeýär” diýip, “BMG-Zenanlar” birleşiginiň ýerine ýetiriji müdiri Fumzile Mlambo-Ngkuka aýtdy. “Zenanlar we gyzlar, erkeklere garanda, öýe seretmek üçin üç esse köp wagtyny sarp etmeli bolýandyklary üçin, gyzlaryň okuwy tamamlandan soň gowy we howpsuz işe girmäge deň müminçilikleri bolmaz. Şeýle ýagdaýy tutuş adamzadyň abadançylygy üçin üýtgetmek zerur. Gyzlara geljekde tehnika we tehnologiýa pudagynda işlemek üçin zerur bolup biljek başarnyklary gazanmagyny üpjün etmek, şeýle-de gender zorlugynyň soňuny goýmak zerur”.

Şu gün gyzlar zorlugyň uly howplaryny ähli ýerlerde  - internetde, mekdepde we jemgyýetde başdan geçirýär, onuň bolsa fiziki psihologiki we jemgyýetçilik netijeleri bar. Hasabatda bellenilişine görä, çaga bilen durmuş gurmalar we gyzlaryň jynsy beden agzalarynda geçirilýän zeper ýetiriji operasiýalar ýaly howply tejribeler tutuş dünýäde millionlarça gyzlaryň saglygyna, ýaşaýşyna we mümkinçiliklerine zeper ýetirmegini dowam edýär. Her ýyl 12 million gyz çaga wagty durmuşa çykýar, 4 million gyz bolsa jynsy beden agzalarynda geçirilýän zeper ýetiriji operasiýalara sezewar edilýär. Dünýäde 15-19 ýaşly gyzlar, şol ýaşdaky oglanlar ýaly, erkekleriň öz aýallaryny urmagyny bigünä hasaplaýar.

Ondan başga-da, hasabatda bilim beriş we saglyk pudagynda gyzlar babatda 25 ýyl mundan öň göz öňünde getirmek kyn bolan ýaramaz ýörelgeler şöhlelendirilýär. Mysal üçin, globalizasiýa, adaty iýmitden gaýtadan işlenilen howply iýmite geçmek, şeýle-de çagalara gönükdirilen agressiw marketing tehnologiýalarynyň güýçli ýagdaýda giňelmegi zyýanly önümleriň we düzüminde şeker bolan içgileriň ulanylmagynyň ösmegine getirdi. Bu bolsa aşa semizlikden ejir çekýän çagalaryň we ýetginjekleriň sanynyň köpelmegine getirdi. 1995-2016-njy ýyllaryň arasynda 5-19 ýaşly gyzlaryň arasynda aşa semizligiň derejesi iki esse diýen ýaly, ýagny 9-dan 17 göterime çenli ýokarlandy. Bu bolsa şu günki günde aşa semizlikden ejir çekýän gyzlaryň iki essä golaý derejede köpelmegine getirdi, ýagny olaryň sany 1995-nji ýylda 75 million bilen  deňeşdirilende, şu gün 155 milliona deň boldy.

Şol bir wagtda, soňky 25 ýylda sanly tehnologiýalaryň aşa köp ulanylmagy zerarly ýüze çykýan psihologik saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň ýaýramagy bellenilýär. Hasabata görä, häzirki wagtda öz janyňa kast etmek 15-19 ýaşly gyzlaryň arasynda enelik kesellerinden soň ölümiň sebäpleriniň ikinjisi bolup durýar. Ondan başga-da, gyzlar heniz hem jyns gatnaşyklarynyň üsti bilen geçirilýän ýokanç kesellere, şol sanda HIV keseline hem ýokary derejede duçar bolmagyna galýar. HIV keseli bilen ýaşaýan 10-19 ýaşyndaky gyzlaryň sany şu gün 970 müňe deň, 1995-nji ýylda bolsa olaryň sany 740 müňe barabardy. Tutuş dünýäde ýetginjekleriň arasynda HIV keseliniň 4-den 3 sany ýagdaýy 10-19 ýaşyndaky gyzlara degişli bolmagyna galýar.

Hasabatda aşakdaky pudaklar boýunça hereketlere çagyryş saklanýar:

  • Gelip çykyşyna, milletine, girdejiniň derejesine we durmuş statusyna garamazdan, ähli gyzlar üçin üýtgeşmeleri öňe sürmek we çözgütleri işläp düzmek, özleriniň bedeni, jemgyýeti, bilim derejesi we geljegi bilen baglanyşykly gepleşiklere, platformalara we proseslere gatnaşmagyň üsti bilen öz garaýyşlaryny we pikirlerini işjeň ýagdaýda beýan etmek babatda mümkinçilikleri döretmek we giňeltmek.
  • Öňegidişlikleriň güýçlendirilmegine ýardam berýän we şu güne laýyk gelýän nusgalary gyzlaryň bähbidine we olaryň gatnaşmagynda ulanmagy giňeltmek, şol sanda dördünji senagat öwrülişigini amala aşyrmak üçin olaryň başarnyklaryny ösdürmek we gender zorlugynyň, çaga bilen durmuş gurmalaryň hem-de jynsy beden agzalarynda geçirilýän zeper ýetiriji operasiýalaryň soňuny goýmak ugrunda nesli ösdürmek maksady bilen, syýasata we maksatnamalara maýa goýumlary köpeltmek.
  • Ýaşa we jynsa baglylykda ýokary hilli maglumatlary toplamak, derňemek we ulanmak, şeýle-de gender zorlugy, 21-nji asyryň başarnyklary, ýetginjekleriň iýmitlenmesi we psihiki saglygy ýaly bar bolan bilimleriň çäklendirilen pudaklarynda ylmy-barlaglar ugrunda maýa goýumlary köpeltmek.

 

###

 Redaktorlar üçin bellikler:

Multimediýa materiallaryny bu ýerde ýükläň

Gender deňligi barada bu ýerde okaň

Doly maglumat üçin, aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Helen Waýli, UNICEF, Nýu Ýork, Tel: +1 917 244 2215, hwylie@unicef.org

UNICEF barada

UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris. UNICEF we onuň çagalar üçin işi barada has köp maglumat üçin şu sahypa giriň: www.unicef.org.

UNICEF -e Twitter-de we Facebook-da ýazylyň.

Halkara meýilnama barada

Halkara meýilnama bu çagalaryň hukuklaryny ösdürmek we goramak, şeýle-de gyzlaryň deňligi meseleleri bilen meşgullanýan garaşsyz ynsanperwer gurama bolup durýar. Biz her bir çaganyň güýjüne we mümkinçiliklerine ynanýarys. Emma bu, köplenç, garyplyk, zorluk, daşlaşdyrma we diskriminasiýa zerarly basylýar. Iň köp ejir çeken hem gyzlardyr. Çagalar, ýaşlar, tarapdarlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde işläp, biz adalatly dünýä tarap ymtylýarys hem-de gyzlaryň we ähli ejiz çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň esasy sebäplerini aradan aýyrýarys. Biz dogluşdan bäri, ýetginjeklik ýaşyna ýetýänçä, çagalaryň hukuklaryny goraýarys. Şeýle-de biz çagalara çökgünliklere taýýarlanmaga we olara jogap bermäge mümkinçilik berýäris. Biz öz hereket ediş çägimizi, tejribämizi we bilimlerimizi ulanmak bilen, ýerli, milli we global derejelerde tejribä we syýasatlara üýtgeşmeleri girizýäris. Biz 80 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çagalar üçin güýçli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýýarys we häzirki wagtda 75-den gowrak ýurtda işleýäris.

“BMG-Zenanlar” barada

“BMG-Zenanlar” gender deňligine we zenanlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine bagyşlanan BMG-niň guramasy. Zenanlaryň we gyzlaryň hukuklary boýunça öňdebaryjy gurama hökmünde, “BMG-Zenanlar” bütin dünýäde zenanlaryň we gyzlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak ugrunda öňegidişlikleri tizleşdirmek üçin döredildi. Doly maglumat üçin, şu web-sahypa girmegiňizi haýyş edýäris: www.unwomen.org

“BMG-Zenanlar”-a Twitter-de, Facebook-da we Instagram-da ýazylyň.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz