Döwlet ministrlikleriniň wekilleri, Adatdan daşary ýagdaýlar barada habar bermek boýunça ýakynda tassyklanan Milli iş toparynyň agzalary (ERC) adatdan daşary ýagdaýlarda aragatnaşygy saklamak üçin öz mümkinçilikerini giňeltdi. Bu iş 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna milli derejede taýýarlyk görmegiň çäklerinde bolup geçdi.
Bu maksat bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindüýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurtdaky ofisi bilen hyzmatdaşlykda Olimpiýa şäherjiginde geçirilen milli okuwlary we simulýasiýa çärelerini (SimEx) gurady. Okuwlaryň we simulýasiýa çäreleriniň esasy maksady jemgyýetçilik saglygy goraýyş bilen baglanyşykly howpa taýýarlanmak, ony aradan aýyrmak we ondan soňky ýagdaýy dikeltmek boýunça aragatnaşyk toparynyň başarnyklaryny kemala getirmekden ybarat bolupdy.
Esasy döwlet ministrlikleriň aragatnaşyk boýunça utgaşdyryjylardan we BMG-niň Aragatnaşyk boýunça toparynyň agzalaryndan ybarat bolan Adatdan daşary ýagdaýlar barada habar bermek boýunça Milli iş toparyna Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän şeýle iri sport çäresiniň dowamynda keselleriň ýaýramagy, şeýle-de saglygy goraýyş bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlar bilen iş salyşmak ygtyýary berildi.
Topar Adatdan daşary ýagdaýlar barada habar bermek boýunça hereketleriň maksatnamasyny işläp düzdi we gözden geçirdi. Maksatnama saglygy goraýyş bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlaryň dowamynda aragatnaşygyň esasy maksadyny kesgitleýär we çözgütleriň kabul edilmegini üpjün etmegiň we adamlaryň özlerini alyp barşynyň gowy tarapa üýtgedilmegini höweslendirmegiň üsti bilen ýaramaz netijeleri azaltmaga gönükdirilen. Ondan başga-da, resminamada howp barada habar bermegiň esasy ýörelgeleri beýan edilen we keselleriň ýaýran ýagdaýynda ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylmaly gurallar barada maglumat getirilen.
Adatdan daşary ýagdaýlar barada habar bermek boýunça maksatnamada MERS-CoV (Orta Gündogaryň dem alyş sindromy bilen baglanyşykly bolan koronawirus) wirusyna sport çäresiniň dowamynda ýüze çykyp biljek howp hökmünde garalýar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Iş topary maksatnama ýer titreme, süýşgün we ýokanç keseller ýaly mümkin bolan beýleki howplary goşar.