Press reliz

Bosgunlaryň olimpiýa topary Aşgabatda BMG-niň binasyna baryp gördi

26 sentýabr 2017

  • Şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlaryň olimpiýa topary Aşgabatda BMG-niň binasyna baryp, onuň işgärleri tarapyndan garşy alyndy.  

Bosgunlardan ybarat bolan topar şeýle iri sport çäresine bary-ýogy üçünji gezek gatnaşýar. Birinji gezek olar Rio de Žaneýro şäherinde 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna, ikinji gezek London şäherinde 2017-nji ýylda geçirilen Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna üstünlikli ýagdaýda gatnaşdy.

“Bu medaly ýeňip biljekdigiňize ynansaňyz, onda ony hakykatdan hem ýeňersiňiz!” diýip, Aşgabatda bosgunlar olimpiýa toparyndan wekilçilik edýän “Tegla Loroupe Peace” fondunyň baş ýerine ýetiriji müdiri hanym Eunis Hasango aýtdy. Ondan başga-da, hanym Hasango durmuşdaky kynçylyklara garamazdan uly arzuwlary we islegleri bolan ýaş bosgunlara bosgunlaryň olimpiýa toparynyň ýetirýän gowy täsiri barada aýratyn belledi.   

“Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagy Oýunlaryň hemmeler üçin açyk bolmagynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasy ýörelgesini, ýagny “ähli adamlar üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek” ýörelgesini durmuşa geçirmegiň uly mysaly bolup durýar” diýip, hanym Panowa jemledi.   

Gatnaşyjylara bosgunlaryň olimpiýa toparynyň bosgunlaryň agyr ýagdaýyny bütin dünýä görkezmekde ýaramly orny barada aýdyldy. Türgenler bosgun bolmagyň meseleleri, özleriniň sport hünäri we sportuň öz durmuşyna ýetiren gowy täsiri barada gürrüň berdi. Şondan soň, türgenler bilen BMG-niň işgärleriniň arasynda resmi däl gepleşikler geçirildi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz