Press reliz

Adam söwdasyny duruzmak boýunça hukuk işgärleri üçin täze gurallar

06 noýabr 2017

  • Jenaýat kanunçylygy ulgamynyň adam söwdasy boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirmek Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasynynyň ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemek we olary kazyýet jogapkärçiligine çekmek babatda hukuk işgärleriniň zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin hökümet işdeşleri we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary bilen birnäçe maslahatlary geçirdi.

“Adam söwdasy çylşyrymly we gizlin jeaýat bolup, onuň bilen iş salyşmak üçin hukuk goraýjy we kazyýet edaralary tarapyndan güýçli potensial we utgaşdyrylan iş, şeýle-de pidany we şaýady goramak we olara goldaw bermek boýunça netijeli çäreler gerek” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň halkara utgaşdyryjysy Koen Markering belledi. 

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň wekilýeti Türkmenistanyň Baş prokurorynyň edarasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ondan başga-da, döwlet edaralary, halkara guramalar we diplomatik wekilýetler Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmegiň meseleleri boýunça Tehniki iş toparynyň ýygnagyna gatnaşdy. 

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň adam söwdasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça halkara maslahatçysy Dewid Nýuton müdirligiň jenaýatçylyk işleri boýunça hukuk işgärleri üçin Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça gollanmasyny, şeýle-de beýleki türgenleşik gurallaryny görkezdi.

“BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň gollanmasy amaly türgenleşik guraly bolup, ol adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlar babatda jenaýat kanunçylygynyň hereketleriniň her tapgyrynda, ýagny pidalary ýüze çykarmakdan başläp, tä adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemek, şol sanda pidalary goramak we olara goldaw bermek işlerine çenli ulanylýar” diýip, gollanmanyň baş awtory jenap Nýuton belledi.

Duşuşyklaryň netijesinde ileri tutulýan deslapky meseleler kesgitlendi, indi bu meseleler Türkmenistanyň hukuk işgärleri üçin adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemek we olary kazyýet jogapkärçiligine çekmek boýunça esasy türgenleşik gollanmany işläp düzmegiň binýady hökmünde ulanylar. 2018-nji ýylda polisiýa işgärleri, prokurorlar, kazylar we beýleki degişli taraplar üçin okuwlary geçirmek meýilleşdirilýär.     

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy adamlaryň, esasan hem zenanlaryň we çagalaryň söwdasynyň öňüni almak, onuň soňuna çykmak we oňa jeza görmek boýunça BMG-niň protokolyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna goldaw berýär, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Neşe serişdeleri we hukuk goraýjy edaralary boýunça halkara býurosy bu hereketleri maliýeleşdirýär.   

Vepa Rasulov

UNODC
National Programme Officer

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz