Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasyny hasaba almak
27 noýabr 2017
- Okuwlarda ýerlerdäki amaly işlere hem syn berler.
ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster ofisi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda jemgyýetiň wekilleriniň gatnaşmagynda maddy däl medeni mirasy hasaba almaga bagyşlanan dört günüň dowamynda geçiriljek okuwlary gurady. Bu okuwlar 2015-nji ýylda geçirilen okuwlaryň dowamy bolup durýar.
ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster ofisiniň müdiri we ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky wekili hanym Ester Kuiş Laroş okuwlaryň başlamagy mynasybetli gatnaşyjylary gutlady.
“Maddy däl medeni mirasa düşünmek we ony gorap saklamak örän möhümdir, çünki ol biziň şahsyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar we taryhymyzy, häzirki zamanymyzy hem-de geljegimizi şöhlelendirýär” diýip, hanym Kuiş Laroş aýtdy.
“Bu janly miras nesilden nesle geçirilip, jemgyýeti dowamlylyk duýgusy bilen üpjün edýär we medeni köpdürlilige hem-de adamyň ugurtapyjylygyna goýulýan sylag-hormaty wagyz edýär”.
Ol jemgyýetiň wekilleriniň we maddy däl medeni mirasy saklaýan adamlaryň ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky konwensiýasynda möhüm orny barada aýratyn belläp geçdi.
“Maddy däl medeni mirasy hasaba almak we olary gorap saklamak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek aňsat wezipe däl, hut şonuň üçin biz şu hepdäniň dowamynda bu ýerde ýygnandyk. Men bu okuwlaryň jemgyýet wekilleriniň gatnaşmagynda hasaba alyş işlerini geçirmekde we Türkmenistanyň baý maddy däl medeni mirasyny gorap saklamakda sizi zerur bolan bilimler we başarnyklar bilen üpjün etjekdigine umyt edýärin” diýip, ÝUNESKO-nyň wekili aýtdy.
ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli komitetiniň baş sekretary doktor Poladow okuwyň wezipeleri we ondan garaşylýan netijeler barada belledi.
Bu okuwlar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras boýunça Bolgariýadan gelen hünärmen jenap Nikolaý Wukow tarapyndan guraldy. Okuwlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň işgärleri we maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak işine gatnaşýan adamlaryň birnäçesi gatnaşdy.
Maddy däl medeni mirasy hasaba almagyň gurallary barada nazary bilimlerden we usulyýetlerden başga, okuwlarda ýerlerdäki amaly işlere hem syn berler.
Maddy däl medeni miras barada has giňişleýin maglumat almak üçin, şu web-sahypa girmegiňizi haýyş edýäris: https://ich.unesco.org/#
Häzirki wagtda Türkmenistanyň iki sany mirasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi: Nowruz baýramy (umumy esasda) we “Görogly” dessançylyk sungaty.