Duşuşykda BMG-niň guramalary Türkmenistanyň Hökümetiniň pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak we COVID-19 sebäpli ýüze çykan bütindünýä çökgünligiň Türkmenistana ýaramaz täsirini azaltmak üçin görýän çärelerini makullady. Hususan-da, saglygy goraýyş pudagyny berkitmek, salgyt syýasatyna göz aýlamak, ownuk we orta telekeçilige goldaw bermek, gowşak toparlar üçin maksatly durmuş goragyny üpjün etmek we sanly çözgütlere geçmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilelikdäki iş topary BMG-niň Baş sekretary jenap Antonio Guterreşiň dünýä jemgyýetçiligine COVID-19 pandemiýasynyň jemgyýete ýetirjek durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmak üçin gyssagly çäreleri görmek baradaky çagyryşynyň dowamy hökmünde 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde döredildi.
Oňa Türkmenistanda wekilçilik edilýän milli ministrlikleriň we BMG-niň gulluklarynyň wekilleri gatnaşýar. Iş toparynyň esasy maksady COVID-19-yň ýurtdaky gowşak toparlara ýetirip biljek durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça bilelikdäki derňew arkaly habar berilýän çäreleri utgaşdyrmakdan we bilelikde işläp düzmekden ybarat.
“Gowşak toparlar üçin bolup biljek töwekgelçilikleri öwrenmek we azaltmak Durnukly ösüş maksatlarynyň “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” esasy ýörelgesini nazara almak bilen has möhümdir. Hakykatdan hem, pandemiýanyň ýaramaz durmuş-ykdysady täsiri ejiz toparlara ilkinji nobatda täsir eder” - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa nygtady.
Iş toparynyň teklipleriniň BMG-niň gulluklaryna bar bolan meýilnamalaryny uýgunlaşdyrmaga we Türkmenistanyň Hökümetine COVID-19-yň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmakda kömek bermek üçin täze başlangyçlary işläp düzmäge ýardam bermegine garaşylýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar we BMG-niň gulluklary bilen degişli ministrlikleriň arasynda bar bolan meýilnamalary gözden geçirmek we ýurtda COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirini aradan aýyrmagy tematiki taýdan goldamak üçin bilelikdäki başlangyçlary işläp düzmek maksady bilen birnäçe ikitaraplaýyn geňeşleriň geçiriljekdigi barada ylalaşdy. Iş toparynyň indiki ýygnagyny 2020-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ýarymynda geçirmek meýilleşdirilýär.