Türkmenistandan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ýaş klimat aktiwisti: "Dünýäde görmek isleýän üýtgeşmäňize öwrüliň" – diýip nygtady
![](/sites/default/files/styles/hero_header_2xl_1x/public/2020-04/img_1681-resized.jpg?itok=BoMBKY1G)
Ýeriň gününi bellemek we Merkezi Aziýada planetany goramagy goldamak üçin birleşýän ýaşlar hakynda blog
Awtor hakda
Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça hünärmen 26 ýaşly Kristina Aşgabatda (Türkmenistan) ýaşaýar. Ol Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetini we Stratford Bard kollejindäki Şekspir kollejini gumanitar hünäri boýunça tamamlady. Kristina 2018-nji ýylda BMG-niň “Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri” atly bilelikdäki başlangyjyna goşuldy we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini goldaýan we ýaşlaryň syýasaty emele getirmäge we kararlaryň kabul edilmegine goldaw berýän on ýedi sany ýaş lideriň birine öwrüldi. Kristina işjeň meýletinçi, ol tebigaty söýýär we tejribeli suhangöý hökmünde çykyş edýär.
2018-nji ýylda Türkmenistandan on ýedi ýaş has gowy jemgyýeti ösdürmek we Durnukly ösüş maksatlaryna tarap ösüş gazanmak üçin bir maksat bilen birleşdi. “BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ýaş ilçileri” diýlip atlandyrylýan bu başlangyç daşky gurşawy goramak pudagynda işleýän ýaş wagtym meni iň biynjalyk eden meseleleri öňe sürmek üçin ajaýyp pursat boldy.
Türkmenistan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine aşa ejiz ýurt. Bu ýurtda howanyň üýtgemegi adamlaryň we ýabany tebigatyň umumy ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin ýaş nesliň (başlangyç we orta mekdep okuwçylarynyň) ünsüni howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere çekmek möhümdi, sebäbi, howanyň üýtgemeginiň, esasan hem, tutuş Merkezi Aziýada güýçlenmegine garaşylýar. 2019-njy ýylda biz aşakdaky soraga jogap bermäge synanyşyp başladyk:
"Talyplar we ýaş hünärmenler topary hökmünde howanyň üýtgemegi we globallaşma bilen baglanyşykly häzirki zaman kynçylyklaryna jogap bermek ugrunda jemgyýetimiziň has gowy ýaşamagy üçin näme edip bileris?"
Jogaplary tapmak aňsat däldi. Durnukly ösüş maksatlary çylşyrymly we biri-biri bilen baglanyşykly, şonuň üçin biziň tagallalarymyz hem şonuň ýaly bolmalydy. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçi hökmünde ilkinji gezek köpçüligiň öňünde çykyş etmek gaty möhümdi. Türkmenistanda UNICEF-iň ýardam bermegi bilen 2019-njy ýylda Bişkekdäki Ýewropa Bileleşiginiň Birinji Forumynda Merkezi Aziýada ÝB-niň syýasatçylaryna watanymyň ýaşlarynyň adyndan çykyş edip bildim.
Şu günüň zerur meselelerini çözmäge gönükdirilen bu ýokary hünärli jemgyýetiň bir bölegi bolmagym öz hünärlerimi ösdürmelidigimi maňa düşündirdi. Tebigatyň has güýçli goragçysy bolmak üçin özüm bilim alyp başladym. Biodürlüligiň ýitmegi, ekosistemany dolandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşma we olary aradan aýyrmak çäreleri barada has köp zat öwrendim. Okuwy, işi we meýletinçilik işlerini birleşdirmäge mümkinçilik berýän onlaýn okuwlardan başladym, soň bolsa Drezden şäherindäki Ekosistemany dolandyrmak boýunça UNEP-iň (BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça meýilnamasy) / ÝUNESKO-nyň / BMZ-niň (Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça federal ministrligi) gysga okuwyna ýazyldym.
Deň-duşlardan bilim almak bu hereketler bilen tamamlanmady. Türkmenistanyň ýaşlarynyň başlangyçlary bilen tanyşmak, pikirleri meňzeş adamlar bilen birleşmek we hormatly donorlaryň tejribesini öwrenmek üçin, men dünýäniň dürli künjeklerinden 2000-den gowrak ýaş lideriň gatnaşmagynda Londonda geçirilen “Agzybir ýaş dünýä” atly sammitine gatnaşmak ugrunda stipendiýa üçin ýüz tutdum. Bu nähili tolgundyryjy bolupdy! Köp ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna iň uly täsir edýän ylham beriji taslamalar we jemgyýetçilik torlary meni ruhlandyrdy. Şol pursatda men häzir hereket etmelidigimi duýdum!
![](/sites/default/files/styles/featured_image/public/2020-04/dalchyn-seminar-resized.jpg?itok=Lx6xhJsc)
Toparymyz bilen bilelikde, biz biodürlüligiň ýitmeginiň howplaryny we howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyna we suw baýlyklaryna ýetirýän täsirini açýan birnäçe seminary we prezentasiýany guradyk we geçirdik. Ähli ýaş toparlarynyň ýaşlarynyň Durnukly ösüş maksatlary we olary durmuşa geçirmegiň usullary barada öwrenmegi halaýandyklaryny gördük, çünki hatda ownuk hereketler hem uly üýtgeşmelere getirip biler.
Şonuň üçin, biz paýtagtdan we obalardan, uly şäherlerden we uzakdaky şäherçelerden ýaşlary öz prezentasiýalarymyza çekmäge synanyşdyk. Seminarlarymyzda gatnaşyjylaryň 2030-njy ýyla çenli bary-ýogy 10 ýyl galandygy sebäpli maksatlara ýetmek we Durnukly ösüş maksatlardaky negatiw ýörelgelerden gaça durmak üçin işjeň tagallalaryň edilmelidigine has gowy düşünmekleri üçin birnäçe interaktiw oýunlary we simulýasiýa sapaklaryny guradyk.
Ýylyň dowamynda habarlylygy ýokarlandyrmakda, jemgyýetçilik pikirini ýygnamakda we dürli gyzyklanýan taraplar - aýry-aýry telekeçiler, ýerli bilim merkezleri we halkara ýaşlar guramalary bilen hyzmatdaşlygy döretmekde oňyn ösüşe syn etdik.
Iş ýaňy başlandy, we has köp iş edilmeli! Biz toparymyzy giňeltmegi we ýurduň dürli künjeklerinden has köp ýaşlary çekmegi isleýäris, çünki biz ähli tagallalary, hatda ownuk tagallalary hem hasaba alýarys.
Elbetde, global, jemgyýetçilik we lukmançylyk çökgünliginiň häzirki döwründe hyzmatdaşlyk we aragatnaşyk has çylşyrymlaşýar, ýöne üstünlik heniz hem ýaş we işjeň adamlara bagly. Dürli global çökgünlikleri, şol sanda howanyň durnuksyzlaşmagyny çözmegiň ýollary global gatnaşyklarymyza has oňaýly düşünmegiň we olaryň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmegiň uzak möhletleýin geljegine has takyk düşünmegiň zerurlygyna getirýär. Islendik häsiýetli kynçylyklary ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalary köpeltmeli.