Press reliz

COVID-19 pandemiýasynyň dowam etmegi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň täze çaklamalary aýallaryň saglygyna zyýanly täsirini çaklaýar

04 maý 2020

  • COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy bilen, BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, ýakyn aýlarda islenilmeýän göwrelilik, jyns esasly zorluk we beýleki zyýanly tejribeleri başdan geçirýän, maşgala meýilnamasyna degişli bolup bilmeýän aýallaryň sany ep-esli artyp biler.

Nýu-Ýork, ABŞ / Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 4-nji maýy. COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy bilen, BMG-nyň Ilat gaznasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, ýakyn aýlarda islenilmeýän göwrelilik, jyns esasly zorluk we beýleki zyýanly tejribeleri başdan geçirýän, maşgala meýilnamasyna degişli bolup bilmeýän aýallaryň sany millionlarça adama ýetip biler.

Barlag saglygy goraýyş ulgamynyň aşa agram çekýän döwründe COVID-19 pandemiýasynyň aýal-gyzlara edýän täsirini görkezýär, edaralar ýapylýar ýa-da aýal-gyzlary çäklendirilen hyzmatlar bilen üpjün edýär we köpler ýokançdan gorkup, möhüm lukmançylyk synaglaryndan geçmeýärler. Global üpjünçilik zynjyryndaky päsgelçilikler hem göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ep-esli ýetmezçiligine sebäp bolup biler we aýallaryň uzak wagtlap öýlerinde gabalanmagy sebäpli jyns esasly zorlugyň artmagyna garaşylýar.

“Bu täze maglumatlar COVID-19-yň ýakyn wagtda dünýädäki aýal-gyzlara ýetirip biljek weýrançylykly täsirlerini görkezýär. Pandemiýa deňsizligi güýçlendirýär, indi millionlarça aýal-gyzlar maşgalalaryny meýilleşdirmek, bedenini we saglygyny goramak ukybyny ýitirmek howpy astyndadyr” – diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory doktor Natalýa Kanem nygtady. “Aýallaryň reproduktiw saglygy we hukuklary islendik ýagdaýda goralmalydyr. Hyzmatlar dowam etmeli; üpjün edilmeli; ejizler goralmalydyr we goldanylmalydyr.”

Türkmenistanda koronawirus keseli ýok. Şeýle-de bolsa, global pandemiýanyň arasynda BMG-niň Ilat gaznasy BMG-niň bilelikdäki iş toparynyň we Hökümetiň COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsiri we işlenip düzülen Ýurdyň taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasy arkaly Hökümete goldaw berýär.

BMG-niň Ilat gaznasy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine aýallaryň arasynda sanitariýa, şahsy gorag we COVID-19 hadysalaryny dolandyrmak ýaly COVID-19-a taýýarlyk syýasatynyň düzgünlerini täzelemekde, hususan-da göwrelilik, çaga dogurmak we ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýörelgeleri babatynda tehniki kömek berýär.

BMG-niň Ilat gaznasy saglyk we arassaçylyk önümlerini satyn almakda saglygy goraýyş pudagyny hem goldaýar we ýurt boýunça 94 sany reproduktiw saglygy otaglarynda göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň ýetmezçiliginiň ýoklugyny üpjün edýär. Mart aýynda BMG-niň Ilat gaznasy reproduktiw ýaşyndaky aýallaryň we ýurduň reproduktiw saglyk bölümlerinde hyzmatlary alýanlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, 8000 çüýşe göwreliliginiň öňüni alyş “Saýana Press” sanjym serişdelerini satyn aldy.

Türkmenistanda BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan dolandyrylýan Yashlyk.info web sahypasy türkmen dilinde ýaşlar we olaryň ene-atalary üçin ygtybarly maglumat çeşmesidir. Saýtda COVID-19 rubrikasy bar we onda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň mekdeplerde, öýde we jemgyýetde sagdyn özüni alyp barmak, öňüni almak üçin dogry maglumatlary paýlaşmak, howpsuzlygy we pozitiwligi üpjün etmek boýunça teklipleri hödürlenýär.

“BMG-niň Ilat gaznasy ýurduň maşgalany meýilleşdirmek we köpeliş saglygy goraýyş hyzmatlaryny goldaýandygy üçin Hökümete minnetdar” – diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekili Aýna Seýitliýewa nygtady. “Global pandemiýa döwründe Naýrobi Global ICPD25 sammitinde kabul edilen borçnamalara howp salmazlyk üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýurtda ene we reproduktiw saglygynyň dowamlylygyny we elýeterliligini üpjün etmekde goldaw bermegi dowam etdirýäris.”

BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan “Avenir Health”, Jon Hopkins uniwersitetiniň (ABŞ) we Wiktoriýa uniwersitetiniň (Awstraliýa) gatnaşmagynda COVID-19 pandemiýasynyň aýallaryň saglygyna edýän täsiri barada global gözleg geçirildi. Onuň çaklamalary 2030-njy ýyla çenli guramanyň maksatlaryna ýetmek üçin nämäniň gerek boljakdygy barada BMG-niň Ilat gaznasynyň soňky gözleglerine esaslandy. Gözlegçiler her bir baha beriş üçin COVID-19-yň seredilýän meselä göni täsirini çakladylar we ony pandemiýa sebäpli ýüze çykýan global öňüni alyş maksatnamalarynyň bozulmagy bilen birleşdirdiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz