BMG75” kampaniýasynda türkmen ýaşlarynyň seslerini güýçlendirmek
01 maý 2020
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 400-e golaý talyby “BMG75” bütindünýä kampaniýasyna gatnaşdy we özleriniň isleýän geljegi barada pikirleri paýlaşdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyp, olary geljek üçin ileri tutulýan ugurlary we ýaşlaryň bütindünýä hyzmatdaşlykda tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory myhmanlary garşy aldy we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin bütindünýä Gün tertibine ýetmekde Birleşen milletler guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.
Talyplar BMG-niň nädip döredilendigini, dünýäde ileri tutulýan ugurlarynyň haýsydygyny we BMG-niň Türkmenistanda “hiç kimi yzda galdyrmaly däl” diýlen ýörelgesi bilen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän milli ileri tutulýan ugurlara ýetmek üçin Hökümete nähili goldaw berýändigini öwrendiler.
Hemişelik utgaşdyryjy seslerini eşitdirmek üçin, hemmeleri bir minutlyk onlaýn barlagdan geçmäge çagyrdy, barlagy şu salgyda tapyp bolar: www.un75.online.
“Dünýä üçin bu aýgytly pursatda adamlaryň sesleriniň eşidilmegi möhümdir. Umuman, gepleşikler jemgyýetçilik pikirini ýygnamakda geçirilen iň uly barlag bolup hyzmat edýär we bu babatda ýaşlaryň sesleri iňňän möhümdir” - diýip, hanym Ýelena Panowa belledi.
Şeýle hem, talyplar interaktiw barlag sessiýasyna gatnaşdylar we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de uniwersitetiň rektory tarapyndan sylaglandylar.
Barlagyň kömegi bilen ýygnalan garaýyşlar we pikirler 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde geçiriljek ýokary derejeli çärede dünýä liderlerine we BMG-niň ýokary derejeli işgärlerine hödürlener.
Türkmen ýaşlaryny “BMG75” kampaniýasyna gatnaşmaga çagyrýan has köp gepleşikler öňde.
Surat çeşmeleri şu salgyda tapylar.