Press reliz

Ösüş boýunça hyzmatdaşlar saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan öňegidişliklere baha berýär

11 sentýabr 2018

  • Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy toparynyň ikinji ýygnagyna maliýeleşdiriji we ösüş boýunça jemgyýetleriň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Täçmyrat Seliýew milli saglygy goraýyş syýasatynyň, saglygy goraýyş pudagynda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, gazanylan üstünlikler, BMG bilen Türkmenistanyň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijeleri, barlag we baha beriş çäreleri, şeýle-de soňky ýyllarda bilelikdäki başlangyçlar barada hasabat berdi. Ol hyzmatdaşlygyň maksatnamalary we tejribäni halkara ülňülere laýyk getirmekde netijeli bolandygy barada belledi.

Sorag-jogap sessiýasynyň dowamynda çaga ölüminiň derejesini peseltmekde gazanylan öňegidişlikler barada teswirler edildi. Bu öňegidişlikler kämilleşdirilen tejribäniň, degişli kliniki protokollaryň kabul edilmeginiň, çagany emdirmegi wagyz etmegiň, şeýle-de duzy ýodirlemek we unuň hilini kämilleşdirmek boýunça dürli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň netijesidir.     

Çykyş edijileriň biri Türkmenistanyň we sebitleýin maksatnamalaryň maksatnama boýunça dolandyryjysy, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekili hanym Silwiýa Pietropaolo bolupdy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda dört sany ikitaraplaýyn taslamany durmuşa geçirýändigi barada habar berdi. Bu taslamalar aşakdaky ugurlar bilen baglanyşykly:  

  • Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen döwletiň maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça özgertmeler;
  • Döwlet gullugy akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen döwlet gullugyndäki özgertmeler; 
  • Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda oba-hojalyk harytlarynyň marketingi we gaýtadan işlenilişi; we

Ykdysady köpdürlilige we hususy sektoryň güýçlendirilmegine gönükdirilen Ýewropanyň täzeden dikeldiş we ösüş banky; orta, ýokary we ýörite hünär biliminiň hilini gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlyk. 

Duşuşygyň dowamynda ösüş boýunça hyzmatdaşlar tematik iş toparlaryň arasynda garaşylýan iri çäreler barada maglumaty paýlaşdy. Hereket edýän maksatnamalar we işler barada maglumaty paýlaşmak, şeýle-de bilelikdäki işler boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň ýylyň dowamynda iki gezek Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy toparynyň duşuşyklaryny geçirmegi däbe öwrüldi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz