Press reliz

Türkmenistanda UNICEF ýurduň taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasyna laýyklykda, COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin USAID bilen hyzmatdaşlyk edýär

04 iýun 2020

  • Birleşen milletler guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen COVID-19-yň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda hyzmatdaşlyk eder. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde alnyp barylýan işler Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda kabul edilen Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we tiz çäre görmek boýunça meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti UNICEF-e USAID-iň üsti bilen çagalara we maşgalalara, göwreli zenanlara we emdirýän enelere, maýyp çagalara, şol sanda 24 sagatlyk desgalarda bolýanlara ýokaşmagyň öňüni almak we COVID-19-yň ýaýramagy barada habar bermek üçin, 500 000 ABŞ dollary berdi. UNICEF Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Telewideniýe, radio we kinematografiýa boýunça döwlet komiteti hem-de Zenanlar bileleşigi we Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýeti ýaly jemgyýetçilik guramalary bilen COVID-19 barada, şol sanda ýiti dem alyş ýokançlyklary, öňüni alyş çäreleri, alamatlar we bejeriş nokatlary barada maksatly habarlary we maglumatlary ilatyň giň gatlaklarynyň arasynda ýaýratmak üçin hyzmatdaşlyk eder. Mundan başga-da, telewideniýede sosial mahabatlar, animasiýa wideolary, onlaýn makalalar we sosial torlarda ýazgylar ýaýlyma berler.

Hyzmatdaşlygyň çäginde UNICEF Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen birleşip, tutuş ýurt boýunça ilkinji saglygy goraýyş işgärlerini ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek ugrunda taýýarlamagy we saglyk ulgamynyň taýýarlyk işlerine goldaw bermek üçin dermanlary we enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär. UNICEF ýerli derejedäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde töwekgelçilikli jemgyýetler, mekdepler we lukmançylyk edaralary üçin suw üpjünçiligi, arassaçylyk we gigiýena hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmak üçin goldaw berer.   

UNICEF Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetine Türkmenistanda çagalaryň we maşgalalaryň arasynda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa taýýarlyk ugrundaky tagallalary goldaýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz