Press reliz

Zenanlaryň we gyzlaryň gymmatyny we jemgyýetçilik ähmiýetini ýokarlandyrmak

01 iýul 2020

  • Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasy tarapyndan neşir edilen Bütindünýä Ilat statusyna görä, her ýyl dünýäde millionlarça gyz, maşgalalarynyň, deň-duşlarynyň we jemgyýetleriniň doly razyçylygy bilen, fiziki we emosional taýdan zyýan ýetirýän tejribeleri başdan geçirýär.

Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasynyň hasabatyna görä, gyz bilen baglanyşykly zorlukdan başlap, gyzlyk synagyna çenli azyndan 19 sany zyýanly amal adam hukuklarynyň bozulmagy hasaplanýar, olaryň içinde 3 sany iň köp ýaýran amala esasy üns berilýär: aýallaryň jyns agzalarynyň şikeslenmegi, çaga nikasy we gyzlar bilen deňeşdirilende, ogullara bolan has gowy garaýyş.

Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory doktor Natalýa Kanem: “Gyzlara garşy zyýanly hereketler olary ähli mümkinçiliklerine ýetmek hukugyndan mahrum edip, çuňňur we dowamly şikesi ýetirýär” – diýip nygtady.

Käbir ýurtlarda ogullaryň gyzlardan has ileri tutulmagy, jyns esasly saýlawlary ýa-da çagalykda ölümine sebäp bolýan aşa äsgermezlige itergi berdi, netijede “ýitirim bolan zenanlaryň” sany 140 milliona ýetdi.

Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada çaga nikasy, adatça, bikanun bolup, umuman pese gaçýar, emma sebitiň käbir ýerlerinde heniz hem giňden ulanylýar (käbir ýurtlarda 18 ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykan zenanlaryň sany 15%-e çenli; käbir jemgyýetde bolsa here iki zenanyň biri çagalykda durmuşa çykdy).

Ogullara bolan isleg Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň sebitlerinde-de adaty bolmagyna galýar, bu bolsa Günorta Kawkazyň we Günorta-Gündogar Ýewropanyň käbir ýerlerinde jynslaryň deňagramsyz gatnaşygyna getirýär, çünki ol ýerlerde gyzlardan has köp oglanlar dogulýar.  

Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýa ýaly halkara şertnamalary tassyklan ýurtlardan bu zyýanyň soňuny goýmak talap edilýär. Köp ýurt degişli kanunlary kabul etdi, ýöne diňe kanunlar ýeterlik däl. Birleşen milletler guramasynyň Ilat gaznasynyň hasabatyna görä, köp ýyllyk tejribe we gözlegler “aşakdaky ýokary” ýörelgesine esaslanan çemeleşmeleriň has gowy täsir edýändigini görkezýär.

BMG-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit gaznasynyň müdiri Alanna Armitaž: “Bu zyýanly amallaryň umumy bir sebäbi bar: gyzlar we zenanlar babatda giňden ýaýran we dowamly baha berilmezlik”. – diýip nygtady. “Emma biz durmuş kadalarynyň dogry ugurda üýtgeýändigini görýäris we biz - hökümetler, raýat jemgyýeti, täsir edijiler we görelde berijiler – bilelikde işläp, gyzlara zyýan berýän amallary geçmişe öwrüp bileris”.

Bütindünýä hasabatyň çap edilmegi mynasybetli, Türkmenistanda BMG-niň Ilat gaznasy adamlary maşgalalarynda gyzlaryň hukuklaryny giňeltmäge höweslendirjek #Arzylyzenan (#Shecounts) kampaniýasyna başlar. Atalarda, ýoldaşlarda we doganlarda gyzlarynyň bardygyna we gymmatlydygyna buýsanç duýgusyny döretmek maksady bilen, olar sosial ulgamlardaky kampaniýa gatnaşmaga çagyrylar.

Global COVID-19 pandemiýasy zerarly, käbir zyýanly amallary ýok etmekde öňegidişlik howp astyndadyr. Ýaňy-ýakynda geçirilen derňew gulluklaryň we maksatnamalaryň alty aýyň dowamynda ýapyk bolmagyna galsa, ýene 13 million gyzyň 2030-njy ýyla çenli durmuşa çykmaga mejbur bolup biljekdigini görkezdi.

Pandemiýa maşgalanyň ykdysady ýüküni azaltmak strategiýasy hökmünde mejbury irki nikalaşmak howpuny ýokarlandyryp biler. Karantin, mekdepleriň ýapylmagy we hereketiň çäklendirilmeleri bolsa ýetginjek gyzlaryň gün tertibini we olar üçin goldaw ulgamlaryny bozýar.

Armitaž: “Pandemiýa has köp gyzy howp astynda goýýar we öňegidişligimize zyýan ýetirýär” – diýip nygtady. “Dünýädäki gyzlaryň öz hukuklaryndan doly peýdalanmagyny, durmuşlary we bedenleri babatda saýlap bilmegini üpjün etmek üçin edýän tagallalarymyzy iki esse artdyrmalydyrys.”

Habar beriş serişdeleri babatda soraglar we söhbetdeşlikler üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Jens-Hagen Eschenbaecher (Stambul): +90 549 748 36 55 eschenbaecher@unfpa.org

Malene Arboe-Rasmussen (Kopengagen): +45 6166 1291; arboe-rasmussen@unfpa.org

Eddie Wright (Nýu Ýork): +1 917 831 2074; ewright@unfpa.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz