Press reliz

Marliniň maşgalasy Bob Marliniň “Bir söýgi” aýdymyny “täzeden döretmek” arkaly UNICEF-e goldaw berer

10 iýul 2020

  • Dünýäbelli senanyň täze görnüşiniň ýazylmagy UNICEF-iň çagalar üçin COVID-19-dan soňky dünýä jogap beriş, dikeldiş we täzeden gurluş babatda serişdeleri ýygnamak boýunça çagyryşy bolan “Reimagine” kampaniýasyna goldaw berer.

Marliniň maşgala agzalary UNICEF-iň adaty ýaşaýşy COVID-19 pandemiýasy zerarly bozulan çagalar üçin has adalatly we has oňat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin, merhum Bob Marliniň “Bir söýgi” (One Love) atly dünýäbelli aýdymyny täzeden döreder. 

“Tuff Gong International” we “Amplified Music” kompaniýalary 17-nji iýulda dünýäbelli aýdymyň täze görnüşini çykarar. Aýdymyň ýaýlymyndan we onuň bilen baglanyşykly çärelerden alnan ähli girdejiler COVID-19 pandemiýasynyň çagalar üçin uzak möhletli çökgünliginiň öňüni almagy we pandemiýadan soňky dünýäniň her bir çaga üçin has deňhukukly we adalatly bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýän UNICEF-iň bütindünýä kampaniýasy bolan “Reimagine” kampaniýasyna gönüden-göni goldaw bermek üçin sarp ediler.

Şu günden başlap, UNICEF-iň global hyzmatdaşy – “Pandora” zergärçilik öýi “Bir söýgi” başlangyjy üçin halk tarapyndan berlen her bir dollar, umumy jemi 1 million dollara ýetýänçä, iki esse artdyrar.

“Kakamyň kyrk ýyldan gowrak ozal ýazan “Bir söýgi ”aýdymynda dünýäniň köp kynçylyklara duçar bolan wagty agzybirlik, parahatçylyk we ähliumumy söýgi barada aýdylýar. “Bir ýere jemlenip” bilmeýän wagtymyzda-da aýdymyň pikiri möhümdir: tagallalary bir söýgi we bir ýürek arkaly jemlesek, bu global çökgünlikden halas bolup bileris” – diýip, Sedella Marli nygtady.

Birleşmek baradaky hemişelik çagyryşy bilen “Bir söýgi/adamlar taýyn” aýdymy ilkinji gezek 1977-nji ýylda Bob Marli we “Wailers” topary tarapyndan ýazga alyndy we birleşmek barada habary saklaýan bu aýdym dünýädäki millionlarça adam üçin belli aýdyma öwrüldi. Aýdymyň täzeden döredilen görnüşi dünýä derejesinde 2020-nji ýylyň hakyky senasyna öwrüler we Marli maşgalasynyň agzalaryny, dünýäniň dürli künjeklerinden meşhur sazandalary, dünýäniň gapma-garşylykly zolaklarynyň sungat işgärlerini, şeýle hem gowşak ýerli jemgyýetlerde ýaşaýan çagalary birleşdirer.

UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For: “Bir söýgi” aýdymy pandemiýa barada jedelsiz hakykaty tassyklaýar: diňe bütindünýä raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk arkaly COVID-19-y ýeňip, çagalar üçin has adalatly we kemsidilmelerden azat dünýäni gurmak arzuwymyzy amala aşyryp bileris” – diýip nygtady. “Marli maşgalasynyň “Pandora” bilen bilelikde iň ejiz çagalara kömek etmek üçin sahy goldaw, döredijilik we söýgi berendiklerine begenýäris.”

COVID-19 dünýädäki çagalaryň durmuşyny üýtgetdi we ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda bar bolan deňsizlik meselesini paş etdi. UNICEF-iň çaklamalaryna görä, pandemiýa zerarly saglyk ulgamlarynyň we hyzmatlarynyň gowşamagy dowam edýärkä, geljekki alty aýyň dowamynda dünýäde ýene 6000 çaga öňüni alyp boljak sebäplerden ýogalyp biler. Bu çagalaryň hemmesi diýen ýaly (90 göterimden gowragy) pes girdejili ýurtlarda ýa-da orta-pes girdejili ýurtlarda ýaşaýar. Çagalar COVID-19-yň gytaklaýyn täsirlerine, meselem, mekdebiň ýapylmagy, azyk ýetmezçiligi, başlangyç bejergä elýeterliligiň çäklendirilmegi we lukmançylyk esbaplarynyň kesilmegi ýaly täsirlere aşa ejizdirler.

Pandemiýa jogap hökmünde, UNICEF hökümetleri, jemgyýetçiligi, maliýe kömegini berijileri we hususy pudagy UNICEF-iň ýeterlik derejede jogap bermek, COVID-19 täsirine düşen dünýäni täzeden gurmak we gurmak baradaky tagallalaryna goldaw bermäge tiz çagyryş bolan “Reimagine” kampaniýasyny başlady.

“Reimagine” kampaniýasy üçin “Bir söýgi” başlangyjy tarapyndan toplanan serişdeler UNICEF-e sabyn, maskalar, ellikler, arassaçylyk enjamlary, gorag enjamlary we möhüm maglumatlary bermek arkaly çagalaryň we maşgalalaryň derwaýys zerurlyklaryny çözmäge kömek eder; UNICEF-iň bilim, durmuş goragy we saglyk ulgamlaryny gysga wagtda dikeltmek, has adalatly dünýä gurmak we çagalar üçin deň hukuklary üpjün etmek baradaky tagallalaryna goldaw berer.

Aýdymyň görkezilmegini goldamak üçin, “TikTok” sosial ulgam hyzmaty bir wagtyň özünde janköýerler üçin ýörite çäre we ýaryş gurnar. Bu barada goşmaça maglumat soň berler.

For: “Pandemiýanyň uzak möhletli täsirinden ejir çekmegi ähtimal çagalar we ýaşlar üçin ýagty geljegiň düýbüni tutmak üçin ajaýyp mümkinçiligimiz bar” – diýip belledi. – “Ýaşlar zorlugy bes etmegiň, adalatsyzlygy we kemsidilmeleri ýok etmegiň, has adalatly we abraýly jemgyýetleri gurmagyň wagtynyň gelendigini gaty ses bilen we biragyzdan aýtdylar. Dünýäniň galan böleginiň bu çagyryşyny diňlemegiň wagty geldi.”

##

Has giňişleýin maglumat we goldaw üçin unicef.org/one-love girip görüň.

2020-nji ýylyň 9-njy iýulyndan 31-nji awgustyna çenli “Pandora” zergärçilik öýi 1 million ABŞ dollary bolan umumy goşantynyň çäginde, UNICEF-iň “Bir söýgi” başlangyjyny işjeňleşdirmek üçin bagyş edilen her bir dollary iki esse artdyrar.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Helen Wylie, UNICEF, Nýu Ýork, Tel: +1 917 244 2215, h wylie@unicef.org

UNICEF barada

UNICEF dünýäde iň kyn ýagdaýdaky çagalara kömek bermek üçin, iň meseleli ýerlerde işleýär. 190 ýany ýurtda we araçäkde işläp, biz çagalar üçin, ähli adamlar üçin gowy dünýäni gurmak ugrunda işleýäris.

UNICEF we onuň çagalar aradaky işi boýunça has giňişleýin maglumat üçin, şu web-sahypa giriň  www.unicef.org.

UNICEF -e Twitter-de we Facebook-da ýazylyň.

Reimagine” kampaniýasy barada

Pandemiýa jogap hökmünde, UNICEF hökümetleri, jemgyýetçiligi, maliýe kömegini berijileri we hususy pudagy UNICEF-iň ýeterlik jogap bermek, COVID-19 täsirine sezewar bolan dünýäni täzeden gurmak we göz öňüne getirmek baradaky tagallalaryna goldaw bermek üçin gyssagly çagyryş bolan “Reimagine” kampaniýasyny başlady. Bilelikde biz bu pandemiýanyň çagalar, esasan hem iň ejiz adamlar üçin uzak möhletli çökgünligiň öňüni alyp bileris we her bir çaga üçin has adalatly dünýäni gurup bileris.

Bize goşulyň: https://www.unicef.org/coronavirus/covid-19/donate

“Tuff Gong” barada

Medeniýetiň görkünli wekili Bob Marli tarapyndan döredilen “Tuff Gong International” birleşigi reggi sazynyň meşhur öýi. Ýamaýkada doglan aýdymçy / aýdym ýazyjynyň durmuşy we aýdym-sazy pop medeniýetine şu güne çenli täsirini dowam etdirýän bütindünýä täsiri galdyrdy. “Tuff Gong” birleşiginiň Kingstondaky edara binasy esaslandyryjynyň aýdym-sazy ylham we güýç beriji gural hökmünde ulanmak baradaky düşünjesiniň beýanydyr. Ajaýyp birleşik ýazgy studiýasyny, aýdym-saz önümçiligini we paýlaýyş ofislerini, şeýle hem sebitdäki ýeke-täk winil ýazgy merkezini öz içine alýar.

 “Amplified Music” studiýasy barada

“Amplified Music” dünýäniň ähli sebitlerinden çökgünli zolaklaryndan örän zehinli aýdym ýazýanlar we sazandalar üçin platforma üpjün edýän durmuş ugrukdyryş studiýasydyr. Zehinlerimiz bilen dünýä belli sazandalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, ynsanperwer hyzmatdaşlygy arkaly bütindünýä aýdym-saz düşünjesini artdyrýarys. Biziň wezipämiz zehinli sazandalara we hyzmatdaşlara üstünlikleri bilen başgalara ylham bermek, aýdym-saz düşünjesini ýokarlandyrmak we adamlaryň durmuşynda hakyky we dowamly üýtgeşmeler üçin esas döretmek mümkinçiligini bermekden ybarat. Ähli girdejiniň göterimi çökgünlikli sebitlerde aýdym-saz taslamalaryny goldamaga gönükdiriler. “Amplified Music” studiýasy durmuşy üýtgedýän sazlary döredýär.  

“Amplified Music” studiýasy barada has giňişleýin maglumat üçin şu web-sahypa giriň: www.amplifiedmusic.com

“Amplified Music” studiýasyna Instagram-da we Facebook-da we Twitter-de goşulyň.

“Pandora” zergärçilik öýi barada

“Pandora” ýokary hilli materiallardan elde taýýarlanylýan şaý-sepleri döredýär, öndürýär we elýeterli bahalarda satýar. “Pandora” şaý-sepleri 100-den gowrak ýurtda, 2700-den gowrak dükany goşmak bilen, 7400 sany söwda nokadynda satylýar.  

Pandora şaý-sepler öýüniň edara binasy Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa dünýäde 28000 adam işleýär. Şaý-sepleri öndürmek Taýlandda, esasan, gaýtadan işlenen kümüşden we altyndan peýdalanyp, LEED şahadatnamasyny (energiýa-ekologiki dizaýnda liderlik) alan iki kärhanada amala aşyrylýar. 2025-nji ýyla çenli kompaniýa uglerody ulanmaýan kompaniýasy bolmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa, önümçilik döwründe uglerod zyňyndylaryny azaltmak üçin “Ylmy esasly maksatlar” başlangyjyna goşuldy. “Pandora” paýnamalary “Nasdaq Copenhagen” biržasynda hasaba alyndy we 2019-njy ýylda onuň satuwy 21,9 milliard Daniýa krony (2,9 milliard ýewro) boldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz