BMG-nyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş Türkmenistana iş sapary bilen ilkinji gezek geldi.
Baş Sekretar Türkmenistanyň Hökümeti bilen duşuşdy we BMG-nyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşiklere gatnaşdy. Gepleşiklere Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň, Terrorçylyga garşy çäreleri durmuşa geçirmek boýunça BMG-nyň ýörite maksatly toparynyň ofisiniň we BMG-nyň Terrorçylyga garşy merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Ondan başga-da, BMG-nyň Baş Sekretary Türkmenistanda BMG-nyň binasynda guramanyň işgärleriniň ýygnagyna hem gatnaşdy. Baş Sekretar işgärlere özüniň BMG-nyň Ösüş ulgamyny özgertmek boýunça gün tertibi barada esasy habarlary aýtdy we soraglara jogap berdi.
Ol: “Islendik guramanyň güýji önuň işgärlerindedir, şeýlelikde men BMG-nyň işgärleriniň dürli meseleler bilen iş salyşjagyna begenýärin. Häzirki wagtda BMG-nyň işiniň örän möhüm bolýandygy düşnükli” diýip aýtdy.
BMG-nyň Baş Sekretarynyň Türkmenistana iş sapary onuň Merkezi Aziýa iş saparlarynyň arasynda iň soňkusydyr. Ol bu saparyň öň ýanynda Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Täjigistana bardy.