Press reliz

Türkmenistanda maslahat beriş forumy çagalaryň hukuklary boýunça ýaşlar toparyny döretmegiň esasyny kemala getirýär

25 iýun 2019

«Biz, çagalar, biz bilen baglanyşykly meseleler boýunça hünärmen bolup, çagalara hem-de ýaşlara gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmekde Hökümete ýardam bermäge taýýar» diýip, ýaş delegat Diýar Lomanow Türkmenistanyň Mejlisi we ÝUNISEF tarapyndan gurnalan Ýaşlaryň maslahat berijilik forumynda aýtdy.

Çagalaryň bähbitleri boýunça hereketleriň milli maksatnamasynyň kabul edilmeginiň ilkinji şanly senesi mynasybetli geçirilen forumyň maksady çagalaryň we ýaşlaryň Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýa we Milli maksatnamanyň özüne gözegçilik etmäge gatnaşygyny ýaýbaňlandyrmakdan ybarat. 

 

Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýa her çagany onuň ýaşyny we ösüş aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, özleriniň garaýyşlaryny beýan etmäge çagyrýar. Çaganyň öz pikirini beýan etmäge bolan hukugy özbaşdak hukuk bolmak bilen bir wagtda, ähli beýleki hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin hem örän möhüm bolup durýar. Ondan başga-da, Milli maksatnama çagalaryň gyzyklanýan ähli meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmäge bolan erkinliginiň we medeni, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň ýagdaýda gatnaşmaga hukugynyň bolmagyny göz öňünde tutýar.

 

Interaktiw görnüşli okuwyň dowamynda, ýaşlaryň syýasatçylar köpçüliginiň öňünde Milli maksatnamanyň, Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň durmuşa geçirilişi, saglygy goraýyş, bilim, ykdysady abadançylyk, zorlukdan goranmak, çagalaryň gatnaşygy we çagalaryň Milli maksatnamany durmuşa geçirmekde tutup biljek orny ýaly alty sany maksady boýunça öz maslahatlaryny beýan etmäge mümkinçiligi bolupdy.

 

«Syýasy isleg we zerur bolan serişdeler bolanda, çagalar we ýaşlar biziň dünýämize pozitiw ýagdaýda täsir edip bilýär. Forumy guramak bilen, biz Hökümetiň çagalaryň hukuklary boýunça ýaşlaryň maslahat berijilik toparyny döretmek baradaky meselä garajakdygyna umyt edýäris» diýip, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň wekiliniň orunbasary Siradj Mahmudlu forumyň gatnaşyjylarynyň öňünde belledi.

 

«Ýurdumyzda çagalaryň gatnaşmagy üçin amatly şertleri hasaba alyp, biz durmuşymyz bilen baglanyşykly kanunlary we jemgyýetçilik syýasatyny işläp düzmekde ýardam bermäge taýýar. Biziň öýde, mekdepde, jemgyýetde ses bermek hukugyna hem-de ýaşlar guramalaryna ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligine eýe bolasymyz gelýär. Biziň durmuşymyza täsir edýän dürli çözgütleri kabul etmäge gatnaşasymyz gelýär» diýip, ýaşlardan wekilçilik edýän delegatlar Jennet Şatowa we Agageldi Döwletow dagylar aýtdy.

 

Eger ýurt ýaşlaryň maslahat berijilik toparyny döretse, bu topar Milli maksatnamany, ÝUNISEF bilen Hökümetiň bilelikdäki iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek we olara gözegçilik etmek, şeýle-de ýaşlar bilen baglanyşykly syýasatlary we kanunlary işläp düzmek we olary ara alyp maslahatlaşmak işine gatnaşyp bilerdi. Ondan başga-da, topar Adam hukuklary boýunça komitete hasabatlaryň berilmegine we ombudsmeniň ofisi bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bererdi.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz