BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi Türkmenistanyň çaga dogluşyny hasaba almak we çagalaryň arasynda raýatsyzlygy ýok etmek baradaky täze kanuny goldaýar
11 awgust 2020
- BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi şu gün Türkmenistanyň ene-atalarynyň kanuny ýagdaýyna garamazdan ýurtda doglan çagalaryň hemmesiniň hasaba alynmagyny kepillendirýän täze raýat ýagdaýlarynyň kanunynyň kabul edilmegini goldady.
2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren bu kanun ýurtda çagalaryň raýatsyzlygynyň öňüni alar.
BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Ýasuko Oda bu çäre barada şeýle belledi:
“Türkmenistanyň raýatsyzlyk meselesini çözmek baradaky uzakdan gelýän islegi halkara derejesinde ykrar edilmelidir. Täze kanuny düzgünler çagalaryň arasynda geljekde raýatsyzlygyň öňüni alar. Raýatsyzlygyň öňüni almak boýunça işiň gerimini ölçemek aňsat däl, ýöne bu ony azaltmak ýaly derejede möhümdir. Biz Türkmenistanyň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy azaltmak baradaky iň ýokary derejedäki pikiriniň bardygyna ýokary baha berýäris”.
Türkmenistanda dogluşy resmi taýdan hasaba alyş derejesiniň 99,6 göterimdigine garamazdan, resminamasyz adamlarda we kesgitlenmedik raýatlygy bolan adamlarda doglan çagalara doglanda hasaba alynman galmak howpy abanýardy.
Çaga dogluşyny hasaba almak raýatsyzlygy ýok etmek üçin möhüm çäre bolup durýar. Çaga dogluşyny hasaba almazlygyň özi çagalary raýatsyz galdyrmasa-da, dogluşy hasaba alnyşynyň we dogluş şahadatnamasynyň bolmazlygy adama maşgala gatnaşyklaryny we doglan ýerini tassyklamakda we, netijede, raýatlyk hukugyny ulanmakda kynçylyk döredip biler.
Täze kanun ýakynda Türkmenistan tarapyndan ýurtda raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak üçin ädilen birnäçe möhüm ädimleriň biridir. Bu 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirilen we Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini, raýat jemgyýetini we beýleki guramalary jemlän Raýatsyzlyk baradaky ýokary derejeli bölümde Türkmenistanyň beren wadasyna laýyk gelýär.
Soňky 15 ýylda, takmynan, 23000 bosgun we raýatlygy bolmadyk adamlar türkmen raýatlygyny aldy. Bu 2011-nji ýylda ýurduň Raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly 1954-nji ýyldaky konwensiýasyna goşulany bäri raýatlyk berlen, takmynan, 10000 töweregi öň raýatlygy bolmadyk adamlary öz içine alýar.
BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek baradaky #Ibelong Global kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde, ofis raýatlyk meselesini çözmek we täze ýagdaýlaryň öňüni almak ugrunda Türkmenistanyň Hökümeti we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen ýakyndan işleýär.
2018 we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Kanuny şahsyýet we Çagalaryň raýatsyzlygynyň öňüni almak boýunça iki sany sebitleýin maslahat guraldy. Bu ýokary derejeli duşuşyklar Merkezi Aziýada hiç bir çaganyň raýatsyz dogulmazlygyny üpjün etmegiň üsti bilen, dogluşyň hasaba alynmagynyň raýatsyzlygyň öňüni almaga nähili goşant goşup biljegini beýan etdi.
Raýatsyzlyk dünýädäki millionlarça adama täsir edýär we olara adamlaryň aglaba böleginiň arkaýyn ulanýan esasy hukuklary we resmi ykrar etmeleri ulanmaga ýol bermeýär. Bar bolan maglumata görä, dünýäniň 76 sany ýurdunda 4,2 milliona golaý raýatsyz adam bar, emma BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi raýatsyzlyk bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň hakyky sanynyň has köpdügini çaklaýar.
Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:
Ýelena Sim
E-poçta: sim@unhcr.org