Press reliz

Halkara Migrasiýa gullugynyň Türkmenistandaky wekilýeti adam söwdasyna garşy göreşýän jemgyýetçilik birleşikleri üçin onlaýn okuw geçirýär

02 sentýabr 2020

  • Koronawirus ýokanjynyň (COVID-19) häzirki global pandemiýasy adam söwdasynyň pidalarynyň ýagdaýyna we bu jenaýata garşy göreşmek üçin işleýän raýat jemgyýeti guramalarynyň işine ep-esli täsir edýär.

Şu gün 10 töweregi raýat jemgyýeti guramasynyň wekilleri – Halkara Migrasiýa gullugynyň hyzmatdaşlary – COVID-19 pandemiýasy netijesinde bu guramalaryň işlerini täze iş şertlerine uýgunlaşdyrmak ukybyny ýokarlandyrmak üçin strategiýalary işläp düzmek maksady bilen bir günlük onlaýn okuwlara gatnaşýarlar. Esasy üns içerki iş proseslerini guramakdaky üýtgeşmelere, adam söwdasynyň pidalaryna kömek we goldaw bermäge täze çemeleşmelere, şeýle hem, adam söwdasynyň öňüni almak üçin habarlylygy ýokarlandyrmagyň täze görnüşlerine gönükdirilendir.  

Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar işgärleriň uzakdaky işini has netijeli guramagyň usullary, ofisde işlän wagty görmeli öňüni alyş çäreleriniň görnüşleri we hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk saklamak üçin wideo aragatnaşygyny ulanmagyň ýollary, maglumat işini täze formatda alyp barmagyň usuly, şeýle hem maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny has giňişleýin ulanmak üçin haýsy mümkinçilikleriň bardygy barada öwrendiler.

Okuwyň netijesinde her bir gurama öz işini täze iş şertlerine uýgunlaşdyrmaga ýardam berjek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin gysga strategiýa bilen tanyşdyryldy. Bu okuw Norwegiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen Halkara Migrasiýa gullugynyň taslamasynyň çäginde gurnaldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz