Press reliz

Ministrler Ýewropa ýaşaýjylarynyň saglygyny gowulandyrmak boýunça bäş ýyllyk meýilnamany goldaýarlar

16 sentýabr 2020

Kopengagen, Daniýa

  • BSGG-niň Ýewropa sebitindäki 53 sany agza döwletiň saglygy goraýyş we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ministrleri şu gün BSGG-niň Ýewropa ofisiniň we agza döwletleriniň raýatlaryň saglygy goraýyş babatda zerurlyklaryny kanagatlandyrmak ugrunda bilelikde işlemegiň çemeleşmelerini beýan edýän 2020–2025-nji ýyllar üçin Ýewropa Iş Maksatnamasy (EPW) bolan täze meýilnamany tassykladylar.

“Adamlar öz saglyk ulgamlaryndan ýokary hilli we elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlaryny üpjün etmegini dogry talap edýärler; adatdan daşary ýagdaýlarda saglyk edaralarynyň saglygyny goramagyna garaşýarlar; sagdyn jemgyýetde üstünlikli we abadan durmuşda ýaşamagy isleýärler. Şu gün üstünlikli tassyklanan EPW bu kynçylyklary çözmek üçin iş meýilnamasyny teklip edýär” – diýip, BSGG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin müdiri doktor Hans Henri P. Kluge belledi.

“Agza döwletleriniň biziň sebitimizde saglygy goraýyş meselesi boýunça şu meýilnamany şeýle höwes bilen tassyklamagy şatlandyrýar. Olaryň saglygy goraýyş ulgamynyň barha artýan kynçylyklary zerarly sebitdäki raýdaşlyga ygrarlylygy we giň ýaýran deňsizlikleri çözmäge bolan islegleri meni begendirýär” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropada has gowy saglygy goraýyş üçin bilelikdäki hereket diýlip hem tanalýan EPW Ýewropa sebitiniň saglygy goraýyş boýunça ýygnagy bolan we şu ýyl 2020-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda wirtual formatda geçirilen BSGG-niň Ýewropa sebit komitetiniň 70-nji mejlisine ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklandy.

EPW-niň çäginde Ýewropa sebitiniň agza döwletleri üç sany esasy ileri tutulýan ugurda işlär:

  • hiç hili maliýe çäklendirmesiz ýokary hilli saglygy goraýyşa ähliumumy elýeterlilik hukugyny kepillendirmek;
  • saglygy goraýyş babatda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ilaty goramak; we
  • jemgyýetiň saglygy goraýyş çäreleriniň we dogry hökümet syýasatlarynyň abadançylyk ykdysadyýetinde has gowy ýaşaýyş şertlerini kepillendirýän sagdyn jemgyýetleri gurmak.

Bu esasy ileri tutulýan ugurlar Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine we 17 sany durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýar; şeýle hem, BSGG-niň 2019–2023-nji ýyllar üçin Umumy iş meýilnamasynda kesgitlenen global talaplara laýyk gelýär.

COVID-19 pandemiýasy Ýewropa jemgyýetiniň güýçli we gowşak taraplaryny aýan etdi. Saglygy goraýyş ulgamlarymyzyň hakyky ýagdaýyna gözümizi açdy. Uly ýaşly adamlar we psihologiki ýa-da akyl saglygy kömegine mätäç adamlar ýaly iň ejiz toparlar saglygy goraýyş bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda, köplenç, iň köp zyýan çekýärler; adamlar bilen saglygy goraýyş edaralarynyň arasyndaky raýdaşlyk we ynam howp astyndadyr; syýasatçylar saglygy goraýyş boýunça ýolbaşçylarynyň we alymlaryň pikirlerine gulak asmalydyrlar, çünki saglygy goraýyş we ykdysadyýet biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Pandemiýa bizi bu kynçylyklary çözmek üçin gyssagly hereket etmäge mejbur etdi, emma EPW bize jemgyýetiň ynamyny ýokarlandyrmaga, ilatyň saglygyny gowulandyrmaga we ahyrky netijede ýurtlarymyzdaky ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin çökgünlikden soňky dikeldiş prosesini ulanmaga mümkinçilik berýän bu kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollaryny hödürleýär”  diýip, Dr. Kluge jemledi.

COVID-19 pandemiýasyndan alnan sapaklar

Sebit komitetiniň mejlisinde Dr. Kluge COVID-19 pandemiýasy wagtynda sebitde saglygy goraýyş hyzmatlarynyň berilmegindäki aladaly bökdençlikler barada-da durup geçdi:

  • agza döwletleriň 68% -i ýokanç däl keselleri dolandyrmak, şol sanda süýji keseli we gipertoniýa keseli bolan adamlaryň saglygyna gözegçilik etmek we rak keselini barlamak bilen baglanyşykly hyzmatlary bermekdäki bökdençlikler barada habar berdiler;
  • ýurtlar döş rak keseliniň ölüminiň 10%, içegäniň rak keseliniň ölüminiň 15% ýokarlanjakdygyny habar berýärler we çaklaýarlar;
  • sebitdäki bäbekleriň umumy sanynyň jemi 22%-ini emele getirýän Ýewropanyň alty sany ýurdy adaty immunizasiýa meýilnamalarynyň bozulandygyny habar berdi; we
  • maý aýynda 28 sany ýurtda inçekeseli hasaba almagyň derejesiniň 50% peselendigi habar berildi.

Aşakda Sebit müdiriniň hasabatynda görkezilen COVID-19-a garşy göreşmek boýunça çäreleriň derňewinde çykarylan üç sany möhüm netije:

  • Saglygy goraýyş babatda adatdan daşary ýagdaýlara üstünlikli jogap bermek üçin raýdaşlyk zerur. Aýry-aýry adamlar bilen jemgyýetleriň, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlyk serişdeleriň alyş-çalşygyny, daşary ýurtly hassalary hassahanalara ýerleşdirmegi, beýleki ýurtlara lukmançylyk işgärleriniň iberilmegini we maddy-tehniki serişdeleri üpjün etmegi, şeýle hem gözlegi, ösüşi, önümçiligi tizleşdirmek we anyklaýşy, dermanlaryň we sanjymlaryň deň paýlanyşyny güýçlendirmek üçin döredilen COVID-19 gurallaryny tizleşdirijileriň elýeterliligi ýaly global başlangyçlara goşant goşmagy öz içine alýar.
  • Güýçli saglyk ulgamlary ilatyň saglygynyň howpsuzlygynyň açarydyr. Güýçli saglyk ulgamlary COVID-19-yň hadysalaryny yzarlamak üçin şahsy gorag enjamlary, synag enjamlary, reanimasiýa düşekleri we gurallary ýeterlik üpjün etmek, ýeterlik taýýarlykly işçi güýji bilen ideg etmegiň innowasiýa we toplumlaýyn usullaryndan doly peýdalanmak, durmuş hyzmatlar we sanly saglygy goraýyş çözgütleri bilen berk baglanyşyklar we iki taraplaýyn hyzmat bermek arkaly möhüm saglyk hyzmatlarynyň edilmegini goldamak arkaly pandemiýa täsirli jogap berip biler.
  • Saglygyň we ykdysady abadançylygyň bir teňňäniň iki tarapydygyny ykrar etmelidiris. Wirusyň ýokaşmagyna gözegçilik etmek kärhanalary we söwdany açmak üçin zerur şert bolup durýar we jemgyýetiň saglygynyň ykdysady ösüşiň, howpsuzlygyň we parahatçylygyň hereketlendirijidigini ykrar edip, adamlary we olaryň saglygyny syýasatyň merkezine goýmaga mümkinçilik döredýär.

Redaktorlara bellikler

2020–2025-nji ýyllar üçin Ýewropa Iş Maksatnamasy

EPW BSGG-niň Ýewropa ofisiniň we agza döwletleriniň raýatlaryň saglygy goraýyş babatda zerurlyklaryny kanagatlandyrmak ugrunda bilelikde işlemegiň çemeleşmelerini beýan edýär. Bu iş Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň global maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berjek üç sany esasy sebitleýin ileri tutulýan ugur bilen berkidildi:

  • hiç hili maliýe çäklendirmesiz ýokary hilli saglygy goraýyşa ähliumumy elýeterlilik hukugyny kepillendirmek;
  • saglygy goraýyş babatda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ilaty goramak; we
  • jemgyýetiň saglygy goraýyş çäreleriniň we dogry hökümet syýasatlarynyň abadançylyk ykdysadyýetinde has gowy ýaşaýyş şertlerini kepillendirýän sagdyn jemgyýetleri gurmak.

Saglykdaky deňsizligi azaltmak we hiç kimi yzda galdyrmazlyk bu üç sany ileri tutulýan ugruň daýanjy bolup durýar. Aslynda bu ýörelgeleri durmuşa geçirmek üçin saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmäge maýa goýmak, ýurtlaryň içindäki saglyk görkezijilerindäki jyns we durmuş taýdan tapawudy azaltmak, ejiz toparlaryň wekillerine aýratyn üns bermek we migrasiýa kynçylyklaryna jogap bermek zerurdyr.

EPW saglygy goraýyş pudagynda netijeli ýolbaşçylygy üpjün etmek we beýleki jemgyýetçilik pudaklary bilen aragatnaşyk saklamak ukyplaryny ösdürmek arkaly saglyk edaralarynyň ýolbaşçylyk ukybyny güýçlendirmegi maksat edinýär.

Medeni we özüni alyp barşyň derňewi, akyl saglygy, sanly saglyk we immunizasiýa boýunça dört sany başlangyç EPW-niň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin üýtgeşmeleri güýçlendirmek maksady bilen döredildi. Çuňňur özgerişler üçin mümkinçilikler döredýän bu öňdebaryjy başlangyçlar agza döwletleriň gün tertibinde esasy orun tutýar.

Agza döwletler, Ýewropa komissiýasy, Merkezi Ýewropa başlangyjy, BMG-niň gulluklary, raýat jemgyýetiniň wekilleri we BSGG-niň işgärleri bilen geçirilen intensiw maslahat beriş işiniň netijesi COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýämizde we sebitimizde bolup geçen ägirt uly üýtgeşmeleri hem göz öňünde tutdy.

BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit komiteti

BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit komiteti BSGG-niň Ýewropa sebitindäki dolandyryş edarasydyr. Ol sebitdäki ähli agza döwletleriň wekillerinden ybarat. Komitetiň mejlisi ýylda bir gezek sentýabr aýynda geçirilýär. Şu ýylyň mejlisi agza döwletler tarapyndan geçen ýylky mejlisde BSGG-niň sebitleýin müdiri wezipesine saýlanan Dr. Kluge tarapyndan geçirilen ilkinji Sebit komitetidir.

COVID-19 pandemiýasy zerarly şu ýyl ministrler, hyzmatdaş guramalar we raýat jemgyýetiniň wekilleri gysgaldylan maksatnama boýunça wirtual formatda işleýärler. Mejlis iňlis we rus dillerinde web ýaýlymy bolup, BSGG-niň Ýewropa sebitleýin ofisinde sosial media kanallarynda (#RC70Europe heştegi) görkezilýär.

 

Peýdaly salgylanmalar

2020–2025-nji ýyllar üçin Ýewropa Iş Maksatnamasy  – “Ýewropada has gowy saglyk üçin bilelikdäki hereket”

https://www.euro.who.int/en/about-us/governance/regional-committee-for-europe/70th-session/documentation/working-documents/eurrc7011-rev.-3-european-programme-of-work-20202025-united-action-for-better-health-in-europe

2019–2020-nji ýyllar üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça ofisiniň işi barada sebitleýin müdiriniň hasabaty

https://www.euro.who.int/en/about-us/governance/regional-committee-for-europe/70th-session/documentation/working-documents/eurrc705-rev.1-report-of-the-regional-director-on-the-work-of-whoeurope-in-20192020

BSGG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin komitetiniň 70-nji mejlisi (wirtual)

https://www.euro.who.int/en/about-us/governance/regional-committee-for-europe/70th-session

Has giňişleýin maglumat ýa-da söhbetdeşlik babatda ýüztutmalar üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Liuba Negru

Aragatnaşyk we metbugat gatnaşyklary bölüminiň işgäri

BSGG/Ýewropa

Tel.: +45 45 33 67 89

Ykjam tel: +45 20 45 92 74

E-poçta: negruL@who.int

Mahriban Seytliyeva Project Assistant WHO Turkmenistan

Mähriban Mullabaýewa

UNICEF
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz