Çökgünlik ýüze çykanda mobilizlemek: BMGÖM we hyzmatdaşlar Türkmenistanda global pandemiýa ýagdaýynyň täsirine sezewar bolanlara goldaw berýärler

COVID19 dünýäde ýaýran wagty oňa garşy göreşmek üçin näçe wagt gerek boljakdygyny we biziň nähili netijelere duçar boljakdygymyzy hiç kim bilmedi.

Hemmeler onuň möwsümleýin dümew ýaly tamamlanjakdygyna umyt edýärdiler. Biz adamlaryň pida boljakdygyny we onuň nähili derejede ykdysady we durmuş zyýanyny ýetirjekdigini bilmedik.

Türkmenistanyň Hökümeti COVID19-yň peýda bolmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin öz wagtynda çäreleri gören hem bolsa, ýurt şonda-da global pandemiýanyň täsirine sezewar boldy. 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap doly karantin we zerur hereket çäklendirmeleri girizildi. 2020-nji ýylyň maý aýyndan başlap, ähli jemgyýetçilik ýerleri ýuwaş-ýuwaşdan ýapylyp başlandy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda mekdebi başlamaly çagalar 15 adamdan ybarat toparlara bölündi we sapaklaryň dowamlylygy 20 minuda ýetirildi. Şeýle-de bolsa, bu pandemiýanyň diňe görnüp duran täsirleridir. Bu kyn pursatda goşmaça goldaw we kömek zerur bolan adamlar toparlary bar.

Birleşen milletler guramasynyň Ösüş maksatnamasy dünýäde pandemiýanyň täsirine garşy göreşmek üçin dünýä ýurtlaryna grantlary hödürleýän Tiz jogap beriş guralyny döretdi. BMGÖM-iň Türkmenistan boýunça ýurt bölümi häzirki ýagdaýda iň mätäçleri kesgitlemek üçin “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk etdi. “Tiz jogap beriş guraly boýunça teklibini taýýarlap başlanymyzda, Türkmenistanyň ejiz ilaty bilen eýýäm işläp gelýän ýerli hyzmatdaşlarymyza häzirki ýagdaýy seljermek üçin tejribelerini ulanmak maksady bilen ýüz tutduk. Pandemiýanyň käbir täsirleriniň eýýäm ýüze çykyp başlandygy sebäpli, bu iş tiz ýerine ýetirilmelidi we gaty ussat we näzik görnüşde edilmelidi” - diýip, BMGÖM-niň Hemişelik wekili Natia Natswlişwili belledi.

Netijede, 5000-den gowrak maşgala azyk we arassaçylyk ugratmalaryny aldy. Goldaw bukjalarynyň ilkinji bölegi “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan eýýäm Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda paýlandy. Goldaw bukjalarynyň ýene bir bölegi Lebap we Daşoguz sebitlerine ugradylyp, Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan paýlanar. Bu goldawy alýanlaryň arasynda pes girdejili maşgalalar, aýratyn zerurlygy bolan çagalar, maýyplar, köp çaganyň ýeke eneleri, ýeke ýaşaýan garrylar bar.

Bular goşmaça çykdajylar zerarly eýýäm ykdysady kynçylyklary çekýän we lukmançylyk hem-de beýleki hyzmatlary tölemeli ilat toparlary bolup durýar. Şeýlelik bilen, global pandemiýa ýagdaýynda Türkmenistanda we bütin dünýäde bu toparlar maliýe we jemgyýetçilik goldawyna mätäç bolan ýokary töwekgelçilik astyndaky toparlar hökmünde kesgitlenildi.

“Ejem ker we lal, dört çagamyň biri hem ker bolup doguldy. Başga bir çagamda beýni ysmazlygy bar. Çagalarymda bu keseller anyklanan wagty, munuň genetiki näsazlykdygyny bildim we maşgalamy eklemek üçin köp işlemeli bolýaryn” – goldaw bukjasyny alan dört sany çaganyň 35 ýaşly ejesi Jennet aýtdy.

Pes girdejili maşgalalar we maýyplar Türkmenistanyň Hökümetinden durmuş we maliýe goldawyny alýarlar. Ýöne global pandemiýa ýagdaýynda serhetleriň ýapylmagy zerarly käbir önümleriň bahasy ýokarlandy we, şeýlelik bilen, maşgalalar üçin goşmaça çykdajylara getirdi.

“Çagalary terbiýelemäge kömek edýän gaýynlarym bilen ýaşaýarys, ýöne iki sany maýyp çagamyzyň bardygyny göz öňünde tutup, 8 adamdan ybarat bolan maşgalany eklemek gaty kyn. Çagalarymyň mynasyp adamlar bolup ýetişmegini we meniň ýaly kynçylyklary görmezligini hem-de özlerini beýleki çagalar bilen deň duýmagyny arzuw edýärin. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda alýan goldawym gazanan pulumy çagalarymy mekdebe taýýarlamak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.”

Jemgyýetçilik ýerleriniň ýapylmagy zerarly, käbir iş berijiler işgärlerini tölegsiz boşatdylar. Käbir adamlar üçin bu uly meselä öwrüldi.

Iki çaganyň kakasy 42 ýaşly Rejep: “Aýalym maşgalamyzda işleýän ýeke-täk agza. Iki çagamyz bar we olaryň biri maýyp. Meniň çagalara seretjekdigim barada karara geldik, sebäbi aýalymyň has gowy işi bardy. Ýöne global pandemiýa zerarly, iş berijisi işini ýapdy. Ol aýalyma 2 aý üçin töledi, ýöne ýagdaýyň üýtgemeýändigini göz öňünde tutup, tölemegini bes etdi. Aýalym aşpez, men abatlaýyş işlerini edýärin. Biz heniz hem bir gezeklik iş tapýarys we ony uly şatlyk bilen ýerine ýetirýäris. Bize berlen iýmit we arassaçylyk ugratmalary garry ene-atalarymyza we çagalarymyza birnäçe wagtlap goldaw bermäge we oglumyz üçin mekdebe pul tygşytlamaga mümkinçilik berer” – diýdi.

Iýmit we arassaçylyk bukjalaryny paýlamagyň çäginde BMGÖM, “Ýeňme” Ikinji jahan urşunyň weterany Sergeý ýaly ýeke galan garry adamlaryň ýanyna hem bardy. Uruşdan gaýdyp gelende, Sergeý teplisa ýaly ownuk gurluşyk meýdançalarynda ýolbaşçy bolup işledi. “Meniň neslim kyn günleri başdan geçirdi. Ýaşlara has gowy durmuşy arzuw edýärin, olar elmydama ene-atalaryny we garry ene-atalaryny diňlemeli. Nesilimiň köpüsi söweşe gidenimiz zerarly okap bilmedi. Watanymyzy häzirki ýaşaýyş we asudalyk üçin goradyk! Indi bagtly döwürde ýaşaýarys. Şeýlelik bilen, ähli ýaşlara okamagy, okamagy we ýene okamagy maslahat berýärin ...”

2020-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanda Birleşen milletler guramasynyň goldawy bilen döredilen Ýiti ýokanç keseller pandemiýasyna tiz durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasyny kabul etdi. Meýilnamany işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin BMGÖM tarapyndan tehniki ýolbaşçylyk edilýär. Bu Durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasy global pandemiýanyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsirini azaltmak üçin toplumlaýyn goldaw beriş bukjasyny emele getirýän bäş sany ugurdan ybarat bolup, ol, esasan hem, “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine laýyklykda iň gowşak toparlarda ünsüni jemleýär.

Meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda global pandemiýa ýagdaýynyň täsirleriniň uzak möhletli çözgüdi bolar. 

Tarapyndan ýazylan
Author
Nazik Avlyakulova
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
UNDP
Nazik Avlyakulova Communications Analyst UNDP Turkmenistan