Press reliz

Merkezi Aziýada we Owganystanda Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň "Ýagtylygyň Şöhlesi" atly flagman başlangyjy başlandy

08 dekabr 2020

  • Jyns esasynda zorluga garşy 16 işjeňlik günleriniň çäginde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammediň, Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Jutta Urpilaýneniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa we Owganystana gönükdirilen "Ýagtylygyň Şöhlesi" başlangyjynyň sebitleýin maksatnamasy resmi taýdan başlandy.

Bu sebitleýin maksatnamanyň tassyklanan ilkinji býudjeti 4,3 million ABŞ dollary bolup, dünýäniň 25-den gowrak ýurtlarynda we sebitlerinde, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän, zenanlara garşy zorlugyň dürli görnüşlerine we zyýanly amallara gönükdirilen global başlangyçlaryň bir bölegidir.

Maksatnama Merkezi Aziýada we Owganystanda aýal-gyzlara garşy jyns esasyndaky zorlugy ýok etmek boýunça tagallalaryň güýçlendirilmegini we ösüşiň depginini haýalladýan päsgelçilikleri üns merkezinde goýýar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Muhammed gatnaşyjylara: “COVID-19 pandemiýasy ýüze çykan döwründen başlap jyns esasynda we maşgaladaky zorluklaryň sany dünýä ýüzi boýunça artdy, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletlerinde we Owganystanda” - diýip ýüzlendi.

"Ýagtylygyň Şöhlesi" maksatnamasy Merkezi Aziýanyň bäş sany ýurdunda, şeýle hem Owganystanda milli gyzyklanýan taraplaryň we 35 million aýal-gyzlaryň goşant goşjak we ondan peýdalanjak jynsy taýdan zorlugyň we zyýanly amallaryň ýok bolan gurşawyny döretmegi maksat edinýär.

Gazagystandaky Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Jenap Swen-Olow Karlsson:“Men bu sebitdäki hökümetleriň, edaralaryň we raýat jemgyýeti guramalarynyň uzak wagtlap ýolbaşçylyk edip we işjeň goldaw berip "Ýagtylygyň Şöhlesi" başlangyjyna goşant goşjaklaryna ynanýaryn. Hökümetleriň we edaralaryň jyns deňligini öňe sürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçmek meni begendirýär. Şol sebäpli biz möhüm bolan kanunlaryň we syýasatlaryň ygtybarly durmuşa geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" - diýip aýtdy.

"Ýagtylygyň Şöhlesi" başlangyjy esasy guramalar we dürli hyzmatdaşlar bilen bilelikde hereket edip, sebitde kanunçylyk reformasy, öňdebaryjy tejribäni ösdürmek, şeýle hem edaralaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, sosial normalary we garaýyşlary ýeňip geçmek, raýat jemgyýetini we aýallaryň hereketlerini güýçlendirmek ýaly ugurlarda birleşikleri gurmaga gönükdiriler. Mundan başgada, bu çäreler sanly sowatlylygy öwrenmäge gönükdiriler, şeýle hem aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryna hormat goýmak we ony goramak üçin esasy gyzyklanýan taraplary goldamaga çagyrar. Bu başlangyç BMG-niň Gazagystandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan alnyp barylar we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) we BMG Zenanlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Gazagystandaky hemişelik utgaşdyryjysy Mikaýela Friberg-Stori hyzmatdaşlara we myhmanlara ýüzlenip: “Ýagtylygyň Şöhlesi başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynyň şahsy saglyga we bitewilige, maşgalalara, jemgyýetlere we bu sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin global tagallalara howp salýan zorluk pandemiýasyna garşy göreşýän döwletlere goldaw bermegi üçin möhüm platforma döreder" - diýdi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar aýal-gyzlara garşy zorluk bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ugrunda alyp barýan işleri we bu ugurda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdiler. Zorlugyň islendik görnüşine garşy göreşmek üçin BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, hökümetiň, gyzyklanýan taraplaryň, ýolbaşçylaryň, aýallaryň, erkekleriň, gyzlaryň we oglanlaryň hemmesiniň gatnaşmagy, şeýle hem edim-gylymlaryny we pikirlerini üýtgetmekleriniň zerurdygy barada köpçülikleýin ylalaşyk gazanyldy.

"Ýagtylygyň Şöhlesi" başlangyjy - hökümet, hyzmaty üpjün edijiler, raýat jemgyýeti we beýleki esasy gyzyklanýan taraplar ýaly köp gyzyklanýan taraplar arkaly aýal-gyzlara garşy zorlugy ýok etmek üçin köp pudaklaýyn, utgaşdyryjy we bitewi çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Pekin Jarnamasynyň we Hereket platformasynyň 25 ýyllygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyny bellenýän möhüm bir ýylda işe girizilen, "Ýagtylygyň Şöhlesi" başlangyjy zenanlaryň zorluksyz durmuşda ýaşamak hukugyny açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär.

 

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşyň:

• Gazagystandaky BMG-niň metbugat hünärmeni Hanym Elnara Baýnazarowa:

 tel: +7 701 9400086, e-poçta: elnara.bainazarova@un.org,

• Gazagystanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň metbugat kömekçisi Hanym Ýerkežan Amriýewa:

tel: +7 775 6730823, e-poçta: yerkezhan.amriyeva@eeas.europa.eu

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz