Ýolbaşçylyk akademiýasynyň we innowasion barlaghanasynyň netijeleri boýunça ýaşlaryň forumynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden ýaşlar ýygnandy.
Foruma hökümet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň guramalarynyň, ösüş boýunça hyzmatdaşlarynyň we Birleşen milletler guramasynyň agentlikleriniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden 80-e golaý adam gatnaşdy. Ýurduň paýtagtyndan we bäş sany welaýatyndan öňdebaryjy ýaşlar akademiýanyň işiniň dowamynda işlenilip düzülen 28 sany taslamadan alty sanysyny görkezdiler.
“Türkmenistanyň ýaşlary döwletiň ösüşine özleriniň oňyn we netijeli goşantlaryny goşmagy isleýändikleri aýdyň” diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa özüniň garşy alyş sözünde belledi. “Ýolbaşçylyk akademiýasynyň we innowasion barlaghanasynyň innowasion işleri ýaşlaryň döwletiň durmuşyna gatnaşmagy üçin netijeli platforma bolup hyzmat edýär. Şeýle platformalar Ýaşlar syýasaty baradaky kanunyň, şeýle hem bu ugurda Döwlet Maksatnamasynyň we Hereketleriň Meýilnamasynyň üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup durýar.”
Ýolbaşçylyk akademiýasy we innowasion barlaghanasy BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) başlangyjy bolup, ol Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda akademiýa türkmen ýaşlary durmuş innowasion taslamalary oýlap tapmak we döretmek üçin platforma bilen üpjün etdi. Durmuş innowasion taslamalar Ýaşlar syýasaty baradaky kanuny durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky Döwlet Maksatnamanyň esasy bolup hyzmat eder.
Mekdep okuwçylarynyň, ýaş hünärmenleriň, hünärment okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mümkinçiligi çäkli ýaşlaryň we howp toparyna degişli ýaşlaryň 220-ä golaýy jemgyýetde bar bolan meseleleri öwrenmek, olary ara alyp maslahatlaşmak, olar barada pikir alyşmak we çözgütleri teklip etmek maksady bilen bäş günüň dowamynda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar. Akademiýa durmuş innowasion taslamalary işläp düzmegiň üsti bilen ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, özleriniň hukuklaryna düşünmek, döredijilikli oýlanyşygy öňe sürmek we raýat jogapkärçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ruhlandyryjy gurşawy döretmek üçin platforma hökmünde hyzmat etdi.
Ýaşlaryň öňdebaryjylygyny we meseleleri çözmäge gatnaşmagyny wagyz etmek ÝUNFPA-nyň işiniň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň maksady ýaşlary, esasan hem gyzlary özleriniň maşgalalaryna, jemgyýetine we ýurduna oňyn goşandy goşmagy üçin zerur bolan başarnyklary, bilimleri we goldawy bilen üpjün etmäge ýardam bermekden ybaratdyr.