Durnukly moda – Türkmenistanda BMG üçin täze oýlanyş usuly
Türkmenistanda BMG-niň topary özüniň nobatdaky “ýaşyl” başlangyjynyň başyny goýdy, bu gezek ol Durnukly moda bilen baglanyşykly. Bu näme sebäpden meşhur boldy?
Häzirki wagtda dokma senagaty howa şertlerimize abanýan howplaryň iň ulusy bolup durýar. Bu barada özlerine bilim bermek, senagaty özgerdip we ulanyşyň durnukly usullarynyň öňden bäri bolan garşydaşyny ýuwaş-ýuwaşdan özleriniň tarapdaryna öwürip durnukly modadan peýdalanmak sarp edijilere bagly bolup durýar.
Biziň çärämiziň maksady dokma önümlerini hem-de ulanylan egin-eşikleri durnukly ýagdaýda ulanmaga ýardam bermekden we galyndylary azaltmak, olary täzeden ulanmak we gaýtadan işlemek tejribesine goldaw bermekden ybarat boldy. Şeýlelikde, biz öňden bäri ulanylýan nusgalaryň çäginden daşgary pikirlenmäge we durnukly ösüşiň çäklerinde ýaşamaga başladyk. Şu ýylyň çäresiniň üsti bilen biz modanyň durmuşa, ykdysadyýete we daşky gurşawa bolan ýaramaz täsirlerini azaltmaga gönükdirilen işleri goldamagy maksat edinýäris.
Şeýle-de, bu biziň galyndylary azaltmak, olary täzeden ulanmak hem gaýtadan işlemek tejribämize laýyk gelýär we egin-eşikleri, dokma önümlerini we öý bezeglerini täzeden ulanmak we ulanylan zatlary satyn almak, şeýle-de harytlar satyn alnan mahaly plastik paketlerine derek matadan edilen paketleri ulanyp plastik önümlerini ulanyşdan aýyrmak ýaly ýollaryň üsti bilen modanyň ykdysady taýdan has tygşytly bolup biljekdigi baradaky pikiri öňe sürýär.
Ýerli ýaş dizaýnerler ulanylan egin-eşiklerden we zatlardan taýýarlanan täze egin-eşikleri, torbalary we öý üçin bezegleri görkezmek ugrunda işlediler.
Çagalar we zenanlar üçin täzeçe bezelen egin-eşikler görkezildi. Myhmanlarymyzyň egin-eşikleri, aýakgaplary we bezeg önümlerini satyn almaga mümkinçiligi bolupdy.
BMG-niň topary geçen ýyldan bäri tygşytlamanyň käbir usullaryny işläp düzdi. ÝUNISEF Türkmenistan bu işe ýolbaşçylyk edýär. BMG-niň binasynda lýuminesent lampalary diod lampalaryna çalşyryldy, adamyň otagda bolmagyny hasaba alýan görkezijiler we şeýle görkezijileri bolan diod lampalary gurnaldy. Ondan başga-da, biz çäreler we duşuşyklar mahaly plastik gaplaryna derek aýna gaplaryny we bulgurlaryny ulanyp başladyk. Biz iş kagyzlaryny gaýtadan ulanyp başladyk we ulanylan egin-eşikleri, öý hojalygynyň önümlerini, oýnawaçlary we kitaplary ýygnap, olara mätäç bolan adamlara paýlaýarys.