Press reliz

Türkmenistanyň hökümeti we BMG-niň Zenanlaryň meseleleri boýunça edarasynyň sebitleýin bölümi howanyň üýtgemegi şertlerinde gender deňligi boýunça sebitara geňeşmeleri geçirdi

15 fewral 2022

  • Şu gün Türkmenistanyň hökümeti, şeýle hem Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça BMG-niň Zenanlaryň meseleleri boýunça edarasynyň sebitleýin bölümi aýallaryň ýagdaýy baradaky Komissiýanyň (AÝK) 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek üçin Merekzi Aziýa ýurtlar üçin Aşgabat şäherinde sebitleýin geňeşlerini geçirdi.

Bu ýyl AÝK-niň 66-njy mejlisiniň mowzugy “Howanyň üýtgemegi şertlerinde daşky gurşaw we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak baradaky syýasatlar we maksatnamalar arkaly gender deňligini gazanmak we ähli aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak.”

Geňeşleriň dowamynda gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we onuň sebitde aýal-gyzlara edýän täsiri barada pikir alyşdylar; bu ugurda aýallaryň ýolbaşçylygyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri paýlaşdylar we howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we betbagtçylyklaryň töwekgelçililiklerini azaltmak boýunça çäreleri görmek üçin teklipleri taýýarladylar.

Geňeşlere gender deňligini üpjün etmek boýunça milli edaralaryň, daşky gurşawy dolandyrmak we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edaralaryň, parlamentleriň, raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri we ýaşlar, gender meseleleri boýunça bilermenler, BMG-niň howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň milli utgaşdyryjylary, şeýle hem ylmy-gözleg we barlag merkezleri gatnaşdy. Mundan başga-da, geňeşlere sebitleýin guramalar we edaralar - Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça aýallaryň gepleşikleri, Merkezi Aziýa üçin adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça merkezi gatnaşdy.

Howanyň üýtgemegi, guraklyk, suw joşmalary, ýer titremeleri we süýşmeler ýaly tebigy betbagtçylyklara sezewar bolan Merkezi Aziýa uly täsir edýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyklar zerarly Merkezi Aziýada ýylda 10 milliard dollar sarp edilýär we olar sebit boýunça her ýyl 3 million adama täsir edýär.

Tebigy betbagtçylyklar adamlaryň durmuşyna we abadançylygyna zyýan ýetirmegi we howp salmagy, şeýle hem sebitde ykdysady girdejileri pese gaçyrmagy bilen, bu töwekgelçilikler azyk, suw we energiýa bilen üpjün edýän aýal-gyzlara uly täsirini ýetirýändigi mälimdir. “Merkezi Aziýa, howanyň üýtgemegi meselesiniň çözgüdini tapmak ugrunda aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini çäklendirip bilmez. Biz olaryň ähli derejede gatnaşmagyny ykrar etmeli, olara baha bermeli, goldamaly we maliýe taýdan goldaw bermeli "- diýip, Aliýa El-Ýassir, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlar üçin BMG-niň Zenanaryň meseleleri boýunça sebitleýin direktory aýtdy.

Gender kadalary we häkimiýetiň gurluşy howanyň üýtgemegi boýunça meseleleriň aýallaryň we erkekleriň ýagdaýyna tapawutly täsir etmeginde möhüm orun tutýar. Aýallar howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga gönükdirilen çözgütleri işläp düzmek prosesiniň aýrylmaz bir bölegi bolmalydyr. Şeýlelik bilen, aýal-gyzlara öz pikrlerini aýtmaga, hereket etmäge we ýolbaşçy wezipelerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermek çydamlylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, şeýle hem gender deňligini gazanmak we adam hukuklaryna hormat goýmak üçin zerur şertdir.

Gender meselesi we howanyň üýtgemeginiň täsiri baradaky jyns taýdan bölünmedik maglumatlar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça milli syýasatlarda, şol sanda betbagtçylyga sezewar bolan ýurtlarda ýok.

Bar bolan deňsizlikler, gender orunlar we garaşmak sebäpli aýal-gyzlaryň sebitde howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak üçin serişdeleri az:

  • Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde howa babatynda milli we global gepleşikler guramalarynda aýallaryň ortaça wekilçiligi 30% -den hem az;
  • Howanyň üýtgemegi zerarly işçi güýjüniň deň bolmadyk derejede paýlanmagy haçan-da aýallar maşgala agzalaryna ideg edenlerinde hasam ýokarlanýar, olaryň saglygy daşky gurşawyň zyýanly täsirleri sebäpli pese düşdi;
  • Howanyň üýtgemegi saglyga täsir edýän köp sanly sosial we daşky gurşaw faktorlaryna, şol sanda aýallaryň reproduktiw saglygyna ýaramaz täsir etdi;
  • Howanyň ýaramaz şertleri dünýäniň köp ýerinde ekinleriň hasyllylygyny we agrobiodürlüligini pese düşürýär, bu bolsa oba ýerlerinde aýal-gyzlaryň gündelik durmuşynyň hilini has hem peseldýär (girdejiniň bolmazlygy);
  • Howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykan suw ýetmezçiligi aýal-gyzlary suw gözlemek üçin uzak aralyklara gitmäge mejbur edýär, bu bolsa olaryň köp wagtyny sarp etmegine, saglyk ýagdaýynyň pese düşmegine we howpsuzlygynyň howp astyna düşmegine sebäp bolýar.

Bu çäräniň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryna AÝK-niň 66-njy sessiýasynyň geňeşlerine taýýarlanmaga goldaw bermek we howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreler barada teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdyr.

Netijede, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça BMG-niň Zenanlaryň meseleleri boýunça edarasynyň sebitleýin bölümi ara alyp maslahatlaşmak üçin gysgaça mazmuny taýýarlar.

Has giňişleýin maglumat üçin, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça BMG-niň Zenanlaryň meseleleri boýunça edarasynyň sebitleýin bölüminiň aaragatnaşyk hünärmeni Gulnäz Imamniýazowa ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz