BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaozýun Greýs Wanyň 2026-njy ýylyň Hazar deňzi güni mynasybetli eden çykyşy
Txrkmenistan, Awaza
Gadyrly myhmanlar, hormatly gatnaşyjylar, hanymlar we jenaplar!
Türkmenistanda bolan döwrümde halkyň topraga, suwa we jemgyýete bolan çuňňur hormatyna ýokary baha berýändigini gördim. Garagumyň Hazar deňziniň suwlary bilen birleşýän ýeri bolan Awazada durup, bu deňziň diňe bir geografik aýratynlyk däldigine ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. Ol ýaşaýşyň we özboluşlylygyň, mümkinçilikleriň we umumy rowaçlygyň çeşmesidir.
Şonuň üçin Hazar deňzi gününde siziň bilen bile bolmak we häzirki hem-de geljekki nesiller üçin bu täsin ekoulgamy goramak baradaky umumy ygrarlylygymyzy ýene-de tassyklamak meniň üçin uly hormatdyr.
Birleşen Milletler Guramasy Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuny makullaýar we goldaýar. Hazar deňziniň hödürleýän mümkinçilikleri ähli ýurtlara peýda getirýär, onuň öňünde duran çylşyrymly meseleleri bolsa hiç bir ýurt ýeke çözüp bilmez.
Tähran konwensiýasy we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bilelikdäki hereketler üçin möhüm esas döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýakynda kabul edilen we 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan edýän rezolýusiýa — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň 10 ýyllygyna gabat gelýän ýyl hökmünde — netijeli hyzmatdaşlygyň berk institutlara, umumy borçnamalara we halkara hukugyna hormat goýulmagyna baglydygyny ýene-de bir gezek öz wagtynda ýatladýar.
Şol bir wagtyň özünde, bu tagallalar Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynda kabul edilen Awaza syýasy jarnamasynyň we Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine hem goşant goşýar. Şeýle hem olar durnuklylygy ýokarlandyrmaga, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, durnukly baglanyşygy ösdürmäge, sanly özgertmeleri amala aşyrmaga we durnukly ösüşi maliýeleşdirmäge ýardam berýär.
Hormatly myhmanlar!
Geljege nazar aýlanymyzda, Hazar deňziniň öňünde duran kynçylyklara jogabymyz ylma esaslanmaly, innowasiýalar arkaly tizleşdirilmeli, adamlaryň bähbitleri tarapyndan ugrukdyrylmaly, hyzmatdaşlygyň üsti bilen berkidilmeli we halkara hukugy tarapyndan üpjün edilmelidir.
Birinjiden, ylym biziň esasy daýanjymyz bolmalydyr.
Hazaryň öňünde duran meseleler biri-biri bilen çuňňur baglanyşyklydyr. Klimatyň üýtgemegi, biodürlüligiň azalmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy we suw derejesiniň üýtgemegi diňe bir daşky gurşawa täsir etmeýär. Olar iş orunlaryna, jemgyýetiň saglygyna, infrastruktura, azyk howpsuzlygyna we ykdysady ösüşe hem täsir edýär.
Netijeli çäre görmek üçin bize köp ugurly çemeleşme zerurdyr. Hazar sebitinde bolup geçýän wakalary hiç bir aýratyn ylmy ugur doly düşündirip bilmez. Şeýle hem hiç bir edara ýa-da gurama ähli zerur jogaplary ýeke-täk berip bilmez. Klimat boýunça alymlaryň, deňiz we biodürlülik boýunça hünärmenleriň, gidrologlaryň, ykdysadçylaryň, jemgyýetçilik ylymlarynyň hünärmenleriniň we tehnologiýa boýunça hünärmenleriň arasynda has berk hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.
Tähran konwensiýasy eýýäm ylmy hyzmatdaşlyk üçin möhüm çarçuwa döredýär. Şu binýada daýanyp, sebit ylmy torlaryny berkitmeli, maglumat alyş-çalşygyny giňeltmeli we sebitiň uniwersitetlerini hem-de ylmy-barlag edaralaryny birleşdirjek Hazar ylmy hyzmatdaşlygyny döretmek mümkinçiligine seretmelidiris. Ylym bize bolup geçýän üýtgeşmelere düşünmäge, geljekdäki töwekgelçilikleri öňünden görmäge we has gowy çözgütleri bilelikde kabul etmäge kömek eder.
Ikinjiden, innowasiýalar we tehnologiýalar biziň hereketlerimizi tizleşdiriji güýç bolmalydyr.
Häzirki wagtda tehnologiýalar, şol sanda sanly gurallar, täze we kuwwatly çözgütleri hödürleýär. Ýeri synlamak ulgamlary, uzak aralykdan zondirlemek, emeli aň we ösen maglumat platformalary daşky gurşawdaky üýtgeşmelere gözegçilik etmek we olara jogap bermek usullarymyzy düýpli özgertýär.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa üçin Klimat tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Bu merkez ylmy, döwlet syýasatyny, maliýeleşdirmegi we innowasiýalary birleşdirýän platforma öwrülip biler. Şeýle hem ol klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we ekoulgamlary dikeltmek boýunça amaly çözgütleriň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge ýardam edip biler.
Üçünjiden, iň möhümi bolsa, adamlar üns merkezinde galmalydyr.
Ylym bize bilim berýär. Tehnologiýalar mümkinçilikleri giňeldýär. Emma ne ylym, ne-de tehnologiýa özbaşdak üýtgeşmeleri döredip bilýär. Olary adamlar döredýär.
Biz ýerli jemgyýetleriň öz geljegine täsir edýän çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmaga mümkinçilikleriniň bolmagyny üpjün etmelidiris. Ýerli bilimler bilen ylmy bilimler biri-biri bilen bäsleşýän düşünjeler däldir. Olar düşünjäniň we tejribäniň biri-biriniň üstüni ýetirýän çeşmeleridir.
Ýaşlara aýratyn üns berilmelidir. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşlar eýýäm klimaty goramak boýunça hereketleriň we ekologik innowasiýalaryň öňdebaryjylary bolup durýarlar. Hazar sebitiniň ýaşlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek diňe bir ertirki güne goýulýan maýa goýum däldir. Bu, şu gün zerur bolan çözgütlere goýulýan maýa goýumdyr.
Hormatly kärdeşler!
Öz medeni mirasymda hem suwa aýratyn ähmiýet berilýän adam hökmünde, men köplenç suwuň iň uly güýjüniň we asyllylygynyň başgalary ýeňmekde däl-de, dürli akymlary birleşdirmek we olaryň bir ýere jemlenmegine mümkinçilik bermek, şeýle hem ýaşaýşy goldamak we iýmitlendirmek ukybynyň bardygyny ýatlaýaryn.
Hazar deňzi güni hem şol hakykatyň beýanydyr: ol bizi umumy paýhasymyza we bilelikdäki hereketlerimize, ahyrky netijede bolsa hemmeler üçin has durnukly we çydamly geljek baradaky umumy ygrarlylygymyza daýanmaga çagyrýar.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan we Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmagynda galýar.
Üns bereniňiz üçin sag boluň.