Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan Mahatma Gandiniň doglan gününiň 157 ýyllygy we Halkara zorluksyzlyk güni mynasybetli şu gün siziň bilen bile bolmak meniň üçin uly hormatdyr.
Gandiniň mirasy onuň ýaşan döwrüniň we ýurdunyň çäklerinden has uzaklara ýaýrady. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde birnäçe nesli ruhlandyrdy we şu gün hem bizi çuňňur oýlanmaga çagyrýar. Köp sanly özara baglanyşykly kynçylyklar we gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki dünýäde, onuň öz döwründe öňe süren sowallary heniz hem derwaýys bolup galýar, belki-de, häzirki wagtda olar has-da möhüm ähmiýete eýedir:
Biz parahatçylykda nädip bile ýaşap bileris? Biz güýç ulanmazdan, zorluga ýüz urmazdan öz ygtyýarymyzy nädip amala aşyryp bileris?
Başgalaryň bähbitlerine zyýan ýetirmezden, öz bähbitlerimizi nädip öňe sürüp bileris?
We düşünişmezlikleriň gapma-garşylyklara öwrülmegine ýol bermän, olary nädip çözüp bileris?
Gandiniň meşhur sözi bar, “Zorluksyzlyk güýçlüleriň ýaragydyr”. Bu pikir häzirki halkara gatnaşyklary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletleriň hemişe dürli bähbitleri, garaýyşlary we ileri tutýan ugurlary bolar. Biz gepleşikler, diplomatiýa we halkara hukugy üçin giňişlik döretmelidiris hem-de hyzmatdaşlygyň üsti bilen köpdürlüligimizden bitewülik gurmalydyrys.
Bu pikir aýratyn-da Türkmenistanda uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy gepleşikler üçin giňişlik döredip biler, gepleşikler bolsa öz gezeginde parahatçylyk we ösüş üçin mümkinçilikleri açyp biler.
Birleşen Milletler Guramasy hut şu ynamyň esasynda döredildi: döwletler öz aralaryndaky düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözüp we ösüş ugrunda bilelikde hereket edip bilerler.
Hakykatdan-da, parahatçylyk we ösüş biri-birini berkidýär.
Parahatçylyk bolmasa, ösüş ugrunda ýyllaryň dowamynda gazanylan üstünlikler birnäçe günüň içinde ýok edilip bilner. Ösüş bolmasa bolsa, parahatçylygyň berk binýady bolmaz we ol uzak dowam etmez. Şonuň üçin ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk parahatçylykdan aýry däldir. Ol durnukly parahatçylyk üçin zerur şertleri döretmegiň ýollarynyň biridir.
Bu ýerde, Türkmenistanda, ösüş ugrunda alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň maksady hem şundan ybaratdyr. BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky täze Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň üsti bilen biz umumy meseleleri çözmek üçin milli ýolbaşçylygy, BMG-niň bilermenlik mümkinçiliklerini, şeýle hem agza döwletleriň we hyzmatdaşlaryň bilimlerini, tehnologiýalaryny we serişdelerini birleşdirýäris. Bu meseleler ykdysady özgerişlerden we howanyň üýtgemegine durnuklylykdan başlap, sanlylaşdyrma we ynsan ösüşine çenli ugurlary öz içine alýar.
Biz muny ýeke özümiz amala aşyryp bilmeris. Biz ähli agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga bil baglaýarys. Mysal üçin, Hindistan Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň güýçli goldawçysy bolup, Global Günorta ýurtlarynyň tejribelerini, bilimlerini we çözgütlerini paýlaşmagyna mümkinçilik döredýär. Bu ruh gadymy hindi ýörelgesi bolan “Vasudhaiva Kutumbakam” — “Dünýä bir maşgaladyr” diýen düşünjede ajaýyp beýanyny tapýar.
Birleşen Milletler Guramasy üçin bu gadymy paýhas häzirki döwre örän laýyk ýaňlanýar: biziň öňümizde duran kynçylyklar serhetleri tanamaýar. Şonuň üçin barha artýan derejede çözgütlerimiz hem serhetlerden aşmalydyr.
Bu bolsa meni şu gün siziň bilen paýlaşmak isleýän soňky bir pikirime getirýär. Gandiniň ýüzlenmesi indi onuň göz öňüne-de getirip bilmedik dünýäsine, ýagny sanly eýýama ýetmelidir.
Emeli aň we sanly tehnologiýalar adamzada ägirt uly täze mümkinçilikleri berýär. Tehnologiýa ösüşi çaltlandyryp, bilimleri giňeldip we adamlary biri-birine baglap biler. Ýöne şol bir wagtyň özünde, ol nädogry maglumatlaryň, ýigrenjiň, deňsizligiň we bölünişigiň ýaýramagyny güýçlendirip, sanly giňişlikde hem-de hakyky durmuşda zorluga getirip biler. Gandiniň iň çuňňur pikirleriniň biri häzirki döwürde aýratyn döwrebap ýaňlanýar: maksatlaryň özi ýaly, olara ýetmegiň serişdeleri hem möhümdir.
Tehnologiýany nähili ösdürýändigimiz möhümdir. Algoritmleri nähili emele getirýändigimiz möhümdir. Olary nähili ulanýandygymyz möhümdir.
We iň esasy zat, olaryň ahyrky netijede ynsan mertebesiniň ilerlemegine hyzmat edip-etmeýändigi möhümdir.
Belki-de, şonuň üçin Gandiniň biziň asyrymyza ýüzlenmesi diňe zorluksyzlygy saýlamakdan hem has köp zady talap edýär. Baş sekretar Halkara zorluksyzlyk güni mynasybetli ýüzlenmesinde bizi şu «örän dartgynly döwürde» Gandiniň öz göreldesi bilen görkezen “gaýduwsyzlygyny, duýgudaşlygyny, mertebesini we umumy adamkärçiligimizi” ýüze çykarmaga çagyrýar.
Bu biziň hemmämize ýüzlenmedir: düşünişmezlikleri gepleşikleriň we diplomatiýanyň üsti bilen ýeňip geçmek, ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň üsti bilen jebir-jepalary azaltmak we tehnologik özgerişler döwründe zorluksyzlyk ýörelgesini işjeň hereketlere öwürmek.
Gandiniň doglan gününden ýüz elli ýedi ýyl geçenden soň, onuň öňe süren bu çagyryşy indi biziň öňümizde durýar.
Özara baglanyşykly dünýäde bilelikde kabul edýän çözgütlerimiz biziň hemmämiziň paýlaşýan geljegimizi kesgitlär.
Bu diňe Gandiniň mirasy däl. Bu biziň umumy jogapkärçiligimizdir.
Sag boluň.