UNICEF COVID-19 pandemiýasyndan ejir çeken çagalaryň barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin 1,6 milliard ABŞ dollary bölüp bermäge çagyrýar
12 maý 2020
- Maliýeleşdirmek boýunça täze haýyşnamada COVID-19-yň ýurtlara ýetirýän durmuş-ykdysady täsiri sebäpli, mart aýyndaky meňzeş haýyşnama garanda, 1 milliard dollar köp serişde bölüm bermek çagyryşy saklanýar
Nýu Ýork, 2020-nji ýylyň 12-nji maýy. UNICEF COVID-19 pandemiýasyndan ejir çeken çagalar baglylykda ýerine ýetirilýän ynsanperwer çärelere goldaw bermek üçin, 1,6 milliard ABŞ dollary bölüp bermäge çagyrýar, bu möçber hem UNICEF-iň mart aýynyň soňunda çykaran şuňa meňzeş haýyşnamada görkezilýän 651,6 million ABŞ dollaryndan köpdür. Şeýle ýokarlanma keselleriň weýran edýän durmuş-ykdysady netijelerini we maşgalalaryň barha artýan zerurlyklaryny şöhlelendirýär. Keseliň ýaýrap başlamagyndan bäş aýyň geçmegi bilen, materiallary satyn almak, eltip bermek we howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirmek üçin çykdajylar ep-esli ýokarlanýar.
UNICEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For: «Pandemiýa saglygy goraýyş pudagy üçin çökgünlik bolup, ol ýokary tizlik bilen çagalaryň hukuklary babatda çökgünlige öwrülýär» - diýip nygtady. – «Mekdepler ýapyk, ene-atalar işsiz galýarlar we maşgalalar barha artýan stresleri başdan geçirýärler. Dünýäniň COVID-den soň nähili boljakdygy barada täzeden pikirlenip başlamagymyz bilen, bu pul çökgünlige garşy durmaga, onuň netijelerinden gutulmaga we çagalary onuň zyýanly täsirlerinden goramaga kömek eder.»
Saglygy goraýyş we meýilnamalaýyn immunizasiýa ýaly esasy hyzmatlaryň elýeterliligi ýüzlerçe million çaga üçin eýýäm howp astynda goýuldy, bu bolsa çagalaryň ölüminiň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp bolup bilýär. Şol bir wagtyň özünde, hereket azatlygynyň çäklendirmeleriniň, mekdepleriň ýapylmagynyň we soňraky izolýasiýa çäklendirmeleriniň akyl saglygyna ýetirýän täsirleri we psihososial netijeleri, esasan hem, ejiz çagalar üçin eýýäm ýokary derejeli stresleri has hem ýokarlandyryp biler.
UNICEF-iň geçiren derňewine görä, dünýädäki 18 ýaşa çenli çagalaryň takmynan 77%-i ýa-da 1,8 milliard çaga COVID-19 zerarly hereketleriň çäklendirmeleriniň ol ýa-da beýleki görnüşiniň girizilen 132 sany ýurduň birinde ýaşaýarlar.
Çäklendirilen hereket azatlygy we durmuş-ykdysady mümkinçilikleriniň pese gaçmak şertlerinde ýaşaýan çagalar üçin zorluk, sütem we äsgermezlik boýunça töwekgelçilik faktorlary artýar. Gyzlara we zenanlara jyns we gender taýdan zorluk babatda has ýokary howp abanýar. Köp halatlarda, bosgun çagalar, immigrant çagalar we ýurduň çäginde göçürilen çagalar, şeýle hem watanyna gaýdyp gelen çagalar hyzmatlara we goraga çäklendirilen ygtyýarlyklara, şeýle hem ksenofobiýa we diskriminasiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň ösmegine duçar bolýarlar.
For: «Pandemiýanyň ösen saglyk ulgamlary bolan ýurtlar bilen näme edýändigini gördük we onuň saglyk ulgamy has gowşak we serişdeleri az bolan ýurtlar bilen näme edip biljekdiginden alada edýäris» – diýip nygtady.
Pandemiýa garşy alyp barýan çäreleriniň bir bölegi hökmünde, UNICEF dowam edýän ynsanperwer çökgünligi başdan geçirýän ýurtlarda öz ünsüni jemleýär we wirusyň ýokaşmagynyň öňüni almak, şeýle-de, esasan hem, saglygy goraýyş, iýmitlenmek, suw üpjünçiligi we arassaçylyk, bilim we gorag babatda çagalara, zenanlara hem-de ejiz toparlara ýetirilýän täsirleri azaltmak ugrunda işleýär.
UNICEF-e şu güne çenli pandemiýa bilen baglanyşykly göreş çärelerini durmuşa geçirmek üçin 215 million ABŞ dollary berildi. Goşmaça maliýeleşdirme UNICEF-e eýýäm ýetilen netijeleri, şol sanda aşakdaky netijeleri berkitmäge ýardam berer:
- 1,67 milliarddan gowrak adam ellerini ýuwanda, üsgüren we asgyran wagtynda arassaçylyk bilen baglanyşykly COVID-19 barada öňüni alyş habarlaryny aldy.
- 12 milliondan gowrak adam iňňän möhüm suw ätiýaçlary we arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün edilen.
- UNICEF 52 sany ýurtda pandemiýa garşy göreş bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreleri goldamak ugrunda, ol ýerlere 6,6 milliondan gowrak ellik, 1,3 million hirurgiki maska, 428 000 N95 respiratorlary, 291 000 halat, 13 000 äýnek, 63 500 gorag maskasyny, 200 kislorod konsentratory we COVID-19 üçin 34 500 anyklaýyş synagy üpjün etdi.
- 80 milliona golaý çaga uzakdan ýa-da öýden okuwy geçýärler.
- UNICEF-iň goldawy bilen işleýän desgalarda 10,9 milliondan gowrak çaga we zenana esasy lukmançylyk hyzmatlary üpjün edildi.
- 830 000-den gowrak çaga, ene-atalara we hossarlara ýerli jemgyýet derejesinde psihologiki we psihososial goldaw berilýär.
###
UNICEF-iň COVID-19 çagyryşy barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz: https://www.unicef.org/appeals/covid-2019.html
Multimedia materiallaryny göçürip almak üçin salgy: https://uni.cf/2Lh9u8a