Türkmenistanda çagalaryň kiçi ýaşdan kämilleşdirilmegini üpjün etmek hyzmatlary çagalar üçin iň gowy mümkinçilikleri açýar
Türkmenistanda ýaşaýan Aýmuhammet beýni maddasynyň ysmaz sindromyndan ejir çekýän 6 ýaşly oglan.
ÝUNISEF-iň Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň sebitleýin müdiri hanym Afşan Han Türkmenistanda Aşgabat şäherindäki çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkezine bolan soňky iş saparynda onuň bilen duşuşdy. Beýleki iki müň çaga ýaly, Aýmuhammet 2015-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-den ösüş bilen baglanyşykly kynçylyklary bolan çagalary kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary babatda goldaw alýar.
“Men Aýmuhammediň öz ösüşinde şeýle derejä ýetjegine umyt hem etmeýärdim” diýip, Aýmuhammediň ejesi Laçyn aýtdy. Ol: “Oglum 3 ýaşyna ýetende, biz çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkeze gatnap başladyk. Bu ýere gatnap başlanymyzda, Aýmuhammet köp zady edip bilmeýärdi – ol kellesini saklamaga, gürleşmäge we elinde ruçka saklamaga ukypsyzdy. Çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça hyzmatlarynyň goldaw bermeginde, Aýmuhammet ilkinji gezek aýratyn sözleri aýdyp başlady. Men onuň öz pikirlerini beýan edip biljegine, hatda mekdepde okap biljegine ynanyp hem bilmeýärdim” diýip Laçyn begenjini beýan etdi.
Indi Aýmuhammet goşgulary aýdyp bilýär we umumy bilim berýän mekdebiň başlangyç synpynyň okuwçysy bolup, hemmeler üçin açyk gurşawda okaýar. Käbir kynçylyklara garamazdan, Aýmuhammet okamagy gowy görýär, mugallymlar bolsa ony sapaklara höweslendirmekde ähli tagallalary edýär. Hanym Afşan Han Aýmuhammetden onuň mekdebe gatnamagy halaýandygy barada soranda, Aýmuhammediň ýüzi begençden doldy.
Aýmuhammet: “Men klasdaşlarymy görmäge we okamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, şatlyk bilen jogap berdi. Aýmuhammet irden sagat 5:30-da oýanýar we öz klasdaşlary bilen mekdebe barýandygyna begenýär. Mekdepden soň, ol çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkeze ýokary derejeli we aladaçyl hünärmenleriň ýanyna fiziki terapiýa gatnaýar.
“Aýmuhammediň bu derejä ýetmegi onuň ene-atasynyň goldawynyň hem-de söýgüsiniň netijesidir” diýip, çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkeziň ýolbaşçysy Sülgün Berdiýewa aýtdy. “Biziň hyzmatlarymyz ýurdumyzda ösüş babatynda kynçylyk çekýän ähli çagalar üçin elýeterdir. Çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkez 2015-nji ýylda açyldy we onuň hyzmatlary ähli welaýatlarda işjeňleşdirildi. Biz her bir çaganyň ösüş boýunça zerurlyklaryna esaslanyp, aýratyn meýilnamany işläp düzýäris. Çaganyň ösüşi ýüze çykyp başlanda ýa-da kemçilikler aradan aýrylanda, biz bilim bermek boýunça işdeşlerimiz bilen işläp başlaýarys; olar bu çagalaryň başlangyç mekdebe barmaga taýýarlygyny üpjün edýär” diýip, Sülgün Berdiýewa belledi.
Merkez üç ýylyň dowamynda işlese-de, ol eýýäm ene-atalaryň, çagalaryň ösüşi boýunça hünärmenleriň we çagalaryň bagtly geljegine ýardam berjek anyk netijelere ýetmek boýunça hökümet edaralarynyň wekilleriniň arasynda belli boldy. 2016-2020-nji ýyllar üçin Berkidiji pediatriýa we irki saglygy goraýyş boýunça milli konsepsiýanyň çägindäki amatly syýasy gurşaw hem ýurtda çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýär.
Çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkez çagalary ösdürmek boýunça geljekki hünärmenler üçin ylmy-barlag we okuw merkezi hökmünde hyzmat edýär we potensialy giňeltmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün edýär. ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde, merkez Ankara uniwersitetiniň Ösüş pediatriýasy bölümi bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça kämil potensial, şol sanda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek boýunça işgärler üçin okuwlar, mugallymlary taýýarlamak işleri, okuw üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegi we çagalaryň ösüşine gözegçilik etmek boýunça resminamalara esaslanan we sanly gollanmalaryň girizilmegi ýola goýuldy.
Iş saparynyň dowamynda, hanym Han Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkeziniň müdiri Alty Annaýew bilen bilelikde Türkmenistanda Çagalaryň ösüşine gözegçilik etmek boýunça sanly gollanmany girizdi. Bu gollanmanyň maksady çagalarda ösüş babatda yza galmalary ýüze çykarmakda netijeli gural bolup, onuň maksady ösüş babatda yza galmalary ýüze çykarmak prosesini tizleşdirmekden we dogluşdan 3,5 ýaşa çenli çagalar üçin teklip edilen maşgala goldawynyň talabalaýyk bolmagyny üpjün etmekden ybarat. Şeýlelik bilen, Çagalaryň ösüşine gözegçilik etmek boýunça gollanma 70%-e golaý ýagdaýda yza galmalary ýüze çykarmaga ýardam berer.
“Aýmuhammediň wakasy ýurduň ähli çagalaryna we maşgalalaryna umyt berer. Men çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça hyzmatlarynyň Türkmenistanyň tutuş çäginde giňeldip boljakdygyna we her çaganyň mekdebe gatnamagy we doly derejeli ýaşaýşy üçin ähli mümkinçiliginiň boljakdygyna ynanýaryn” diýip, hanym Afşan Han belledi.
Çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça 2018-2024-nji ýyllar üçin täze strategiýasynyň Türkmenistanda çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça hyzmatlarynyň üpjün edilmegini tizleşdirjekdigi barada ynam bilen aýmak mümkin.