Neşir
04 mart 2026
Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026-2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy
Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça topary Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş ugrunda 2026-2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly maksatnamasyny (hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny) höwes bilen hödürleýär. Hyzmatdaşlygyň bu Çarçuwaly maksatnamasy milli derejede maslahatlaşmalaryň netijesinde taýýarlanyldy. Ol durnukly ösüş ugry boýunça milli strategiýalaryň, ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) arasynda baglanyşygy üpjün edýär. Ol ösüş mümkinçiliklerine goldaw bermek we ösüş üçin ýurduň öňünde durýan esasy kynçylyklaryny ýeňip geçmäge ýardam bermek, şeýle-de adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça toparynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ösüş babatda beýleki hyzmatdaşlaryň arasyndaky işlerini ylalaşmak üçin çarçuwaly gurluşyny üpjün edýär. Bu resminama BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň Türkmenistanyň Hökümeti we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen bilelikde, ýurduň adam we tebigy baýlyklaryna, hökümetiniň ygrarlylygyna we islegine, şeýle hem ösüş mümkinçiligine esaslanyp, Türkmenistana DÖM-e ýetmekde ähli mümkinçiliklerini dolylygyna ulanmaga ýardam bermek ugrunda nähili iş alyp barjakdygyny beýan edýär.