Aşgabat, 2026-njy ýylyň 23-nji iýuly – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň wekilleri, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), ÝUNISEF-iň we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralarynyň tehniki bilermenleri Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) saglyk boýunça görkezijileri baradaky hasabatlarda ýüze çykýan tapawutlary we maglumat boşluklaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gibrid görnüşinde geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar. Bu duşuşyk BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldawy bilen gurnaldy we üçünji Meýletin milli syna taýýarlyk işleriniň çäginde geçirilýär.
Gözleg
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly – Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) käbir görkezijileri boýunça hasabatlylykda ýüze çykýan tapawutlary we boşluklary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň ýerine ýetirilişindäki ösüşi subutnamalara esaslanýan usulda yzarlamagy goldamakdan ybarat boldy.
Maslahatda suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we töwekgelçilikleri azaltmak ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş merkezinde 10–12 ýaş aralygyndaky 30 çaga howanyň üýtgemegi boýunça interaktiw okuw çäresine gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar DÖM maliýeleşdirilmegi utgaşdyrmak üçin toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş mehanizmlerini ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler
Her bir ýylgyryş, her bir oýun we her bir öwrenilen sapak ähli çagalar üçin has inklýuziw we ýagty geljegi gurmaga goşant goşdy.
Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy.
Gepleşik Zähmet we ilatyň durmuş taýdan goragy ministrligi bilen bilelikde geçirildi.