Press reliz

Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amala aşyrylyşyna seljerme häsiýetinde syn

24 noýabr 2020

BMG we Türkmenistanyň DÖM boýunça milli iş topary Türkmenistanda DÖM-ny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere syn etmek we ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri kesgitlemek we bu ugurda hyzmatdaşlygyň indiki ädimleri barada ylalaşmak üçin onlaýn ýygnak geçirdi.

Iş toparynyň agzalary DÖM -nyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni täsir edýän global mega tendensiýalar bilen tanyşdylar. Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň baş ykdysatçysy we baş hasabatçy Jenap Elliot Harris hasabatyň esasy netijelerini belläp geçdi - "Döwrümiziň tendensiýalaryny döretmek."

Şeýle hem ol “Türkmenistanyň global pandemiýasyna garşy göreşi, hökümetiň strategiki we operatiw ylalaşykly, berk we köp pudaklaýyn çemeleşmesi bilen häsiýetlendirilýär. Hökümet dolandyryşyna gönükdirilen bu köp pudaklaýyn çemeleşme, mega-tendensiýalara we strategiki dikelişe jogap hökmünde zerurdyr " - diýip aýtdy.

Syýasaty döretmek we ony durmuşa geçirmek üçin maglumatlary paýlaşmagyň ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Ygtybarly maglumatlaryň bolmagy, hiç kimi yzda goýmaz ýaly zerur bolan çäreleri görmek üçin global pandemiýanyň döwlete, şol sanda hem onuň makroykdysady ýagdaýyna we ilatyň dürli gatlaklaryna ýetiren täsirleri barada, şeýle hem bar bolan gowşaklyklaryň sebäplerini öwrenmäge möhüm başlangyç bolup durýar, " - diýip Türkmenistanda BMG -niň hemişelik utgaşdyryjysy Hanym Ýelena Panowa duşuşykda belläp geçdi.

Global pandemiýadan soňky dikeldişde we DÖM gazanmakda möhüm orny tutýan DÖM maliýeleşdirmek boýunça meselesi hem bellenilip geçildi.

Türkmenistanda DÖM durmuşa geçirmegiň esasy utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi milli derejede kabul edilen DÖM gazanmakda ýetilen üstünlikler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrlik, milli hasabat üçin DÖM boýunça maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin ministrliklerden DÖM boýunça utgaşdyryjy merkezlerini döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Mundan başgada, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we başga-da birnäçe ministrligiň tagallalary bilen Türkmenistanyň dünýä maglumat binýatlar ulgamyna berýän hasabatynyň kämilleşenligi barada hem bellenilip geçildi. Bu bolsa dürli global görkezijiler boýunça DÖM ýetmekde Türkmenistanyň ösüşine obýektiw baha bermek üçin örän möhümdir.

Milli DÖM-nyň maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we işe girizmek boýunça bilelikdäki alnyp barylýan işleriň tizlendirilmegi, dünýä maglumat binýatlar ulgamyna hasabat bermegiň kämilleşmegi üçin zerur şertleriniň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gatnaşyjylar Türkmenistanda DÖM ýetmekde gazanylan üstünlikleri ölçemek üçin gymmatly çeşme hökmünde hyzmat edýän 2019-njy ýylyň köp görkezijili klaster gözleg işiniň netijeleri bilen tanyşdylar. Ol diňe bir Çaganyň hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasyna (2018-2022) gözegçilik etmek üçin däl, eýsem DÖM we gowşaklyklary ýüze çykarmak boýunça beýleki meýilnamalaşdyryş çarçuwalar üçin we degişli syýasy çäreleri görmek üçin esasy gural bolup durýandyr.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz