Press reliz

COVID-19 pandemiýanyň Durmuş-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki iş toparynyň öňegidişligine seljerme häsiýetinde syn

25 noýabr 2020

BMG we Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanda COVID-19 pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirini peseltmek boýunça bilelikdäki iş topary bilen COVID-19 pandemiýasynyň Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem onuň wagtynda we ýokary derejede durmuşa geçirilmegi üçin statistiki maglumatlaryň elýeterliligi barada pikir alyşmak maksady bilen dördünji ýygnagyny geçirdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Merkezi bank, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaly milli ministrlikler, BMG-niň agentlikleri, şeýle hem halkara maliýe guramalary tarapyndan wekilçilik eden bilelikdäki iş toparynyň agzalary, Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasynyň 2020-nji ýylyň iýul aýynda kabul edileli bäri durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstünlikler barada täzelikleri bilen paýlaşdylar.

“Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasy pandemiýanyň Türkmenistandaky durmuş-ykdysady ýagdaýa ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin möhüm gysga möhletli çäreleri hödürleýär we onuň durmuşa geçirilmegi pandemiýadan soňky döwürde has gowulaşmak üçin berk binýat döretmegine we DÖM ýetmäge depgini batlandyrmagyna ynanylýar." - diýip Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Hanym Ýelena Panowa belläp geçdi.

BMGÖM Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmekde BMG tarapyndan tehniki ýolbaşçy hökmünde, meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin BMG-niň teklip eden, global durmuş-ykdysady jogap beriş gözegçilik görkezijilerinden ybarat bolup, işlenip düzülen gözegçilik tablisasyny hödürledi. Bölünmedik maglumatlaryň elýeterliligi, gatnaşyjylar tarapyndan berk gözegçilik etmek we durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegini tizlendirmek üçin möhüm ähmiýete eýedigi hem aýdyldy. BMGÖM muňa laýyklykda, durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat bermek boýunça hünärmen derejesinde webinar guramagy teklip etdi.

BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleri we Halkara Maliýe Guramalarynyň wekilleri, Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasy we BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda 2021-2025-nji ýyllar aralygyndaky täze hyzmatdaşlyk çarçuwasy boýunça global pandemiýanyň ýetiren täsirinden soň durnukly dikelişe goldaw bermek, şeýle hem DÖM durmuşa geçirmek ugrunda Türkmenistana berýän goldawlaryny dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyklaryny gaýtaladylar.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar bilelikdäki iş toparynyň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge, şeýle hem meýilnamanyň wagtynda we doly durmuşa geçirilmegi barada BMG agentlikleri, Halkara maliýe guramalary we degişli ministrlikler bilen wagtal-wagtal maslahatlaşmagy ylalaşdylar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz