Press reliz

Halkara Migrasiýa Guramasy saglygy goraýyş işgärleri we jemgyýetçilik guramalary üçin "Adam söwdasynyň pidalaryna we ejiz migrantlara psihososial goldawyny bermek" atly onlaýn okuwyny geçirdi

24 noýabr 2020

Milli okuwyň maksady saglyk işgärleriniň, degişli ministrlikleriň şeýle hem migrasiýa, adam söwdasy we saglyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça işleýän edaralaryň hem işgärleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak boldy.

Halkara Migrasiýa Guramasy bu okuwa sebit boýunça hünärmenlerini çagyrdy: Nazim Agazade - Lukman ylymlarynyň doktory - Azerbaýjan; Ruhşona Kurbanowa - Migrantlaryň saglygy boýunça maksatnamanyň utgaşdyryjysy - HMG, Täjigistan; Olga Milinçuk - Reabilitasiýa merkeziniň lukmany - Migrantlara ýardam bermek bölümi, Ukrainada HMG; Nina Kerimi - Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanda HMG-niň geňeşçisi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar migrantlaryň durmuş taýdan hyzmatlara, esasanam lukmançylyk we psihologiki taýdan goldawa elýeterliligini ara alyp maslahatlaşdylar; migrasiýa boýunça meseleleri çözmegiň ugurlaryny kesgitlediler; migrasiýa hereketi we migrantlaryň ýüzbe-ýüz bolýan saglyk töwekgelçiligi barada tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar; sosial hyzmatdaşlaryň orny we jogapkärçiligini seljerdiler; migrantlaryň halkara ülňilerine laýyklykda saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hukugy barada pikir alyşdylar.

 

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşyň:

Diana Çaryýewa, Maksatnamanyň kömekçisi

dchariyeva@iom.int

Telefon: +99312488407

Web: www.iom.int,

http://www.iomtkm.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz