Press reliz

Adam hukuklary ugrunda maslahatlara gözegçilik etmek üçin milli maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça halkara tejribäni öwrenmege gönükdirilen okuw

14 dekabr 2020

  • Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti adam hukuklary ugrunda maslahatlara gözegçilik etmek üçin milli maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça halkara tejribäni öwrenmek üçin okuw geçirdi.

Bu çäre, BMG we Pudagara komissiýanyň arasynda adam hukuklary ugrunda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki Hereket meýilnamasynyň bir bölegidir.

"Adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak 2021-2025-nji ýyllar üçin täze Hyzmatdaşlyk çarçuwasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup ýurtda pandemiýanyň täsirlerini azaltmak üçin Türkmenistanda Sosial-ykdysady jogap beriş meýilnamasynda öz beýanyny tapdy" - diýip Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Hanym Ýelena Panowa belläp geçdi.

Pudagara komissiýanyň agzalary, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň, BMG agentlikleriniň wekilleri Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň (OHCHR) Adam Hukuklary boýunça Geňeşçileri tarapyndan hödürlenen adam hukuklary ugrunda hasabaty döretmek boýunça milli mehanizmlere we gözegçilik etmek üçin milli maglumat binýatlar ulgamynyň esasy wezipesini gözden geçirdiler. Şeýle hem olar maglumat binýatlar ulgamyny döretmek üçin halkara tejribäni özleşdirdiler we onuň netijeliligini öwrendiler.

Onlaýn maglumat binýatlar ulgamynyň ösdürilmegi gözegçilik etmek we hasabat bermek prosesiniň sanlaşdyrylmagyna goşant goşar, şeýle hem adam hukuklary ugrunda Jyns deňligi boýunça Hereket meýilnamasy, Çaganyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereket meýilnamasy ýaly meýilnamalaryň we  Sanly ykdysadyýet düşünjesiniň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek üçin goşant goşar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz