Press reliz

BMG we Hökümet 2020-nji ýylda COVID-iň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň jemini jemleýär

31 mart 2021

  • BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanda COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsiri baradaky bilelikdäki iş topary (BIT) Türkmenistanda pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň 2020-nji ýylda durmuşa geçirilişde gazanylan üstünlikleriň jemini jemlemek boýunça hünärmenleriň bäşinji ýygnagyny geçirdi.

Ondan başga-da, hünärmenler 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we meýilnama teklip edilýän üýtgeşmeler barada hem ylalaşdy.

Türkmenistanyň Hökümetinden we BMG-den meýilnamanyň bäş sütüniniň başlyklary Türkmenistanda pandemiýa garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde 2020-nji ýylda gazanylan esasy netijeleri bilelikde hödürlediler, şeýle hem onuň işine üýtgeşmeleri we düzedişleri teklip etdiler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Merkezi banky, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Bilim ministrligi we beýleki milli ministrlikler tarapyndan wekilçilik edilýän BIT-yň agzalary, şeýle hem BMG-niň gulluklarynyň agzalary dowam edýän ýa-da 2021-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän ileri tutulýan çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşyjylar gözegçilik jedweli üçin maglumatlary ýygnamakda gazanylan üstünlikleri we BMG-niň Baş sekretarynyň dessin durmuş-ykdysady çäreleriň çarçuwasynyň ýerine ýetirilişi boýunça dünýä derejesinde kesgitlenen görkezijilere giriziljek görkezijilerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ondan başga-da, bu Türkmenistanyň dünýä platformasyndaky üstünliklerini görkezer.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar 2020-nji ýylda meýilnamanyň ýerine ýetirilişini resminamalaşdyrmak babatda indiki ädimler we teklip edilýän üýtgeşmeler barada ylalaşdylar. Ondan başga-da, BIT-yň çäginde çärýekleýin ýygnaklary dowam etdirmek we 2021-nji ýylyň ahyrynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri barada giňişleýin hasabat bermek barada ylalaşyldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz