Mähriniň we Şiriniň Türkmenistanda MAT (Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary) ulgamynda köne yzag
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bu iki gyzyň MAT ulgamynda gazanan üstünlikleri hakyndaky maglumatlary siziň bilen paýlaşmagy makul bildi.
XXI asyrda entek hem gyzlara öz mümkinçiliklerini doly ösdürmäge we professional maksatlaryny dowam etmäge päsgelçilik berýän gender bilen baglanşykly köne yzagalak düşünjeleriň dowam edýänliginiň şaýady bolýarys. Bu köne düşünje hususan-da MAT ýaly erkek adamlar bilen baglanşykly hünärlerde has-da mese-mälim görünýär.
Türkmenistanda hem MAT erkek adamlar üçin niýetlenen ugur diýip hasap edilýär, emma bu düşünjäniň nädogrydygyny görkezýän gyzlaryň täze bir nesli kemala gelýär. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bu iki gyzyň MAT ulgamynda gazanan üstünlikleriniň olary tapawutlanmaga we öz jemgyýetlerinde görelde bolmaga iterenligini beýan etmegi makul bildi.
Mähri uniwersitetde sanly tehnologiýalar boýunça okatmak arkaly aýal-gyzlara bilim berýän we olary ruhlandyrýan maglumat (MT) tehnologiýalary boýunça ýaş hünärmen. Ol bilim almakda we geljekki tehnologiýa liderleri bolmakda öz sapaklaryndaky ähli gyzlara görelde bolup durýar. Mähri çagalykdan öz durmuşynyň kompýuterler bilen baglanşykly boljakdygyny hemişe aňýardy: ol elmydama ata-enesiniň elektron enjamlaryny oýnamak bilen gyzyklanypdy we sanly enjamlaryň aýratynlyklaryny öwrenýärdi. Mekdep ýyllarynda hem her hepde Mähri maglumat tehnologiýalary derslerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy we hut şol ýerden hem ol kompýuter ylymlaryna tarap syýahatynyň başlangyç ädimlerini ädipdi. Orta mekdebi tamamlandan soň Mähri bakalawr derejesini almak üçin Aşgabatda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine syngalary üstünlikli tabşyrdy.
“Uniwersitetde ugur saýlamaly bolanda hiç hili ikirjiňlenmän men “Kompýuterler üçin Programmirleme” bölümini saýladym” diýip, Mähri aýdýar.
Ýokary okuw jaýynda okan ýyllarynda ýokary ýetişikli talyp bolmak bilen çäklenmän, Mähri eýsem uniwersitetiň durmuşyndaky okuwdan daşardaky çärelere hem işjeň gatnaşdy. Mysal üçin, robototehnika boýunça 2017-nji ýylda Hytaýyň Pekin şäherinde geçen “RoboRave International” atly halkara ylmy bäsleşikde ol Türkmenistanyň toparyna ýolbaşçylyk etdi we ol ýerde Mähriniň hödürlän taslamasy “Iň innowasion – täzeçil pikir” diýen baýraga eýe boldy.
“Robotymyzyň esasy maksady ykjam telefonyň ýüzüni bakteriýalardan arassalamak üçin serişdäni döretmekden ybaratdy. Şeýle ýokary derejedäki bäsleşikde ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik etmek meni diýseň guwandyrdy we bu meniň üçin uly hormatdy. Indi geçenlere göz aýlap, COVID-19 babatda taslamamyzyň ähmiýetine gowy düşünýärin, sebäbi ulanýan ykjam telefonlarymyz ýokançlaryň mikroblar görnüşinde ýokaşmagyna sebäp bolýarlar” diýip, ol aýdýar.
Muňa garamazdan, Mähriniň MT pudagynda gazanan üstünlikleri munuň bilen tamamlanmaýar. Gyzlaryň ylymda, tehnikada, inženerçilikde we matematikada (STEM) mümkinçiliklerini artdyrmak we gyzlar üçin adaty bolmadyk giňişlikde ilkinji bolup görelde görkezmekden çekinmän, gender boşlugyny doldurmak arkaly, ol ýaş nesli tehnologiýalar giňişliginde bäsleşmäge ruhlandyrýar. Mähri birnäçe ýaryşlarda ýeke täk zenan programmisti hökmünde birinji orunlary almagy başardy. Ol ýaryşlaryň arasynda “Ýaş alymlaryň innowasiýalar bäsleşigi” we “Sanly çözgüt – 2020” atly innowasion taslamalar bäsleşi. Ol ýaryşlarda iuhd.edu.tm onlaýn uniwersitet resminama platformasyny hödürli. Mähri şeýle hem turkmentv.gov.tm; tmintern.link; okuwcy.com.tm; neos.global.uk ýaly we beýleki birnäçe uly taslamalaryň awtorydyr.
Häzirki wagtda, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy we “TPS” mahabat agentligindäki ýeke-täk zenan programmistidir.
“Beýleki talyplar bilen öz tejribämi paýlaşyp, erkekler we aýallar üçin diýip niýetlenen kärler hakyndaky köne düşünjeleriň dowam edýänligine garamazdan, gyzlary hiç haçan ýan bermezlige ruhlandyryp bilýänligime men örän şat. Geliň, arzuwlarymyzy amala aşyrmakda we MT pudagynda uly netijeleri gazanmakda bir-birimizi goldalyň!” diýip Türkmenistanyň ýaş inžener-programmisti Mähri Ilmedowa aýdýar.
“Ýadyma düşýär, çagakam täze tehnologiýalar bilen aýakdaş gitmek üçin kakam hemişe “Pentium” kompýuterleriniň iň täze çykan görnüşlerini satyn alardy. 2000-nji ýylyň başlarynda men “Warcraft 3” atly kompýuter oýnuny oýnardym, ICQ boýunça daşary ýurtly adamlar bilen gürleşerdim we “Paint” programmasynda surat çekmegi öwrenerdim” diýip, Aşgabatly ýaş kompýuter suratkeşi we tehniki bezegçi Şirin Begmyradowa aýdýar.
Şiriniň maşgalasynda sport, saz we çeperçilik sungaty ýaly ugurlary öwrenmäni ene-ata hemişe ýokary derejede höweslendirýärdi we goldaw berýärdi. Şonuň üçin, maşgalasy onuň bilim almagyna we daşary ýurtda okamagyna goldaw bermekde uly wezipäni eýeläpdi.
“Ejem orta mekdepden soň ýokary bilim almagy we medeniýetimizdäki köne yzagalak gender düşünjelere garamazdan öz hünärimiň üstünde işlemegimi ileri tutmaga hemişe ruhlandyrardy,” diýip ol aýdýar.
Ene-atasynyň doly goldamagy bilen Şirin halkara biznes menejmenti boýunça öz iş ýoluny ilki öňdebaryjy maliýe merkezleriniň birinde we tehnologiýalar, innowasiýa we ösüş üçin global merkezde – Londonda başlapdy. Ist Angliýa uniwersitetiniň talyplar şäherçesiniň Şorditç etrabyna (Londandaky sungat merkezine) ýakynlygy üçin ol diňe bir biznesi, ykdysadyýeti we marketingi öwrenmän, eýsem sungata we dizaýna hem aşyk boldy. Ol özüne güýmenje hökmünde “Adobe Illustrator” programmasyny öwrenip başlady we käbir nusga-fason suratlaryny çekýärdi. Uniwersitetde okan döwründe türkmenistanly bu geljekki suratkeş çeperçilik sungaty boýunça gözýetimini giňeltmek üçin Londandaky muzeýleri, sergi merkezlerini we binagärçiligi öwrenýärdi.
Şiriniň ýokary okuw jaýynda okan wagtyndaky wajyp döwürleriniň biri hem sosiologiýa boýunça geçen kursy bolupdy. Ol şol kurs arkaly genderiň dürli ugurlary boýunça köp düşünje aldy.
“Ist Angliýa uniwersitetiniň sosiologiýa boýunça kurslary maňa genderi şahsy we ylmy taýdan onuň dürli ýüze çykmalary bilen öwrenmäge mümkinçilik berdi. Bu maňa erkekler we aýallar üçin hiç hili aýratyn ugurlaryň we hünärleriň ýokdugyna we islendik adamyň gender bilen bagly köne yzagalak düşünjeleri ýok etmekde üýtgeşmelere ýardam beriji bolup biljekdigine düşünmäge kömek etdi,” diýip Şirin belleýär.
Bakalawr derejesini alandan soň Şirin Türkmenistanyň bazarynda Beýik Britaniýanyň meşhur françaýzingi bolan “Mothercare” brendini açmak we ösdürmek arkaly öz maşgalasy bilen işlemäge başlady.
4 ýyldan soň oňa Kanadanyň Wankuwer şäherindäki Britiş Kolumbiýa tehnologiýa institutynda grafiki dizaýn kursuny tamamlap öz dizaýnerçilik bilimini ösdürmäge gaýdyp gelmäge we hünärini üýtgetmäge mümkinçilik döredi.
Dizaýn we MAT boýunça uzak syýahatdan Türkmenistana dolanyp gelenden soň Şirin türkmen äheňini ulanmak arkaly sanly suratlary döretmäge başlady, sosial mediýadaky we Instagram sahypasyndaky onuň muşdaklary şol sanly suratlary gyzgyn garşy aldy.
Sanly sungat bazarynda Şirin ýa-da “şirinanay” ady bilen belli bolan bu gyz öz müşderileriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar we onuň müşderileri ýerli onlaýn söwda marketlerinden, kafelerden ybaratdyr. Ýaňy-ýakynda ol Art Plov CA, halkara dersara sungat taslamasyna gatnaşdy we ol ýerde orta aziýaly beýleki gatnaşyjylar bilen birlikde öz suratlary bilen täze bir neşiri döretdiler. Ol şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçen “Zenanlar dürli wezipelerde” atly köpçülik çäresine gatnaşdy we suratlar bazary hakynda käbir garaýyşlaryny paýlaşdy hem beýlekileri saýlap alan ugurlarynda uly netijeleri gazanmaga ruhlandyrdy. Ol grafik dizaýneri we bezegçi hökmünde BMG-niň Ilat gaznasy bilen hem hyzmatdaşlyk etdi hem-de dürli taslamalar üçin suratlary döretmäge ýardam berdi.
MAT we sungatda gazanan üstünlikleri hakynda gürrüň bermek bilen, Şirin özüniň ata-enesiniň we ýan ýoldaşynyň goldawynyň wajyplygyny buýsanç bilen belläp geçýär.
“Durmuşyňyzda wajyp üýtgeşmeleri etmek isleseňiz we ýan ýoldaşyňyz siziň tarapyňyzda bolmasa, iň gowy ýagdaýda-da, bu işiň size agyr düşjekdigine, ýogsamam, onuň gamgyn tamamlanjakdygyny size aýdyp biljek. Suratlar we bezeg biznesine aralaşmagyma, öňe gitmäge we jemgyýetimizde üýtgeşiklikleri amala aşyrmaga iteren ene-atama we ýan ýoldaşyma beren goldawlary üçin men örän minnetdar. Men ähli gyzlary ömürlik ýan ýoldaş saýlamakda howlukmazlyga we halaýan hünäriňizi tapmak üçin dürli kärleri synap görmekden we öwrenmekden çekinmezlige ruhlandyrýaryn” diýip, türkmen kompýuter suratkeşi Şirin aýdýar.