Press reliz

BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi Merkezi Aziýa ýurtlaryna gaçybatalga gözleýänlere, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara COVID sanjymlaryny almaga mümkinçilik döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirýär

14 maý 2021

  • BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi  Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetlerine COVID-19 sanjym meýilnamalaryna raýatlar bilen deň derejede gaçybatalga gözleýänleri, bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary hem goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýär.

BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi  Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ähli ýerli häkimiýetlerine gaçybatalga gözleýänlere, bosgunlara ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlara mugt meýletin sanjymlary almaga mümkinçilik döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirýär we beýlekileri hem bu göreldä eýermäge çagyrýar.

“Biz Merkezi Aziýanyň hökümetleriň we döwlet edaralarynyň öz territoriýalarynda ýaşaýan ähli adamlara sanjymlary üpjün etmek ugrundaky tagallalarynda görkezen ygrarlylygyna we öňdengörüjiligine ýokary baha berýäris. Diňe her bir adam goralan ýagdaýynda, biziň hemmämiz howpsuz ýagdaýda bolarys "-diýip, BMG-niň  Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Hans Fridrih Şodder aýdýar.

BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi hiç kimi yzda galdyrmazdan hemmeleri, şol sanda bosgunlary, gaçybatalga gözleýänleri we raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga ýardam edip biljek sanjym meýilnamalarynyň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine goldaw bermegini dowam etdirýär.

Sanjymlaryň adalatly paýlanylmagy hem-de Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine laýyklykda sanjymlaryň has mätäç ýagdaýdaky adamlara ýetmegini üpjün etmek boýunça global tagallalary goldamak maksady bilen  BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça agentligi hökümetler, döwlet edaralary, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylary, BMG-niň kowumdaş agentlikleri we Merkezi Aziýadaky beýleki hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda işleýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz